ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza zolagyny bombalamagy zerarly adam ýitgileriniň "kabul edip bolmajak ýokarydygyny" Ysraýylyň iki sany ýokary derejeli resmisine 16-njy iýulda aýtdy. Bu barada Blinkeniň wekili habar berdi.
Ysraýylyň goşuny soňky günlerde adam pidaly hüjümleriň birnäçesini amala aşyrdy, şol sanda bosgunlar lagerine we parahat ilatyň gaçybatalgasy bolan BMG tarapyndan dolandyrylýan birnäçe mekdebe zarba urdy.
ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy hökmünde hasaplanýan Hamas muňa jogap edip, ok atyşygy bes etmek boýunça ylalaşykdan çykýandygyny aýtdy.
Bu bolsa ýaraşyga gelmek we zamunlary boşatmak mümkinçiligini has hem azaldýar.