Türkmenistanda “ekologiýa abadançylygyna gönükdirilendigi” aýdylyp, ýurt boýunça 18-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek çäresinden bir hepde töweregi soň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dabara mynasybetli ekilen we döwlet TW-sinde görkezilen müňlerçe düýp agaç nahallary başga ýere göçürildi. Ýaňy-ýakynda ekilen ýaş nahallaryň, bary-ýogy bir hepde töweregi soň, köpçülikleýin başga ýere göçürilmegi häkimiýetleriň “ekologiýa abadançylygy” tagallalaryna kölege salýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji martda sebitden habar berdi.
Ýatlasak, “ählihalk dabarasy” yglan edilen köpçülikleýin mejbury çäreden birnäçe gün ozal, Azatlygyň habarçylary ýurduň gündogar sebitiniň administratiw merkezinde bag ekişine görülýän taýýarlyklar barada habar beripdi.
Lebap welaýatynda köpçülikleýin bag ekmek çäresini geçirmek üçin Türkmenabadyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän iri awtomenziliň golaýyndaky 10 gektar töweregi meýdan saýlanyp alyndy.
Ýurt boýunça nobatdaky bag ekmek çäresiniň yglan edilmeginden bir gün soň, 11-nji martda Lebap welaýatynyň sebit häkimiýetleri jemagat müdirliginiň ýüzlerçe işgärini bag ekiljek meýdany taýýarlamak işlerine çekip başlady. Býujet işgärleri şäherdäki köne howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň ugrunda ýerleşýän we täze bag nahallaryna niýetlenen meýdany haşal otlardan, gamyşdyr tikenden arassalap başlady. Köpçülikleýin çäräniň geçiriljek ýeriniň arka tarapy TW kameralarynyň obýektiwlerine ilmez ýaly, plakatlar bilen bezeldi. Arassaçylyk işçileri meýdanda ýedi gün töweregi işledildi.
Ahrysoňy, 18-nji martda döwlet telewideniýesi ýurduň ähli sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çärelerini görkezdi. TW-de görkezilen wideo reportažlarda basmagalyp geýnüwli raýatlar köpçüliginiň jübüt-jübüt bolup, bag nahallaryny ekişi, şeýle-de, dabaranyň çäginde aýdym aýdyp, tans edýän ýaş adamlar görkezildi. Döwlet mediasy mejbury çäräniň “ýokary ruhubelentlikde” geçirilendigini öňe sürdi. Şeýlelikde, dabara tamamlandy, her kim öýli-öýüne gaýtdy. Ýöne ýerli häkimiýetleriň işi bag ekmek dabarasy bilen çäklenmedi.
Azatlygyň habarçysy döwlet TW-sinde görkezilen dabaranyň yz ýany, täze gök zolaga niýetlenen meýdanda oturdylan ýaş arçalaryň sökülip, başga ýere, şäheriň günorta künjeginde ýerleşýän täze howa menziline barýan “Arkadag” köçesine göçürilendigini habar berýär.
“Oturdylan agaç nahallarynyň soňky ykbalyny yzarlap görsem, ýaş arçalar goparylyp, täze aeroporta barýan “Arkadag” köçesiniň ugrundaky köp gatly jaýlaryň öňündäki ýer böleklerine göçürilipdir” diýip, Azatlygyň habarçysy sebitden maglumat berdi.
Ýaş arçalary göçürmek işleri 25-nji martda tamamlanypdyr.
Şeýlelikde, Türkmenabadyň demirgazyk-gündogar sebitinde 11-nji mart – 18-nji mart aralygynda ählihalk bag ekmek çäresini geçirmek üçin ýörite meýdan taýýarlanyldy we döwlet TW-si üçin wideo ýazgy edildi. Bu wideo ýazgylar 18-nji martda döwlet TW-sinde görkezildi. Munuň yz ýany, 18-nji mart – 25-mart aralygynda ekilen bag nahallaryndan ýaş arçalar sökülip, şäheriň Arkadag köçesine göçürildi.
Bu köçe Türkmenabadyň günorta böleginde ýerleşýän Azatlyk posýologyny kesip geçýär.
Ýerli häkimiýetler ýedi günläp ekdiren ýaş arçalaryny, ýedi günüň içinde sökdürip, başga ýere göçürdi.
“Ýaş arçalar goparylyp, sökülip, gaýtadan oturdylyp, soň ýene goparylyp, sökülip, göçürilip, gaýtadan oturdylyp ýörülse ýere kök salyp, ornaşyp bilýärmikä?” diýip, ýaş arçalaryň getirilmegine, oturdylmagyna we soňra, gaýtadan goparylyp, täze ýere göçürilmegine şaýat bolan bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň hökümeti göz üçin giň gerimli köpçülik çärelerini gurnamakda we degişli dabaralara ýurt raýatlaryny mejbury çekmekde tankyt edilýär. Köpçülik çärelerine çekilýän raýatlar döwlet telewideniýesi arkaly ýurduň beýleki raýatlaryna şadyýan we bagtyýar görnüşde görkezilýär. Döwlet propagandasy, aslyýetinde, ykdysady kynçylyklardan we sosial problemalardan lagar düşen ýurduň “berkarar we bagtyýar” keşbini şowhunly dabaralar bilen delillendirmäge çalyşýar.
“Täze awtomenziliň öňündäki meýdança ýene-de boşap galdy. Bu ýerleri tiz wagtda ýene gamyş we ýandak basar. Ýedi günlük tokaý zolagynyň ömri gysga boldy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Döwlet metbugaty 2023-nji ýylyň dowamynda ýurt boýunça 3 million düýp bag nahalynyň ekiljekdigini aýdýar.
Azatlyk Radiosy Türkmenabatdaky ýaş arçalaryň ykbaly barada sebit häkimliginden teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum