Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ahmatyň" serkerdesi Ukrainada ýesir düşen çeçenler "Bize gerek däl" diýýär


Apti Alaudinow
Apti Alaudinow

Çeçen ýörite güýçleriniň - "Ahmatyň" serkerdesi we rus goşunynyň Baş harby-syýasy müdirliginiň başlygynyň orunbasary Apti Alaudinow ukrain goşunlarynyň Kursk sebitine eden hüjümi wagtynda tabyn bolan çeçenistanlylary ýesirlikden boşatmajakdygyny aýtdy we “olaryň öldürilmegi üçin ähli zady etmäge” çagyrdy.

Alaudinow öz telegram kanalynda çap eden beýanatynda diňe agyr ýaralary sebäpli ýesir düşen ildeşlerine kömek edýändigini aýtdy.

“Ahmat” serkerdesiniň pikiriçe, garşylyksyz boýun egenler “ýaşamaga mynasyp däl”. “Ukrainalylar, olary özüňize alyp galyň, olar bize gerek däl. Olara näme etseňiz-de, meniň üçin hiç bir tapawudy ýok" diýip, Alaudinow aýtdy.

XS
SM
MD
LG