Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçdi


BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner

4-nji sentýabrda Aşgabatda türkmen daşary ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi bilen baglanyşykly meselelere garalypdyr.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylaryň Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda komitetiniň, Çaga hukuklary baradaky komitetiniň çäklerinde geçirilýän gepleşikleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşandygy, şeýle-de olaryň jemleri boýunça hödürlenen teklipleri durmuşa geçirmek boýunça ulgamlaýyn esasda "hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edilendigi" aýdylýar.

Türkmenistan adam hukuklary, metbugat azatlygy, dini erkinlik ýaly möhüm azatlyklar baradaky halkara hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip gelinýär.

XS
SM
MD
LG