ABŞ-nyň Gizlin Gullugynyň direktory Kimberly Çeatle ozalky prezident Donald Trampyň janyna kast ediş synanyşygyny, edaranyň soňky onýyllyklaryň dowamyndaky iň uly şowsuzlygy diýip atlandyrdy. Ol bu barada ABŞ kanunçykaryjylarynyň soraglaryna beren jogabynda aýtdy.
“13-nji iýuldaky ozalky prezident Donald Trampyň janyna kast ediş synanyşygy, Gizlin Gullugyň onlarça ýylyň dowamyndaky iň uly şowsuzlygy boldy. Birleşen Ştatlaryň Gizlin Gullugynyň direktory hökmünde edaranyň howpsuzlyk babatyndaky bärden gaýtmasy üçin ähli jogapkärçiligi öz üstüme alýaryn” diýip, Çeatle 22-nji iýulda Wekiller Öýüniň Gözegçilik we Jogapkärçilik komitetiniň öňünde eden çykyşynda aýtdy.
Iki partiýanyň hem kanunçykaryjylary Çeatle wezipesinden gitmäge çagyrdylar.