Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň häkimiýetleri jaýlara gezekli-gezegine tok berip, elektrik üpjünçiligindäki problemany çözmäge çalyşýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa ýetýän mahaly, ilatyň elektrik üpjünçiligindäki problemalar ýitileşýär. Aşgabatda tok yzygiderli kesilýär. Häkimiýetler köp gatly jaýlara gezekli-gezegine tok bermek arkaly, elektrik üpjünçiligindäki problemany çözmäge we ilaty köşeşdirmäge çalyşýarlar.

“Anomal yssyda Aşgabadyň köp gatly jaýlaryna elektrik üpjünçiligi küşt tagtasynyň tertibinde berilýär. Meselem, köp gatly jaýlaryň birine ýa-da birnäçesine üç sagatlap tok berilmese, ýaşaýjylaryň uly nägileliginden soň, bu jaýlara tok berilýär. Ýöne bu jaýlara tok berilmeginiň yz ýany, olaryň gapdalyndaky goňşy jaýlaryň togy öçýär. Gije bir jaýyň togy öçse, onuň gapdalyndaky jaýyň togunyň dessine ýalpyldap ýanýandygy görse bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy awgustda maglumat berdi.

Soňky birnäçe gün bäri, hususan-da, gijelerine dowam edýän bu problemalar paýtagtlylaryň köpüsinde nägilelik döredýär. Olar anomal yssyda beton jaýlaryň we meýdançalaryň gündizlerine gyzyp, onuň howrunyň gije ýarymda hem öçmeýändigini aýdýarlar.

“Köp edara-kärhanalarda hem elektrigiň ýokdugy sebäpli jokrama yssyda, kondisionersiz işlemeli bolýan ýaşaýjylar öýlerine gelenden soňra-da dynç alman, ejir çekmeli bolýarlar. Ýaşaýjylaryň käbirleri elektrik üpjünçiligi dikeldilýänçä, daşarda gezelenç edip, käbirleri polotensalary ölläp, salkynlamaga çalyşýar” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy aýtdy.

Häkimiýetler köp gatly jaýlara gezekli-gezegine elektrik bermek arkaly, problemany çözmäge çalyşýan mahaly, bökdençligiň sebäpleri barada ilata aç-açan maglumat bermeýärler. Olar problemanyň näçe wagt dowam etjekdigi barada-da hiç zat aýtmaýarlar.

Ýöne ýerli elektrik hünärmenleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, bökdençliklere Abadan (öňki Büzmeýin) şäherindäki Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň doly kuwwatynda işledilmezligi sebäp bolýar.

“Stansiýa ýarym kuwwatynda işledilýär. Ykdysady kynçylyklar we maliýe serişdesiniň ýoklugy sebäpli stansiýanyň ABŞ-da öndürilen turbinalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn alynmaýar. Şol sebäpli stansiýanyň elektrik energiýa önümçiliginiň derejesi pes” diýip, hünärmen belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Energetika ministrliginden, agzalýan elektrik stansiýadan we Aşgabadyň elektrik edarasyndan maglumat alyp bilmedi.

Ýurduň Energetika ministrliginiň maglumatyna görä, Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynda kuwwatlylygy 123,6 MWt we 123,0 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy hereket edýär. Häzirki günde stansiýanyň jemi bellenen kuwwaty 246,6 MWt deňdir.

“Stansiýanyň çäklerinde güýjenmesi 220/110/35 kW açyk paýlaýjy gurluş hem guruldy. Bu bolsa Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiligini ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berdi” diýlip, maglumatda bellenilýär.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň ilaty elektrik energiýasynyň kadasyz üpjünçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Ýurduň dürli künjeginde elektrik ýygy-ýygydan kesilýär ýa-da ilata berilýän toguň güýji elektrik enjamlaryny işletmäge ýetmeýär. Azatlyk bu ýagdaýlar barada, geçen ýyllarda hem bolşy ýaly, tomsuň başyndan bäri yzygiderli habar berýär.

Bu ýagdaýlar barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hiç hili mesele gozgamaýarlar. Ýöne ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, elektrik energiýasynyň çykarylyşynyň 106,7 göterim ýokarlanandygy mälim edildi.

Ösüş sanlaryna garamazdan, prezident Serdar Berdimuhamedow şol ýygnakda “işde goýberen kemçilikleri üçin" Hajymuhammet Rejepmyradowy energetika ministri wezipesinden boşadyp, oňa derek Annageldi Saparowy belledi.

Öz ilatynyň elektrik üpjünçiligini kadaly ýola goýmaýan Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Gyrgyzystana elektrik eksport etmek boýunça öňdebaryjylygy saklaýandygy habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG