Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda emeli aňyň söz azatlygyna ýetirýän täsiri barada seminar geçýär


Türkmen režimi söz azatlygyny, media erkinligini, internet elýeterliligini berk çäklendirmekde we özge pikirlilere basyş etmekde tankytlanýar.
Türkmen režimi söz azatlygyny, media erkinligini, internet elýeterliligini berk çäklendirmekde we özge pikirlilere basyş etmekde tankytlanýar.

17-nji iýulda Aşgabatda “Emeli aň we onuň söz azatlygyna ýetirýän täsiri” atly iki günlük seminar başlady diýip, hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri habar berýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnalan çärede, şol sanda emeli aňyň çäginde adam hukuklary we söz azatlygy ýaly meselä hem garaljakdygy aýdylýar.

Onýyllyklaryň dowamynda halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistana dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hökmünde baha berilýär. Türkmen režimi söz azatlygyny, media erkinligini, internet elýeterliligini berk çäklendirmekde we özge pikirlilere basyş etmekde tankytlanýar.

ÝHHG-niň Türkmenistandaky merkeziniň başlygy Uilliam Lif seminaryň açylyşynda çykyş edip, adam hukuklarynyň berjaý edilmegi babatynda, söz azatlygynyň we habar serişdeleriniň ähmiýetini nygtapdyr. “Bu prinsipler parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynamyň we durnukly ösüşiň özenini düzýär” diýip, ol belläpdir.

XS
SM
MD
LG