Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus polisiýasy sorag işlerini dowam etdirýär


Güman edilýän terroristiň ýaşan jaýy, Belarusyň Witebsk şäheri.
Güman edilýän terroristiň ýaşan jaýy, Belarusyň Witebsk şäheri.
Belarusyň paýtagty Minskiniň metro stansiýasyndaky partlama bilen baglanyşykly polisiýa Witebsk şäherinde sorag işlerini dowam etdirýär. Şu aýyň 11-ne bolan bu partlamada 13 adam ölüp, 200-e golaý adam ýaralandy.

Bu partlama dahyllylykda aýyplanyp, Witebskiniň üç ýaşaýjysynyň tussag edilendigi, hatda olaryň bu wakada elleriniň bardygyny boýun alandyklary baradaky maglumatlar tussag edilenleriň atlary bilen Orsýetiň internet habar saýtlarynda berildi. Ýöne muňa garamazdan, Belarusyň resmileri bu habarlary entek ne tassyklady, ne-de iňkär etdi. Belarus prokurorlarynyň aýtmagyna görä, tussaglara resmi taýdan aýyplamalar 23-nji aprelde bildirler.

Derňewçiler Witebsk şäherinde gapyma-gapy aýlanyp, maglumat toplaýandyklaryny bu şäheriň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna gürrüň berýärler.

Gapyma-gapy...

“Partlamadan bir hepde soň, ýagny 18-nji aprelde, ilkinji gezek meniň gapym kakyldy. Polisiýanyň wekili maňa: “Biz bu ýere Baş prokuraturanyň tabşyrygy esasynda geldik. Sen bärde nämäniň bolup geçenini bilýäňmi?” diýip sorady. Ol hatda nämäni göz öňünde tutýandygyny-da aýtmady. Ol hiç kimiň adynam tutmady. Aý, menem sorap durmadym. Soňra ol maňa: “Belki, sen bir zatlar eşidensiň, sen bärde ýaşaýaň-a... Belki, podwalda bir sesler bolandyr? Belki, sen bir zatlaryň, ýagny himikatlaryň ýa-da partlaýjy serişdeleriň ysyny alansyň? diýdi” diýip, Witebskiniň ýaşaýjysy aýtdy.

Bu adam özüne berlen soraglara oňaýsyz jogap berensoň, polisiýa işgäri onuň gapysyndan gidipdir.

Metbugatda partlama dahyllylykda aýyplanyp tussag edildi diýlen üç kişiniň ýaşan jaýyndaky başga bir ýaşaýjy şeýle gürrüň berýär: “Ol gelip bizden nämedir bir zatlary eşidip-eşitmänligimizi sorady. Ol bize şeýle diýdi, ýagny, siz bu ýerde ýaşaýandygyňyza görä, megerem, siz käbir zatlary duýansyňyz? Belki, käbirleri bärde synag geçirendir ýa-da bir zatlary ýarandyr? Nätjek, bu biziň polisiýamyz. Haçan-da bärde dawa-jenjel ýa-da şuňa meňzeş başga bir waka ýüze çyksa, olar gelip şular ýaly soraglary berýärler. Biziň raýonymyzda iç gysmaga maý bolmaýar”.

Prokurorlar tussag edilenler partlaýjy serişdäniň özleriniň ýaşan jaýynyň ýerzemininde “laboratoride” taýýarlanandyny aýdýarlar. Emma mediada tussag edildi diýlip berilýän adamyň jaýynyň ýerzemininde derňew geçirilýändiginiň hiç bir yşaraty ýok.

Witebskiň beýleki ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olara žurnalistler bilen gürleşmeli däldikleri barada hem duýdurlypdyr.

Güman edilýänler


Dzimitry Kanawalaunyň we Ulad Kawalýowyň dost bolandyklary we olaryň ikisiniň hem 35-nji şäher mekdebinde okandyklary nygtalýar.
Mediada çap edilen maglumatlarda Minskidäki partlamany amala aşyrmakda esasy gümän edilýän iki adamyň, ýagny 25 ýaşlaryndaky Dzimitry Kanawalaunyň we Ulad Kawalýowyň dost bolandyklary we olaryň ikisiniň hem 35-nji şäher mekdebinde okandyklary nygtalýar. Bu okuw jaýyna gatnaýan başga bir studentiň ejesiniň aýtmagyna görä, ol ýerdäki mugallymlar häzir gorky astynda: “Olar häzir sapak wagtlarynyň gurnalyşy, mekdepde ideologiýanyň öwredilişi barada barlag işlerine garaşýarlar. Ähli kişi gorky astynda”.

Kanawalau bilen 2009-njy ýylda harby gullugy bile geçen, oppozisiadaky “Ýaşlar Fronty” toparynyň aktiwisti, häzirki wagt Polşada ýaşaýan, Iwan Şylanyň aýtmagyna görä, Minskidäki partlama bilen baglylykda olaryň gulluk ýoldaşlary hem soraga çekilipdir.

Iwan Şyla metro stansiýasynyň kameralaryndaky görkezilen kişiniň Kanawalaudygyny aýdýar: “Men 99% onuň şodugyna ynamym bar. Birinji görnüşlerde surat gaty bir aýdyň däl. Ýöne haçan-da metroda bombany goýup çykyp barýan wagty, şoldugyny doly görmek bolýar. Men başga biri oňa beýle meňzär öýdemok”.
XS
SM
MD
LG