Mary welaýatynda zir-zibil çelekleriniň wagtynda arassalanmazlygy ýiti problema bolmagynda galýar. Sebitiň käbir obalaryndaky zibil çelekleri hepdede bir gezek hem arassalanmaýar. Bu arassaçylyk meseleleri bilen birlikde, ýaşaýjylaryň kadaly durmuşyna ýaramaz täsir edýär.
"Zibil çelekleri arassalanmaýandygy sebäpli olaryň daş-töwereginde hem hapalar üýşüp, depe bolup dur. Bu ýerlerde siňek we mör-möjekleriň dürli görnüşleri bar. Hapalaryň ýakymsyz ysy zerarly çelekleriň golaýyndan geçer ýaly däl. Zibil çelekleri hepdede bir gezek arassalansa-da, bular ýaly ýagdaý bolmazdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.
Şeýle ýagdaýlary Mary etrabynyň "Medeniýet", "Çarlak" geňeşliklerinde , Sakarçäge etrabynyň "Girman bagşy", "Çaşgyn", "Birleşik" geňeşliklerinde we Düýeli obasynda, Baýramaly etrabynyň "Mekan", "Türkmenistan" geňeşliklerinde synlasa bolýar.
"Zibil çelekleri arassalanmaýandygy zerarly oba ýaşaýjylary hapalaryny çem gelen ýere zyňmaga mejbur bolýarlar. Şu sebäpli obalarda hapa dökülen ýerler hem köpelýär" diýip, habarçy aýtdy.
Hapa dökülen ýerlere we zibil çeleklerine öýsüz-öwzarsyz itler we pişikler hem üýşýär. Şeýle-de, olaryň golaýynda alakalaryň köp hinini görse bolýar.
"Mal bakmana gidýän çagalar bu ýerlerden geçmäne gorkýarlar. Sebäbi bu ýerlerde dürli haýwanlar üýşüp, jaý tutunyp, köpelýärler. Eger-de bu zatlara çäre görülmese, basym köp oba ýerinde arassa howa derek zir-zibilleriň ýakymsyz ysyndan dem almaly bolarys" diýip, maryly oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Şol bir wagtda, habarçymyz şäher ýerleriniň merkezi köçelerinde, hususan-da Mary we Baýramaly şäherlerinde zibil çelekleriniň günde bir gezek arassalanýandygyny aýdýar.
"Şäheriň çetdäki, göze ilmeýän etrapçalaryndaky zibil çelekleri iki-üç günden bir gezek arassalanýar" diýip, ol sözüne goşdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden we sebitde arassaçylygy üpjün edýän Jemagat hojalygy müdirliginden kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde, hususan-da Maryda zibilleriň wagtynda arassalanmaýandygy, şeýle-de çelekleriň ýetmezçilik edýändigi we munuň ýaşaýjylara döredýän oňaýsyzlyklary barada Azatlyk soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat taýýarlady.
Geçen ýylyň oktýabrynda Mary şäheriniň Jemagat hojalygy müdirliginiň bir işgäri çelekleriň wagtynda arassalanmazlygynyň sebäplerini işgärleriň ýiti ýetmezçiligi bilen düşündiripdi.
Türkmen häkimiýetleriniň geçirýän hökümet maslahatlarynda ýurduň arassaçylyk we abadançylyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamak meselesi ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şeýle-de, bularda ilat arasynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda habarlylygyň ösdürilýändigine hem üns çekilýär. Türkmen hökümeti köplenç bu aýdanlaryny ýylda iki gezek geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresi bilen delillendirýär.
Ýöne ýurt häkimiýetleri we media serişdeleri zibil çelekleriniň wagtynda arassalanmazlygy bilen bagly ýyllarboýy dowam edip gelýän ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum