Sepleriň elýeterliligi

 
AÝ/AR-nyň žurnalisti Andreý Kuzneçik, köp çaganyň ejesi Ýelena Möwşuk we ABŞ raýaty belarus türmesinden boşadyldy
Soňky habar

AÝ/AR-nyň žurnalisti Andreý Kuzneçik, köp çaganyň ejesi Ýelena Möwşuk we ABŞ raýaty belarus türmesinden boşadyldy


Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň žurnalisti Andreý Kuzneçik Wilniusda maşgalasyna gowuşdy
Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň žurnalisti Andreý Kuzneçik Wilniusda maşgalasyna gowuşdy

AÝ/AR-nyň Belarus gullugynyň žurnalisti Andreý Kuzneçik, köp çaganyň ejesi Ýelena Mowşuk we ady aýdylmadyk ABŞ raýaty Belarusdaky jeza öýlerinden boşadyldy.

"Bu Andreý, onuň aýaly we iki çagasy üçin şatlykly gün. Üç ýyldan gowrak wagta çeken aýralykdan soň, bu maşgala prezident Trampyň arkasyndan ýene bir ýerde. Biz döwlet sekretary Rubio we onuň toparyna, şeýle-de Litwa hökümetine bu işde beren goldawlary üçin minnetdar" diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus Kuzneçigiň boşadylmagy baradaky habar barada gürrüň edende aýtdy.

"Biz öz žurnalistimiz Igor Losigiň hem tussaglykdan boşadylmagyna umyt baglaýarys" diýip, Kapus korporasiýanyň Donald Trampyň administrasiýasynyň bu ugurda görjek çärelerine bil baglaýandygyny aýtdy.

Kuzneçik "Azatlyk" radiosynyň Belarus gullugynyň telegram kanalyny dolandyrýardy. Ol 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda tussag edildi.

XS
SM
MD
LG