Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus sudy ABŞ žurnalisti Gerşkowiçiň kazyýet işini 18-nji iýula geçirdi


Ewan Gerşkowiç suduň zalynda. Ýekaterinburg. 26-njy iýun
Ewan Gerşkowiç suduň zalynda. Ýekaterinburg. 26-njy iýun

16-njy iýulda Russiýanyň Ural sebitindäki Ýekaterinbrug şäheriniň sudy “The Wall Street Journal” neşiriniň habarçysy Ewan Gerşkowiçiň 13-nji awgustda dowam etmeli kazyýet işini 18-nji iýula geçirdi.

Gerşkowiç Russiýada içalyçylyk aýyplamalary esasynda bir ýyldan hem aşa wagt bäri tussaglykda saklanýar. Onuň iş berijisi we ABŞ hökümeti bu aýyplamalary ret edýärler we onuň syýasy sebäpler esasynda saklanylýandygyny aýdýarlar.

Suduň maglumatyna görä, kazyýet diňlenişiginiň senesi süýşürmek barada Gerşkowiçiň gorag topary haýyş edipdir.

26-njy iýunda başlanan sud diňlenişigi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçýär. Gorag toparynyň senäni süýşürmek baradaky haýyşynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Gerşkowiç 2023-nji ýylyň 29-njy martynda habarçylyk iş sapary bilen Ýekaterinburga gelende saklandy. Ol gizlin harby maglumatlary edinmek we olary soňy bilen ABŞ-nyň Merkezi Aňtaw Agentligine (CIA) geçirmek synanyşygynda aýyplandy.

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy, kazyýet diňlenişigi başlanandan soň, 26-njy iýunda beýanat ýaýradyp, onda rus häkimiýetleriniň bildirilýän aýyplamalary delillendirer ýaly hiç bir subutnama hödürläp bilmändiklerini belledi, şeýle-de Gerşkowiçiň dessine azat edilmegine çagyrdy. Mundan başga-da, ol Moskwany ABŞ raýatlaryny özüniň syýasy maksatlary üçin ulanmagyny bes etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG