Penşenbe güni BRICS topary, ýagny dünýäniň iň uly we çalt özgerýän ykdysadyýeti bolan bäş döwlet, Hytaýyň Hainan welaýatyndaky Sanýa şäherinde duşuşýar.
BRICS toparyna Braziliýa, Orsýet, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika girýär.
Sammitiň soňunda bilelikdäki beýanaty ýaýratmak hem göz öňünde tutulýar.
Sammitiň dowamynda serediljek meseleleriň arasynda halkara maliýe sistemasynyň reformalaşdyrylmagy, söwda meseleleri, şeýle-de Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky ýagdaýlar hem bar.
BRICS toparynyň dört agzasy - Hytaý, Orsýet, Hindistan we Braziliýa halkara güýçleriniň Muammar Kaddafiniň güýçlerine garşy amala aşyrýan howa hüjümlerini ýazgarypdy.