Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatydaky ýangynda bir aýal öldi, 43 adam ýaralandy


Almaty
Almaty

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda 1-nji awgustda köp gatly ýaşaýyş jaýynda bolan ýangyndan soň, ilki berlen habara görä, azyndan 31 adam, şol sanda 16 çaga keselhana ýerleşdirildi.

Soňra ýangynda bir aýalyň ölüp, 43 adamyň, şol sanda 26 çaganyň we iki göwreli aýalyň ýaralanandygy habar berildi.

Almaty jemgyýetçilik saglygy goraýyş bölüminiň Facebook sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, 1992-nji ýylda doglan aýal 16 gatly ýaşaýyş jaýynyň bäşinji ýa-da altynjy gatyndan ýykylyp, "köp sanly şikes" sebäpli aradan çykdy.

Birnäçe adam penjireden böküp, tüsseden we otdan gutulmaga synanyşdy. Bu wakada 250-300 töweregi adam halas edildi.

Gyssagly kömek gullugy ýangyn söndürijileriň Akkendiň günbatar etrabynda turan ýangyny 96 minutda söndürendigini aýtdy.

Sosial ulgamlarda aşakda ýokarky gatdan ýykylýan ýa-da bökýän çagalary ýere düşmänkä tutmak üçin düşek ulanýan adamlaryň toparlaryny görkezýän dramatiki wideo peýda boldy.

XS
SM
MD
LG