Angliýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri Ýakyn Gündogarda “gyzyşmany peseltmäge we sebit durnuklylygyna” çagyryş etdiler, Eýrany we onuň ýaranlaryny Gazada “atyşygyň bes edilmegi we zamun alnanlaryň boşadylmagy barada ylalaşmak mümkinçiligine howp salmazlyga” çagyrdylar.
Angliýanyň premýer-ministri Keir Starmer, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 12-nji awgustda bilelikde beýanat edip, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gepleşikleriň derrew täzeden başlanmagy baradaky çagyryşlary gutladylar.
Olar bu hili gepleşikleriň “mundan beýläk yza süýşürilip bilinmejekdigini” aýtdylar.
Hamas ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy gurama diýlip hasaplanylýar.