Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň öňünde ösüp oturan agaçlary çapmak indi gadagan edilýär. Mundan ozalky ýyllaryň tejribeleriniň tersine edilýän bu talabyň sebäpleri belli däl, emma dilden edilen bu buýruk hem oý dolandyryş edaralaryna, hem-de ýaşaýjylara degişli. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy soňky ýagdaýlar barada maglumat berýär.
"Häzirki wagtda hökümet tarapyndan berlen görkezmä görä, ýaşaýyş jaý ulanyş bölüminiň ýolbaşçylaryna howlularda ösüp duran baglary kesmek gadagan edilýär. Şeýle-de, bu düzgüni bozan ýaşaýjylara-da administratiw temmi beriljegi duýdurylýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 29-njy maýda habar berdi.
Habarçymyzyň bu talap bilen bagly görkezmeden habarly çeşmelere salgylanyp, beren maglumatyna görä, bag çapmak işine baş goşanlary gözlemek boýunça çäreler amala aşyrylýar we derňew geçirilip, prokuratura tabşyrylan işler hem bolupdyr.
Soňky onýyllykda şäheriň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň töweregindäki kölegeli agaçlaryň tas ählisini çapyp ýok eden häkimiýetleriň indi agaçlary çapmazlyk karary we onuň sebäpleri barada resmilerden düşündiriş bolmady.
Aşgabadyň ýaşaýjylary bolsa, agaçlary çapmazlyk çärelerine diýseň begenýärler we ozalky tejribeleri ýatlap, Aşgabatda köçeleriň ugrunda onlarça ýyllap ösüp duran kölegeli daragtlaryň ýok edilendigini we hatda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň öňündäki agaçlaryň hem-de ösümlikleriň bir uçdan çapylandygyny, netijede adamlaryň yssy ýurtda kölegesiz kösenýändigini belleýärler.
"Aşgabadyň öňki häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň häkim bolan ýyllarynda agaçlaryň köpçülikleýin ýok edilmegi däbe öwrülen bolsa, häzir çapmak gadagan edilýär. Ilat arasynda her bir bellenen häkim kanuna görä işlemän, öz kellesine gelen islegine görä hereket edýär diýen pikirler orta atylýar. Kim bilýär, indiki bellenjek häkim ýene täzeden baglary çapmaly diýse, ýene-de öňki ýagdaý gaýtalanar durar" diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen aşgabatly öz pikirini paýlaşdy.
Türkmenistanda soňky birnäçe ýylda ýaşaýyş jaýlaryň öňünde ekilen agaçlaryň tas ählisi çapylyp, aýryldy. Şäheriň seýilbaglaryndaky uly kölegeli daragtlar we miweli agaçlar ýok edildi. Hususan-da, Arkadag şäheriniň gurluşygy sebäpli Ahalda onlarça gektar meýdany tutýan miweli baglar ýok edildi.
Azatlygyň habarçylary baglaryň ýok edilmeginiň gurak hem yssy klimatly ýurtda ilatyň ýaşaýyş şertlerini agyrlaşdyrandygyny, tomus aýlarynda 40 gradusdan ýokary gyzýan howada şäherlerde, esasanam köpgatly ýaşaýyş jaýlarda sowadyjysyz ýaşamagyň kyndygyny belleýärler.
"Köpçülikleýin baglaryň çapylyp, ýok edilmegi tomsuň ýakyp barýan yssy paslynda adamlary günden goranmak üçin kölegede oturmak mümkinçilikden mahrum etdi" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.
Şol bir wagtda-da Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde şäherleriň we obalaryň töwereginde bagly meýdanlary artdyrmak, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny baýlaşdyrmak maksadyndan ugur alýandygyny aýdýan hökümet ýyllarboýy millionlarça düýp agaç oturdýandygyny yglan edýär.
Türkmen metbugaty 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri her ýyl ýurtda on milliona çenli agaç ekýändigini habar berip gelýär. 2021-nji ýylda garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurt boýunça 30 million bag nahalyny oturtmak karary çap edilipdi. Muňa býujetden näçe puluň çykarylýandygy resmi habarlarda mälim edilmeýär. Emma soňky birnäçe ýyl bäri agaç ekişlik üçin ilatdan hem yzygiderli pul ýygnalýar.
Nahal ekmek çäresi ählihalk dabarasy görnüşinde ýylda iki gezek martda we noýabrda geçirilýär we halk köpçüligi oňa gatnaşmaga-da mejbur edilýär.
Habarçylar her ýyl ekilen baglaryň uly bölegi gurap, edil şol ýere indiki ýyl täze nahallaryň ekilýändigini aýdýarlar we şeýdip, baglaryň köpelip gitmeýändigini belleýärler.
"Gök guşak jemgyýetiniň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna basyş edip, paýtagtyň çar tarapynda bölünip berlen meýdanlaryna ekdiren baglary tiz-tizden gurap, her ýyl täzelenýär we şeýdip, agaçlar 1 -1,5 metrden artyk ösüp ýetişmeýär" diýip, habarçymyz aýdýar.
Maddy çykdajylarynyň hasabaty berilmezden, çöllük ýurtda ekilýän baglaryň uly bölegi gurap galýar we bu ýagdaý her ýyl gaýtalanyp durýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum