ABŞ-nyň Ukraina aňtaw kömegini çäklendirmek baradaky karary Kiýewiň Russiýa garşy özüni goramak ukybyny düýpli pese gaçyrar, ýöne bu Ukrainanyň söweş tagallalarynyň soňuna çykjakdygyny aňlatmaýar diýip, resmiler we analitikler aýdýarlar.
Waşington 5-nji martda Ukraina bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmaga çäklendirmeler girizýändigini mälim etdi. Bu ädim, ABŞ-nyň Kiýewe edýän harby kömegi togtatmagynyň yzýanyna gabat geldi.
Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň müdiri Jon Ratkliffe (John Ratcliffe) aňtaw maglumatlaryny paýlaşmak boýunça täze çäklendirmeleriň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ukrain kärdeşi Wolodymyr Zelenskiýniň, geçen hepde Ak tamyň Owal ofisinde iki lideriň arasynda bolup geçen gyzgyn çekişmeden soň, parahatçylyga ygrarlylygy baradaky aladalaryndan gözbaş alandygyny aýtdy.
Ukraina ABŞ-nyň aňtaw gullugyny nähili ulanýar?
ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň Ukraina berýän kömeginiň anyk möçberi, göwrümi we täsiri köpçülige mälim edilmedi. Şeýle hem aňtaw paýlaşmagyň näderejede togtadylandygy ýa-da anyk haýsy ugurlarda saklanýandygy entek belli däl.
ABŞ-nyň iki goranmak işgäri 7-nji martda CNN telekanalyna beren maglumatynda Birleşen Ştatlaryň Ukraina bilen goranyş operasiýalaryna kömek bermek üçin aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagyny dowam etdirýändigini, emma rus güýçlerine garşy hüjüm etmek üçin ulanylyp bilinjek aňtaw maglumatlary paýlaşmagyny “azaldandygyny” aýtdy.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan birnäçe bilermen we syýasatçy ABŞ-nyň Ukrainany rus goşunlarynyň ýerleşýän ýeri we hereketi, agyr ýaraglar we olaryň niýetlenen hüjümleri baradaky möhüm maglumatlar bilen üpjün edendigini aýtdy. Olar bu maglumatlaryň çylşyrymly hemra gözegçiligi, signallary saklamak we adam baýlyklaryndan alnan maglumatlar arkaly ýygnalýandygyny hem bellediler.
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän, satellit arkaly düşürilen ýokary çözgütli hemra suratlaryny üpjün edýän “Maksar” (Maxar) Azatlyk Radiosynyň “Nastoýaşeýe Wremýa” gullugyna beren maglumatynda özüniň ukrain müşderileriniň ABŞ tarapyndan üpjün edilýän maglumatlar bilen bagly giriş çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.
“Maksaryň ABŞ-nyň hökümeti we dünýädäki onlarça ýaran we hyzmatdaş döwletleri bilen hemra suratlaryny we beýleki geokosmiki maglumatlary bermek üçin şertnamalary bar” diýip, “Maksaryň” metbugat wekili “Nastoýaşeýe Wremýa” beren maglumatynda aýtdy.
“Şol şertnamalaryň biri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan ýüklenen we ýygnanan täjirçilik hemra suratlaryna girmegi üpjün edýän ABŞ-nyň GEGD (Global Enhanced GEOINT Delivery Programma) hökümet programmasydyr. ABŞ hökümeti GEGD-däki ukrain hasaplaryny wagtlaýynça togtatmak kararyna geldi” diýip, “Maksar” belledi.
Ukraina bilen paýlaşylan aňtaw maglumatlary ukrain harbylaryna hüjümleri we operasiýalary meýilleşdirmäge we gelýän rus howa zarbalaryna we ýerüsti hüjümlere garşy öz wagtynda duýduryş almaga mümkinçilik berýärdi diýip, bilermenler aýdýar.
Russiýa 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli çozuşa başlaly bäri, ukrain şäherleri, şol sanda paýtagt Kiýew yzygiderli howa hüjümlerine sezewar edildi.
Ukrainanyň Milli howpsuzlyk, goranmak we aňtaw komitetiniň sekretary Roman Kostenko ABŞ-nyň “möhüm” aňtaw maglumatlarynyň ýoklugynyň ukrain goşunlarynyň we parahat ilatyň janyny “has uly howp astynda goýýandygyny” aýtdy.
“Daşarky aňtaw maglumatlary bolmasa-da, duşmany [heniz-de] urup, nyşana alyp bilýärismi? Hawa, elbetde. Mysal üçin, uzakdaky howa meýdançasy ýaly, öňünden bilinýän stasionar nyşanalary urup bilýäris” diýip, öňki harby serkerde Kostenko 5-nji martda aýtdy.
“Emma, biz uçarlaryň bardygyny ýa-da Ukraina hüjüm etmek üçin taýynlyk görýändiklerini hakyky wagtda görmek üçin [ABŞ-nyň aňtaw gullugyna bil baglaýarys]” diýip, ol sözüne goşdy.
Şeýle hem, Ukraina ABŞ tarapyndan üpjün edilen HIMARS uzak aralykdan raketa atyjy ulgamlary we ABŞ-nyň goşunynyň taktiki raketa ulgamyny (ATACMS) dolandyrmak üçin hem ABŞ-nyň maglumatlaryna garaşlydyr. Bular dünýäniň iň ösen, öňdebaryjy artilleriýa ulgamlarynyň hataryndadyr.
Bilermenler Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aňtaw paýlaşylmagynyň togtadylmagynyň, HIMARS-a we ATACMS-a degişli maglumatlary hem nyşana alýandygyny, munuň Ukrainanyň bu ulgamlary Russiýa garşy ulanmagynyň öňüni alyp biljekdigini aýtdylar.
Ösen ulgamlar we içalylar
Nýu-Yorkda ýerleşýän rus aňtaw analitigi Ruslan Lewiew ABŞ-nyň aňtaw gullugyny “ösen” we “beýleki döwletler bilen deňeşdirip bolmajak” diýip häsiýetlendirip, Birleşen Ştatlaryň aňtaw hemralaryna, häzirki zaman tehnologiýalaryna we aňtaw mümkinçiliklerine maýa goýmak üçin ep-esli maliýe serişdesiniň bardygyny aýtdy.
“Rus bombaçylary raketa atmak üçin serhede tarap ýola düşenlerinde, Amerikanyň aňtaw gullugy muny öňünden anyklap bilýär. Birleşen Ştatlar hatda Russiýanyň Goranmak ministrliginiň içerki aragatnaşygyny hem saklap biler, bu ýerde uçuşlary meýilleşdirmek ýa-da belli bir nyşana hüjüm etmek baradaky buýruklar berilýär. Bu, Birleşen Ştatlaryň hüjümler barada uçarlar uçmazdan ozal hem bilip biljekdigini aňladýar” diýip, Lewiew belledi.
Ukraina ABŞ-nyň harby aňtaw gullugynyň kesilmeginden aman galyp bilermi?
Syýasatçylar we bilermenler Waşingtonyň aňtaw kömegini birden çäklendirmek baradaky ädiminiň Kiýewiň söweş tagallalaryny öňküsinden has kyn we amatsyz ýagdaýa saljakdygy bilen ylalaşýarlar.
Emma käbir ukrainalylar ýurduň beýleki günbatar ýaranlary we öz çeşmeleri tarapyndan berilýän maglumatlar bilen maglumat boşlugyny dolduryp biljekdigini umyt edýärler.
Fransiýa ABŞ-nyň täze kararynyň özüniň Ukraina bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagyna täsir etmändigini aýtdy. Britan habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Angliýa ABŞ-dan alan maglumatlaryny geçirmese-de, Ukrainany aňtaw maglumatlary bilen üpjün etmegini dowam etdirer.
Düýbi Kiýewde ýerleşýän “Lewiathan” analitik toparynyň bilermeni Mykola Melnyk ABŞ-nyň aňtaw maglumatlary paýlaşmagy togtatmagynyň, “Angliýa we Fransiýa ýaly ýurtlaryň gaty güýçli aňtaw gurluşlarynyň” kömegi esasynda, Kiýew üçin “betbagtçylykly” boljakdygyny aňlatmaýandygyny aýtdy.
Muňa garamazdan, köp bilermen beýleki günbatar ýaranlary tarapyndan üpjün edilýän we Ukrainanyň özi tarapyndan alnan aňtaw maglumatlarynyň göwrüm we hil taýdan Birleşen Ştatlaryňka laýyk gelmeýändigini we munuň ABŞ-nyň togtatmasy esasynda dörän boşlugy diňe bölekleýin dolduryp biljekdigini bellediler.
“ABŞ-ly harby hyzmatdaşlarymyzyň bize beren maglumatlary dürli-dürlidi we häzirki wagtda onuň ýoklugynyň bize nämä sebäp boljakdygyny çaklamak kyn” diýip, ukrain harby analitigi Serhiý Bezkrestnow aýtdy.
"Ýaragly güýçlerimiz häzirki wagtda bar bolan çeşmelerimiz bilen işlemegini dowam etdirýär we biz şunuň bilen oňuşmaly bolýarys. Bizde başga çykalga ýok" diýip, Bezkrestnow belledi.
Bu makala Azatlyk Radiosynyň Ukrain we “Nastoýaşeýe Wremýa” gulluklary goşant goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum