Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýaýran tagtabit dawa-jenjele sebäp bolýar


Tagtabit (illýustrasiýa suraty)
Tagtabit (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda tagtabit ýaýrady. Şäheriň ýaşaýjylary öýlerinde dörän bu ganhor mör-möjege garşy göreşmäge synanyşýarka, olaryň ýaýramagy dowam edýär. Olar öýlere garaşylmadyk ýagdaýda, şol sanda täze öý goşlary bilen aralaşýar. Aşgabatdaky ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçysy maglumat berýär.

Şäheriň ýaşaýjylary öz hasabyna mör-möjeklerden goraýan serişdeleri satyn almaly we özbaşdak göreşmeli bolýarlar. Azatlyk bilen gürleşen paýtagt ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, Sanitariýa we epidemiologiýa gözegçiligi edarasy bilen habarlaşanda, olar tagtabite garşy göreşmek üçin goşmaça serişdesiniň ýokdugyny, sebäbi özlerine berilýän köp bolmadyk serişdeleri ýerzeminlerde we esasan "elitnyý" diýilýän ýokary oňaýlykly ýaşaýyş jaýlaryň zibil gaplarynyň töwereginde ulanmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

"Olaryň tutuş şäheri arassalamak üçin mümkinçiligi ýok. Adamlar ýerzeminlerinde gemrijiler we mör-möjekler bilen özbaşdak göreşmeli bolýarlar" - diýip Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Indi tagtabit hem ýaşaýjylaryň aladasyny artdyrdy. Soňky günlerde zibil taşlanýan gaplaryň töwereginde köp sanly diwan we ýorgan-düşek görüp bolýar. Tagtabitiň köpdügi sebäpli ýaşaýjylar käbir ýagdaýlarda himiki serişdeleriň kömek bermeýändigini we zatlary zyňyp dynmakdan başga çykalga görmeýändigini aýdýarlar.

"Olar içinde köpelýär-durýar. Diwanyň daşyndan arassalanmagy hiç hili kömek etmeýär. Tagtabitden dynmak isleýän adamlar diwandan ýa-da ýatylýan goşlaryndan dynýarlar" - diýip, ýene bir aşgabatly gürrüň berdi.

Düşek biti diýlip hem atlandyrylýan tagtabit adamlaryň we haýwanlaryň gany bilen iýmitlenýän gan sorýan mör-möjekdir. Onuň dişlän ýeri gyzarýar we gijeýär.

Ýaşaýjylar, bizar ediji mör-möjeklerden dynmak üçin serişde tapmagyň dürli ýollaryny gözleýärler.

"Şu gün aýalym Alişer Nawoýy köçesinde ýerleşýän weterinariýa dermanhanasyna gitdi, oňa şäher ýaşaýjylarynyň arasynda şeýle serişdelere islegiň gaty ýokarydygy sebäpli, tagtabite garşy serişdäniň gutarandygyny aýtdylar. Indiki täze partiýa garaşmagy maslahat beriler we onuň bahasynyň has gymmat boljagyny aýtdylar" - diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Ýaşaýjylar tagtabite garşy göreşmäge synanyşýarka, bu mör-möjekleriň ýaýramagy dawa-jenjele hem sebäp bolýar. Bir ýagdaýda, köpgatly jaýda ýaşaýjylardan biriniň täze mebel satyn almagyndan soň tagtabit peýda boldy.

"Goňşy mebel dükanynda bir diwan satyn aldy. Dükan Bagtyýarlyk etrabynyň köne howa menziliniň golaýynda Atamyrat Nyýazow köçesinde ýerleşýär. Dükan bäş gatly ýaşaýyş jaýynda, birinji gatynda azyk önümlerini we hojalyk serişdelerini satýan dükanlar bilen bilelikde ýerleşýär. Satyn alnan diwan getirilenden soň, kwartiranyň eýesi köpsanly tagtabiti tapdy. Şu sebäpden alyjy bilen dükan eýesiniň arasynda dawa ýüze çykdy "- diýip, aşgabatly zenan gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, iki tarap hem biri-birini günäkärleýär. Satyjy, alyjynyň ýalňyşlygy sebäpli diwany indi ulanyp bolmaýandygyny aýdýar we alyjyny günäkärleýär. Alyjy bolsa, ozal kwartirasynda tagtabitiň bolmandygyny aýdyp, satyjyny günäkärleýär. Zenan diwanyň yzyna gaýtarylandygyny, ýöne indi öýde ýaşar ýaly bolmandygyny, ýaýran tagtabitiň gijelerine öý eýelerini uklatmaýandygyny aýdýar.

Tagtabitiň köpelmeginiň esasy sebäbi arassaçylyk şertleriniň berjaý edilmezligi bilen baglanyşdyrylýar. Bu mör-möjek adamyň gündelik eşiklerine aralaşýar we gizlenýär. Şeýle hem olar islendik elektronik gurallarda, kitaplarda bolup bilýär. Ulanylan mebelleri satyn almak tagtabitiň bir ýerden başga ýere ýaýramagynyň iň aňsat usuly hasaplanýar.

Aç tagtabiti mehaniki usul bilen ýok etmek kyn bolýar, oňa garşy iň täsirli serişde mör-möjeklere garşy himiki serişdeleri ulanmakdyr.

Geçmişde Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda dürli mör-möjekleriň, şol sanda büreleriň we gemrijileriň ýaýramagy barada birnäçe gezek habar beripdi. Şol bir wagtyň özünde, mör-möjekleriň we howply ýokanç keselleri ýaýradýan beýleki jandarlaryň ýaýramagynyň öňüni almak we ýok etmek üçin ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerini dezinfeksiýa etmek üçin zerur çäreleriň wagtynda geçirilmeýändigi we zerur serişdeleriň ýetmezçilik edýändigi barada habar berlipdi.

Aşgabatda jaýlaryň ýerzeminlerinden ýakymsyz ys gelýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:24 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG