Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amatsyz gulluk şertleri harbylary has oňat mümkinçilikleri gözlemäge iterýär


Harbylar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Harbylar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harby serkerdeler we starşinalar ýaramaz ýaşaýyş-durmuş şertlerinden şikaýat edip, işlerini taşlamaga we has oňat mümkinçilikleri gözlemäge ýykgyn edýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan borçnamalaýyn harby gullukçylar, serkerdeler we seržantlar gulluk şertnamalarynda özlerine wada berlen şertleriň üpjün edilmeýändigini aýdýarlar.

“Goranmak ministrligi borçnamalaýyn harby gullukçylary aýlyk tölegleriniň ýany bilen, ýaşaýyş jaýlary, harby egin-eşikler bilen üpjün etmegi öz üstüne alýar. Ýöne bu wadalar ýerine ýetirilmeýär” diýip, bir harby işgär Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Manadyň hümmetiniň ep-esli pese gaçmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagy harby serkerdeleriň amatsyz ýaşaýyş-durmuş şertlerine urgy bolýar.

“Şol sebäpden, soňky ýyllarda maşgala ýagdaýlary sebäpli harby düzümlerden çykmak barada arza ýazýan, iş taşlaýan harbylar köpelýär” diýip, borçnamalaýyn harby gullukçylar aýdýar.

Olaryň ençemesi özleriniň daşary ýurt döwletlerine çykmaklaryna bäş ýyl möhlet bilen girizilýän gadaganlygyň möhletini tamamlap, has amatly durmuş şertleriniň gözleginde daşary ýurtlara çykmaga höwes bildirýärler.

Harby bölümlerde dowam edýän ýaramaz üpjünçilik şertleri harby serkerdeleriň we starşinalaryň gulluk höwesini gaçyrýar hem-de olary öz üstüne alan harby borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmezlige iterýär.

Meýletinlik şertlerinde harby gulluga giren borçnamalaýyn harby gullukçylar ýurduň islendik sebitlerine gulluga iberilip bilinýär. Harby edaralar gullukçylary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegi öz üstüne alýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan gullukçylar özleriniň harby bölümleriň golaýynda ýerleşýän hojalyk jaýlarynda kireýine ýaşaýandyklaryny aýdýarlar.

“Zähmet hakynyň 25-30 göterimi jaý kireýine gidýär, 50 göterime golaýy azyk harytlaryna sarp edilýär. Üstesine, hojalyk hyzmatlarynyň tölegleri we beýleki çykdajylar bilen, türkmenleriň arasynda aýdylşy ýaly, gazananyň bezeneniňe ýetmeýär” diýip, bir harby serkerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Işden çykmaga çalyşýan gullukçylar özleriniň öz islegleri boýunça işden çykmak baradaky arzalarynyň mydama oňyn kanagatlandyrylmaýandygyny aýdýarlar. Bu arzalara seredilmegi, gullukçylaryň sözlerine görä, köp wagt talap edýär.

“Arzalary kanagatlandyrylmadyk harby gullukçylar gullukdan kowulmagyň ýoluna düşýärler. Olar serhoş ýagdaýda harby bölümlere baryp, ýa-da birnäçe aýlap harby bölümlerde görünmän, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işden kowulmaga çalyşýarlar” diýip, bir harby işgär Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Harby düzümlerden öz islegleri boýunça işden çykyp, bäş ýyl gadaganlyk möhleti tamamlanandan soňra, daşary ýurtlara çykan raýatlaryň özüne çekiji iş şertleri we aýlyk tölegleri yzda galan harbylarda daşary ýurt döwletlerine çykmaga höwes döredýär.

“Harby serkerdeler we starşinalar tiziräk işden boşap, özlerine bäş ýyl möhlet bilen girizilen gadaganlygyň basym tamamlanmagyny we daşary ýurt döwletlerinde zähmet migranty bolmagy arzuw edýärler” diýip, harby gullukçylar aýdýar.

Türkmenistanda mejbury we meýletin görnüşde iki dürli harby gulluk bolup, çagyryş boýunça harby gullukçylar hökmany harby borçlulyga, borçnamalaýyn harby gullukçylar bolsa meýletin harby gulluga degişlidir. Harby serkerdeler düzümi hem käwagt çagyryş boýunça harby gulluga degişli edilip bilinýär.

Çagyryş boýunça harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlara degişlidir. Zenan we erkek raýatlar borçnamalaýyn harby gulluga 20-30 ýaş aralygynda girip bilýärler.

“Islendik welaýata borçnamalaýyn harby gulluk borjuny ýerine ýetirmäge iberilen serkerdeler we starşinalar üçin amatly ýaşaýyş we gulluk şertleri döredilmeýär. Şertnamada görkezilen azyk harytlary berilmeýär, ýaşaýyş jaýlary bölünip berilmeýär. Goranmak ministrligi tarapyndan berilýän harby lybaslaryň hili pes. Her ýarym ýylda bir gezek täzelenilmeli egin-eşikler 2-3 aýyň dowamynda reňki solup, agaryp gidýär. Egin-eşikler aňsat sökülýär. Şol sebäpden, harby ofiserler we borçnamalaýyn gullukçylar harby egin-eşikleri, aýakgaplary öz harajatlarynyň hasabyna satyn almaly bolýarlar” diýip, harby işgär aýtdy.

“Harby edaralar gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky ýyllarda ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda harby we hukuk goraýjy edaralarda öz islegleri boýunça işden çykýan işgärler barada habar berip gelýär. Işden çykmaga ýykgyn edýän polisiýa işgärleri we harby gullukçylar bäş ýyl gadaganlyk möhletini tamamlap, has oňat durmuş gözleginde daşary ýurtlara çykmagy arzuw edýärler.

Azatlygyň habarçylary 2023-nji ýylyň awgustynda Balkan welaýatynda 200-e golaý harby işgäriň öz arzalary bilen işden çykandyklaryny habar berdiler.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri harby we hukuk goraýjy işgärlerine niýetlenilip, ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny görkezýär, ýöne olaryň ýüzbe-ýüz bolýan amatsyz ýaşaýyş-durmuş şertlerini agzamaýar.

Azatlyk Radiosy harbylaryň üpjünçilik şertleri boýunça Goranmak ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG