Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby ofiser: “Berdimuhamedowyň hal-ýagdaýy gowulandyrmak wadalaryna ynanmaýarys”


Türkmen harby gullukçylary (arhiw suraty)
Türkmen harby gullukçylary (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda gulluk geçýän ofiserleriň ençemesi bilen söhbetdeş bolup, harbylaryň gündelik durmuşyna barha agram salýan durmuş-ykdysady problemalar, şeýle-de geçen hepde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin “mynasyp şertleriň” döredilmegi baradaky wadalarynyň özlerinde galdyran täsirleri barada habar berdi.

Berdimuhamedowyň 12-nji ýanwarda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda harbylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça tagalla edilýändigi, bu ugurdaky işleriň ýene dowam etdiriljekdigi baradaky wadalary, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan serkerdeleriň sözünden çen tutulsa, diňe bir ynamsyzlyk bilen däl, eýse “ýokary nägilelik” bilen garşylanypdyr.

“Hawa, [prezidentiň çykyşyny] gördük, diňledik... Bu ýerde begenere zat ýok. Biz harbylar ondan-muňa göçüp it durmuşynda ýaşaýarys. Ofiserleriň köpüsi maşgalaly, çagaly. Olary gulluk geçýän ýerimize getirmek aňyrda dursun, berilýän aýlyklar bilen olaryň gün-güzeranyny hem kadaly üpjün edip bilmeýäris” diýip, adynyň efirde üýtgedilip Meýlis diýlip tutulmagyny soran 40 ýaşlaryndaky kapitan gürrüň berdi.

Asly daşoguzly Meýlis hünärli serkerde, ýagny ol saýlap alan käri boýunça Aşgabatdaky Harby institutda ýörite bilim aldy. Ol mundan soň, ilki Tejene, soňra-da Kaka iberildi, häzirki wagtda bolsa Marynyň harby bölümleriniň birinde gullugyny dowam etdirýär. Söhbetdeşimiziň howpsuzlygy jähtinden anyk ýerleriň atlaryny agzamaýarys.

“Tejende, Kakada gulluk geçen döwürlerim iki çagaly maşgalamy ýanyma getirjek bolup görgi baryny görendirin. Ilki göçe-göçlükde, ýolda öý goşlarymyz tozdy. Çagalarymyzy her gezek başga mekdebe, çagalar bagyna ýerleşdirmek hem uly mesele. Hökmany ýagdaýda para beräýmeli, bolmasa kabul etmeýärler. Perzentlerimiz hem täze ýere öwrenişip bilmän kösenýärler. Şol sebäpli, maşgalamy Daşoguzda goýup gaýtmaly boldum” diýip, Meýlis gürrüň berdi.

Ol bu ýagdaýlarda özi ýaly beýleki welaýatlardan gelen ofiserleriň öz sebitinden bolan esgerleriň gullukdan gaçmagyna “umyt edýändiklerini” hem belledi.

“Hawa, ofiser üçin bu nädogry garaýyş bolup biler. Emma hökümetiň harbylar babatyndaky syýasaty muňa sebäp bolýar. Ýylyň dowamynda gelnim, çagalarym bilen diňe ýekeje gezek didarlaşyp bilýärin. Haçanda bir esger gullukdan gaçsa, şol sebitden bolan ofiserleriň biri ony tapyp getirmek üçin komandirowka ugradylýar. Şonda baran badymyza tapsagam, ‘tampadyk’ diýip 3-5 gün öýümizde bolýarys” diýip, Meýlis aýtdy.

Ol Türkmenistanda eýýäm 4-5 ýyl bäri dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň hem harbylaryň durmuşyna, belki-de jemgyýetiň beýleki gatlaklaryna garanyňda hem, “has ýaramaz” täsir ýetirýän bolmagynyň mümkindigini çaklady.

“Prezident harbylary jaý bilen üpjün etjekmişin... Men harby gullugy hem goşanymda, eýýäm 20 ýyl töweregi bäri egnimde pagon göterýärin. Enteg-ä jaý gaýra görmedik. Kazarmada esgerler bilen bile ýatyp turýaryn, olaryň iýýän naharlary bilen iýmitlenýärin. Bank kartymy gelnime goýup gaýtdym, ondan ýeke köpügi hem almaýaryn. Şonda-da maşgalam doýa garna ýaşap bilmeýär” diýip, harby gullugy tamamlan dessine Harby instituta okuwa giren Meýlis belledi.

Türkmen esgerleri arassaçylyk işlerine çekilýär
Türkmen esgerleri arassaçylyk işlerine çekilýär

Ol özi ýaly başga-da tanyş ofiserleriniň uly böleginiň serhetler açylsa, harby kärinden el çekip, eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmak kararyna gelendiklerini hem sözüne goşdy.

“Gelnim hem her gezek telefonda gürleşenimizde, bu käri taşlap, daşary ýurda çykmagyň aladasyny etmelidigini aýdýar. Men bu käri söýüp, höwes edip saýlapdym. Watanyma hyzmat etmekçidim. Emma häkimiýetleriň, prezidentiň dyngysyz boş wadalary çagalarymyň garnyny doýurmaýar. Başga alaç galmady, ilkinji mümkinçilikde maşgalamy hem ýanym bilen alyp, ýurdy terk etjek” diýip, Meýlis sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen habarlaşyp, serkerdeleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri, şeýle-de prezidentiň soňky çykyşyndan soň gullukçylaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda haýsy anyk çäreleri dumuşa geçirmek göz öňünde tutulýandygy barada maglumat alyp bilmedi.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçylary serkerdeler bilen birlikde, esgerleriň gulluk etmeli bolýan agyr şertleri, şol sanda gowaça meýdanlarynda we beýleki işlerde mejbury zähmetde ulanylyşlary barada yzygiderli habar berýärler.

Mundan başga, esgerlere serkerdeler ýa-da gullukdaşlary tarapyndan edilýän sütemler barada ýygy-ýygydan habar berilýär. Bu sütemler netijesinde her ýyl onlarça ýaş ýigit öldürilýär ýa-da maýyp bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG