Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Gürjüstanyň premýer-ministriniň BMG-niň kabul edişlik duşuşygyna çakylygyny ýatyrdy


Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Kobakhidze 23-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär.
Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Kobakhidze 23-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär.

Ak Tam Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Kobakhidzeniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň dowamyndaky abraýly kabul edişlik üçin berlen çakylygyny ýatyrdy. Bu ozal ýakyn ýaran bolan iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň, Waşingtonyň Kawkaz döwletiniň hökümetiniň “demokratiki däl” diýýän hereketleri sebäpli, barha ýitileşýändigine ýene bir yşarat boldy.

Ak Tamyň karary baradaky media habarlaryny, ABŞ-nyň Tbilisidäki ilçihanasy 25-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna tassyklady. Ol Kobakhidze bilen beýleki ähli duşuşyklaryň hem ýatyrylandygyny aýtdy.

“Baýdeniň administrasiýasy premýer-ministr Kobakhidzeniň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky ýyllyk kabul edişligine berlen çakylygy ýatyrdy, mundan başga-da Gürjüstanyň hökümetiniň demokratiki bolmadyk hereketleri, ýalan maglumatlary ýaýratmagy, şeýle-de Birleşen Şatlar we Günbatar barada negatiw ritorikasy baradaky barha artýan aladalar sebäpli, Gürjüstanyň delegasiýasy bilen duşuşmakdan ýüz öwürdi” diýip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG