Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň söwda resmileri ilata bitli we gurçukly un satyp, alyjylara ony iýmezligi maslahat berýärler


Döwlet dükanlarynda ilata satylýan un. Arhiw suraty
Döwlet dükanlarynda ilata satylýan un. Arhiw suraty

Türkmen häkimiýetleri şu ýyl ýurduň bugdaý meýdanlaryndan ýygnalan galla hasyly bilen bagly sanlary äşgär etmeýän mahaly, döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň üpjünçiliginiň ýagdaýy ýaramaz bolmagynda galýar. Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň ençemesinde ilata içi bitli we gurçukly un paýlandy. Söwda resmileri iýmäge ýaramly bolmadyk uny satmak barada özlerine buýruk berlendigini aýdýarlar, ýöne alyjylara ony asla iýmezligi maslahat berýärler.

“Paýtagtyň ençeme dükanynda ýaşaýjylara ýeňillikli bahadan üç kilogram un satylyp başlandy. Hili pes, gara unuň içi bitden we gurçukdan doly. Alyjylar bu unuň ýany bilen iki sany depder abloşkasyny hem satyn almaga mejbur edilýärler. Un we abloşkalar üçin jemi 5 manat baha kesýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

Alyjylaryň tas ählisi unuň hilinden nägile bolup, şol duran ýerlerinde dükan satyjylaryna şikaýat edýär. Ýöne dükan satyjylary özlerine bu uny satmak barada buýruk berlendigini we buýrugy ýerine ýetirýändiklerini aýdýarlar.

Aşgabatda ilata bitli we gurçukly un paýlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:17 0:00

“Ýagdaýyňyz bolsa, bu undan çörek ýa başga zat bişirip iýiji bolmaň. Görüp dursuňyz, adamyň özünde akyly bolsa, şundan çörek taýýarlap iýip bolmaz ahyryn” diýip, aşgabatly ýaşaýjy dükan satyjysynyň aýdan sözlerini sitirledi.

Azatlykda ilata içi gurçukly we bitli unuň paýtagtyň haýsy dükanlarynda satylandygy barada takyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Alyjylaryň ençemesi unuň hiliniň juda ýaramazlygyndan şikaýat edip, Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Aşgabat şäheriniň alyjylar jemgyýetine bardy.

Bu ýerde edaranyň jogapkär resmisi ýagdaýlardan habarlydyklaryny, ýöne özlerine bu uny satmak barada ýokardan görkezme berlendigini aýdyp, özleriniň-de görkezmäni ýerine ýetirýändiklerini belledi.

“Döwletiň garamagyndaky ‘Türkmengallaönümleri’ kärhanasynyň öndürýän önümleriniň hilini tankytlamaga, hiline şübhe bildirmäge hakymyz ýok. Eger biz tankytlap, ýamanlap arz etsek, hökümetiň garşysyna gitdigimiz bolýar we hökümetiň gazabyna duçar bolarys. Unuň hiliniň iýmek üçin ýaramsyzdygyny görüp dursuňyz. Satyn alman oňaýyň. Biz hem ýumuş oglany” diýip, bu ýere baran aşgabatlylaryň biri edara resmisiniň aýdan sözlerini sitirläp, adamlaryň mat bolup, öýlerine gaýdandygyny belledi.

Azatlykýokarda beýan edilenler barada Aşgabat şäheriniň alyjylar jemgyýetinden, “Türkmengallaönümleri” kärhanasyndan, şeýle-de ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, soňky ýyllarda ýurduň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň gytçylygy saklanyp galýar. Ilata aýda bir gezek 5 kilogramdan paýlanmaly un ençeme aýlap paýlanmaýar ýa-da onuň ýany bilen bazar nyrhyndan gymmat satylýan, ýaramlylyk möhleti geçen önümleri satyn almadyk raýatlara un paýlary berilmeýär.

Habarçylarymyz ilata paýlanan unuň hiliniň çörek önümlerini taýýarlardan juda pesligini, muňa garamazdan, ykdysady kynçylyklar zerarly güzeran eklenji agyrlaşan köp maşgalanyň bu azyga garaşlydygyny, şol sebäpli onuň hyrydarynyň köpdügini aýdyp gelýärler.

Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar. Ýöne öňki ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl ýurduň bugdaý meýdanlaryndan ýygnalan galla hasyly bilen bagly sanlary äşgär etmeýän türkmen hökümeti geçen hepde güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berdi.

Şu ýyl ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýardy.

Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistanyň rus ununyň importyny artdyrýandygyny, Aşgabadyň 2022-nji ýylyň 1-nji iýuly bilen 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly aralygynda Russiýadan 54 müň tonna un import edendigini, “Trend” neşiri 4-nji sentýabrda habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG