Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amputasiýa operasiýasyny ret eden Mansur Mingelow keselhanadan türmä 'gaýtarylýar'


Mansur Mingelow
Mansur Mingelow

2012-nji ýylda 22 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen we häzirki wagtda süňk inçekeselinden ejir çekýän aktiwist Mansur Mingelow Mary welaýatyndaky türme keselhanasyndan Lebap welaýatyndaky berk düzgünli jeza çärelerini ýerine ýetiriji edara gaýtarylyp berilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu barada garaşsyz Turkmen.News neşiri habar berýär.

Neşire görä, Mingelowyň keseliniň häzirki tapgyryny Türkmenistanda bejerip bolmaýar. Şonuň üçin, aktiwiste iki aýagynyň kesilmegi, ýagny amputasiýa edilmegi teklip edilipdir. Ýöne ol bu teklibi ret edipdir.

Içeri işler ministrliginiň Aşgabatdan iberilen lukmançylyk topary golaýda Mary welaýatyndaky MR-B/15 türme keselhanasyna sapar edipdir. Mingelowy barlagdan geçiren lukman, Ýelena Wladimirowna Geldiýewa Türkmenistanda süňk inçekeselini bejerip bolmaýandygyny tassyklap, aktiwistiň amputasiýa edilmeginiň zerurlygynyň ýokdugyny aýdypdyr. Neşir aktiwistiň daşary ýurtlarda halas edilmeginiň mümkindigini aýdýar.

Lukmançylyk barlaglarynyň netijesinde, Mingelow özüne türmäniň lukmanlary tarapyndan teklip edilen amputasiýa operasiýasyny ret etdi we “häzirki wagtda ony yzyna, berk düzgünli LB-K/11 türmesine gaýtarmaga taýýarlyk görülýär” diýip, neşir ýazýar.

Marynyň türme keselhanasyndan boşan tussaglaryň bir bölegi eýýäm beýleki koloniýalara geçirilipdir. Tussaglaryň ikinji bölegini Gurban baýramyndan soňra ugratmak göz öňünde tutulýar.

49 ýaşly tussagyň iki aýagy-da süňk inçekeseline sezewar bolupdyr we kesel onuň oňurgasyna-da ýaýraýar.

Lukmançylyk çeşmeleri süňk inçekeseliniň öýken inçekeseli netijesinde döreýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda buluç azlyklarynyň hukuklaryny goramakda tanalan Mansur Mingelow 2012-nji ýylda pornografiýa materiallaryny ýaýratmak we neşe gaçakçylygy ýaly aýyplamalar bilen 22 ýyl möhlete azatlykdan mahrum edildi. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar kazyýet diňlenişiginiň adalatsyz geçirilendigini we aktiwistiň syýasy matlaplar bilen türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtdylar.

Mingelow ilkibaşda Owadandepe türmesinde saklandy, soňra Lebap welaýatyndaky Seýdi türmesine geçirildi. 2014-nji ýylda aktiwist gaýtadan Owadandepe türmesine ugradylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolanda açlyk yglan etdi. 19 gün dowam eden açlyk onuň Seýdi türmesinde saklanyp galynmagy bilen netijelendi.

Neşire görä, aktiwiste 2018-nji ýylda inçekesel diagnozy goýuldy, 2021-nji ýylda bolsa ol aýak agyrylaryndan ejir çekdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Mansur Mingelowyň türmeden boşadylmagyna birnäçe gezek çagyryş etdiler.

Şeýle-de, ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň ikipartiýaly 12 agzasy 2020-nji ýylyň tomsunda Merkezi Aziýa liderlerine iberen hatynda bu sebitde adalatsyz türme tussaglygyny ýerine ýetirýän adamlaryň, şol sanda Mansur Mingelowyň koronawirus pandemiýasy döwründe ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda azatlyga goýberilmegine çagyryş etdiler.

Munuň yz ýany, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Mingelowyň maşgala agzalarynyň häkimiýetler tarapyndan basyşlara sezewar edilýändigi mälim boldy.

Türkmen häkimiýetleri BMG-niň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 2023-nji ýylyň awgustynda Ženewada geçirilen maslahatynda Mansur Mingelowyň azatlyga goýberilmegine seretmegi wada berdiler.

Ýewropa Parlamentiniň 2024-nji ýylyň ýanwarynda Merkezi Aziýa boýunça kabul eden rezolýusiýasy, “Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň kesgitlemesi” bu sebitiň türmelerinde saklanýan syýasy tussaglaryň, şol sanda Mansur Mingelowyň azatlyga goýberilmegine çagyryş etdi.

Azatlyk Radiosy Mansur Mingelowyň ýagdaýy boýunça Türkmenistanyň içeri işler edaralaryndan teswir alyp bilmeýär.

22 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen aktiwist halkara çagyryşlaryň arasynda Türkmenistanyň jeza çärelerini ýerine ýetiriji edaralarynda 12-nji ýylyny doldurýar we häzirki wagtda süňk inçekeselinden ejir çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG