Birleşen Ştatlar Ysraýyl parlamentiniň Gaza zolagynda we Ýakyn Gündogaryň beýleki ýerlerinde, şol sanda Ysraýylda palestinalylara ýardam berýän Kömek we işler gullugyny (UNWRA) gadagan edýän kanunlary tassyklamagyndan “çuň alada” galdy.
Ysaýylyň BMG-niň kömek we işler gullugynyň Ysraýyldaky islendik işini, ysraýyl häkimiýetleri bilen BMG-niň kömek gullugynyň arasyndaky islendik gatnaşygy gadagan edýän çäresine jogap berip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mätýu Miller Waşingtonyň bu kanuna garşylygyny we ondan bildirýän aladalaryny açyk aýdandygyny aýtdy.
"Bu kanunlar bizi gaty biynjalyk edýär. Ol UNRWA-nyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky, Gazadaky, Gündogar Iýerusalimdäki işini soňlap biler" diýip, ol 29-njy oktýabr güni giçlik geçirilen brifingde aýtdy.
“Ol saglygy goraýyş, başlangyç we orta bilim ýaly esasy hyzmatlar üçin UNRWA-a bil baglaýan millionlarça palestinaly üçin töwekgelçilik döredýär" diýip, Miller BMG-niň kömek gullugynyň “palestinalylary kömek bilen üpjün etmekdäki aýgytly roluny” nygtap aýtdy.
Bu kanunlar 28-nji oktýabrda Ysraýylyň parlamenti, Knesset tarapyndan tassyklandy we 90 günde güýje girer.