Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýal-gyzlar sürüjilik mekdeplerine kabul edilmekde ýaş çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar


Türkmenistanyň hökümeti hususan-da soňky ýyllarda aýal-gyzlaryň hukuklaryny barha köp çäklendirmekde tankyt edilýär. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Türkmenistanyň hökümeti hususan-da soňky ýyllarda aýal-gyzlaryň hukuklaryny barha köp çäklendirmekde tankyt edilýär. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde sürüjileri taýýarlaýan awtoulag dolandyryş okuw mekdepleri aýal-gyzlary okuwa kabul etmek boýunça täze çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Sürüjilik mekdepleri öňümizdäki okuw tapgyrynda ýaş zenanlary okuwa kabul etmezlik boýunça özlerine transport we içeri işler edaralaryndan tabşyrygyň gelip gowşandygyny aýdýarlar.

Täze görkezmelere laýyklykda, sürüjilik şahadatnamasyny almaga hukugy bolan aýal-gyzlaryň ýaş çäklendirmesi 41 ýaş hökmünde kesgitlenipdir diýip, bir awtomobil okuw mekdebiniň resmisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, şu ýylyň başynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Içeri işler ministrliginiň ygtyýarly edaralarynyň 40 ýaşyny doldurmadyk aýal-gyzlara sürüjilik şahadatnamasyny bermekden ýüz öwürýändiklerini habar berdiler.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz sebitdäki sürüjilik mekdeplerinde ozallar diňe 35 ýaşyny dolduran aýal-gyzlaryň okuwa kabul edilmegine rugsat berlendigini, ýöne noýabrda güýje girmegine garaşylýan täze tabşyryklaryň aýal-gyzlaryň sürüjilik hukuklaryny has-da ýaramazlaşdyrýandygyny habar berýär.

Sebit merkezindäki bir awtomobil okuw mekdebiniň resmisi güýzki okuw möwsüminde, sentýabryň başynda “ýekeje-de aýal-gyzyň okuwa kabul edilmändigini” aýdýar.

Türkmenistanda sürüjilik mekdepleri ýylyň dowamynda dört tapgyrda okuw-türgenleşik kurslaryny guramalaşdyrýar.

Aýal-gyzlaryň ulag serişdelerini dolandyrmak hukuklaryna girizilýän nobatdaky çäklendirmeler awtoulag sürmäge isleg bildirýän zenanlarda garşylyk döredýär.

“Aýal-gyzlar täze karardan gaty närazy” diýip, bir zenan maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Orta ýaşly beýleki bir zenan maşgala ýurtda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň, şol sanda ulag serişdelerini dolandyrmak hukuklarynyň basgylanmagyna garşylyk beýan etdi.

“Bu ýurtda zenan bolup dogulmak gaty kyn, gender deňligi asla ýok” diýip, orta ýaşly zenan aýtdy.

Käbir türkmen zenanlary özleriniň Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly daşary ýurt döwletlerinde sürüjilik şahadatnamalaryny almagyň ugurlary bilen gyzyklanýandyklaryny aýdýarlar.

Ýurduň çäginde Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň talaplaryna laýyk gelýän milli we halkara sürüjilik şahadatnamalary hereket edýär.

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň ulag serişdelerini dolandyrmak hukuklary köplenç dilden görkezme esasynda, kähalatlarda emeli döredilýän býurokratik kynçylyklar esasynda häkimiýetler tarapyndan yzygiderli çäklendirilip gelinýär.

Mundan ozal, geçen ýylyň dekabrynda sürüjilik şahadatnamasyna ýüz tutulanda aýal-gyzlardan talap edilýän resminamalaryň sany artdyryldy. Durmuşa çykan we edara-kärhanalarda işleýän aýal-gyzlardan Nika şahadatnamasy we işleýän ýerlerinden Häsiýetnama talap edilip başlandy.

Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlara gender tapawudyna garamazdan 18 ýaşda ulag dolandyrmaga rugsat berýär.

Şeýle-de, ýurtda ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny tabşyrmagyň hem-de sürüjilik şahadatnamasyny bermegiň tertibi türkmen hökümeti tarapyndan bellenilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýol howpsuzlygy hakynda kabul edilen kanunda 18 ýaşyny dolduran ähli raýatlara ulag dolandyrmaga hukuk berilýändigine garamazdan, sürüjilik şahadatnamasyny bermegiň tertibine üýtgetmeleri girizip bilýär.

Türkmenistanyň hökümeti hususan-da soňky ýyllarda aýal-gyzlaryň hukuklaryny barha köp çäklendirmekde tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG