Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Araçylar Gazadaky ýaraşygyň möhletini ahyrky günde uzaltmakçy bolýar, ýene bir zamun alyşygy meýilleşdirilýär


Ysraýyl we Hamas arasyndaky wagtlaýyn ýaraşygyň arasynda, palestinalylar günorta Gazada Ysraýylyň zarblarynda ýykylan jaýlaryň harabaçylygynda dur. 24-nji noýabr, 2023 ý.
Ysraýyl we Hamas arasyndaky wagtlaýyn ýaraşygyň arasynda, palestinalylar günorta Gazada Ysraýylyň zarblarynda ýykylan jaýlaryň harabaçylygynda dur. 24-nji noýabr, 2023 ý.

Halkara araçylary çarşenbe güni, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamasyň boşadylýan palestin tussaglarynyň öwezine zamunlary erkinlige goýbermegi dowam etdirmegine, hem-de Ysraýylyň howa we guryýer hüjümlerine mundan beýläk-de arakesme bermegine umyt bildirip, ýaraşygyň möhletini uzaltmagyň üstünde işlediler. Ýogsa, onuň möhleti bir günüň içinde tamamlanar.

Ysraýyl zamun alnan adamlaryň soňky günlerde boşadylmagyna hoşallyk bildirdi we Hamas ýesirleri azat etmegini dowam etdirse, özüniň ýaraşygy saklajakdygyny aýtdy. Ýöne onuň beýleki bir baş maksady – ekstremist topary ýok etmeklik – elden giderilýän bolup biler.

Biraz öň, Ysraýyl zamun alnan ýene 12 adamyň Hamas tarapyndan erkinlige goýberilendigini aýtdy.

Ysraýyl bilen Hamas arasyndaky ynjyk ýaraşyk 28-nji noýabrda, bäşilenji gününde hem saklanylyp galyndy, jeňçi topar zamun alnan adamlary boşatmagy dowam etdirdi. Waşington hem Ysraýylyň, eger ol hüjümlere gaýtadan başlasa, asuda palestin raýatlaryny has oňat goramagy üçin basyş etdi.

Ysraýyl palestin tussaglary bilen zamun alnan adamlaryň soňky alyş-çalyşmasynda özüniň 10 raýatynyň hem-de iki daşary ýurt raýatynyň erkinlige goýberilendigini aýtdy.

Şeýle-de, Ysraýyl we Hamas 28-nji noýabrda, esgerler we jeňçiler demirgazyk Gazada birek-birege ot açanlarynda, ýaraşygyň çynlakaý bozulmagy boýunça birek-biregi aýypladylar.

Bu aralykda, ABŞ Senatynda Ysraýyl we Ukraina ýardamlary boýunça ses berişlige garaşylýar.

ABŞ Senaty öňümizdäki hepde ýaly ýakyn wagtda Ysraýyl we Ukraina ýardamlaryny hem öz içine alýan bukja garamaga başlar diýip, Senatdaky köplügiň lideri Çak Şumer (Demokrat – Nýu-Ýork) 28-nji noýabrda žurnalistlere aýtdy.

“Men olary öňümizdäki hepde, nesip bolsa ikipartiýaly goldaw bilen, maslahata goýaryn, sebäbi şol bu işi bitirmegiň ýeke-täk ýoly bolup durýar” diýip, Şumer özüniň hepdelik metbugat ýygnagynda aýtdy. “Biz öňümizdäki hepde ses berişligiň boljagyna umyt bildirýäris. Hawa, plan şeýle” diýip, ol belledi.

Şumer serhet howpsuzlygy çäreleriniň maliýeleşdirilmegi boýunça ylalaşygyň gazanylmadyk halatynda hem ýardam taslamasynyň zerur bolup durýandygyny aýtdy.

Prezident Jo Baýden geçen aý $61,4 milliard möçberindäki Ukraina ýardamyny hem-de $14,3 milliard möçberindäki Ysraýyl ýardamyny öz içine alýan $105 milliard dollardan gowrak goranyş ýardamy haýyşnamasyny Kongrese iberdi. Ýöne bu haýyşyň öňi petikli galýar, bu ýagdaý bolsa, esasan-da respublikanlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller öýüniň ýaňy-ýakynda Ukraina däl, diňe Ysraýyl ýardamlaryny öz içine alýan kanun taslamasyny kabul etmeginden soňra, Ukraina boýunça maliýe ýardamlarynyň asla kabul edilip bilinmezligi barasynda aladalary döredýär.

Birleşdirilen ýardam haýyşynyň Wekiller öýünde has köp kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin, ýöne palatanyň sözçüsi Maýk Jonson (respublikan – Luiziana) baýramçylyk möwsüminden öň Kongresiň Ysraýyl we Ukraina boýunça ýardam taslamasyny kabul edip biljekdigi barasynda özüniň “ynamly we optimist” galýandygyny aýtdy.

Ol Kongesde Ukraina bilen Ysraýylyň ikisini hem ýardam bilen üpjün etmek boýunça “gyssaglylyk duýgusynyň” bardygyny sözüne goşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG