Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 10-njy martda Saud Arabystanynyň täç geýen mirasdüşer şazadasy Muhammad bin Salman bilen duşuşmak üçin Riýada sapar edýär.
Zelenskiniň sapary ukrain we ABŞ delegasiýalarynyň Russiýanyň Ukrainadaky üç ýyllyk urşuny soňlamak maksady bilen Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirjek aýgytly gepleşiklerinden bir gün öň bolup geçýär.
Kiýewiň möhüm harby goldawçysy bolan ABŞ Ukraina berýän harby ýardamlaryny hem-de aňtaw maglumatlaryny alyşmagy togtadyp, hem-de Moskwa bilen göni gepleşik geçirip, çaknyşygy tiz wagtda soňlatmak isleýär.
11-nji martda geçiriljek ABŞ-Ukraina gepleşikleri 28-nji fewralda Zelenski, ABŞ-nyň prezident Donlad Tramp, hem-de ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wansyň arasynda Süýri Kabinetde 28-nji fewralda bolup geçen çekişmeden bäri geçiriljek ilkinji formal duşuşyk bolar. Şol çekişmede ukrain prezidenti jemgyýetçiligiň öňünde tankytlanyp, ondan Ak tamy terk etmek soralypdy.
Zelenski özüniň Jiddede geçiriljek ABŞ-Ukraina gepleşiklerine gatnaşmajakdygyny aýtdy. Kiýewiň wekiliýetiniň düzüminde daşary işler ministri Andriý Sybiha, Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak hem-de goranmak ministri Rustem Umerow bolar.
ABŞ wekiliýetiniň düzümine Trampyň Ýakyn gündogar boýunça wekili Stiw Witkoff, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, hem-de milli howpsuzlyk maslahatçysy Maýk Waltz dagylaryň girizilmegine garaşylýar. Rubio 9-njy martda giç agşam Saud Arabystana gitdi.
“Biz konstruktiw dialoga doly ygrarlydyrys hem-de zerur kararlar we ädimler babatynda pikir alyşmagy we ylalaşmagy umyt edýäris” diýip, Zelenski 9-njy martda X postunda aýtdy. “Stolda realistik teklipler bar. Çalt we netijeli hereket etmek zerur bolup durýar” diýip, ol belledi.
Kiýewiň Zelenski tarapyndan ileri sürlen we ilkinji ädim hökmünde howa we deňiz ýaraşygyny öz içine alýan parahatçylyk meýilnamasyny teklip etmegine garaşylýar.
Zelenski Russiýa bilen tiz wagtda ok atyşygy bes etmäge ylalaşmak boýunça Waşingtonyň agyr basyşlaryna sezewar bolýar, üstesine ABŞ howpsuzlyk kepilligini wada bermeýär. Ýöne, Moskwa şu wagta çenli duşmançylygy bes etmäge gyzyklanma bildirmedi.
Russiýa soňky günlerde goňşusynyň üstüne amala aşyrýan hüjümlerini möwjetdi we söweş meýdanyndaky öňegidişlikler barada habar berdi.
Tramp 9-njy martda Ukrainanyň, hatda ABŞ hemaýaty bolanda hem, Russiýa garşy uruşda aman galyp bilmejekdigini öňe sürdi.
Ol ‘Fox News’ telekanalyna beren interwýusynda Ukraina berilýän ýardamlary azaltmak boýunça kabul eden kararyny gorap çykyş etdi we “ol onsuz hem ama galyp bilmez” diýdi.
Şeýle-de, Tramp Zelenskiniň ABŞ goldawyna minnetdar bolmazlygy baradaky öňe sürmesini gaýtalady, ýöne ukrain prezidentini “akylly” we “erjel” hökmünde suratlandyrdy.
Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi 9-njy martda Kursk sebitindäki birnäçe obalary we şäherçeleri – şol bir wagtda, gündogar Ukrainada başga-da birnäçe ilatly ýerleri – gaýtadan yzyna alandygyny mälim etdi. Müňlerçe ukrain harbylarynyň rus güýçleri tarapyndan daşynyň gabalmak howpunyň astynda galýandygy barada tassyklanmadyk habarlar gelip gowuşýar.
Forum