Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskidäki partlama kimiň bähbidine?


Kastryçnitskaýa metro stansiýasynda amala aşyrylan partlamadan soň, howpsuzlyk işgärleri Kamennaýa Gorka metro stansiýasyna gelýän adamlaryň dokumentlerini barlaýarlar, Minski, 12-nji aprel.
Kastryçnitskaýa metro stansiýasynda amala aşyrylan partlamadan soň, howpsuzlyk işgärleri Kamennaýa Gorka metro stansiýasyna gelýän adamlaryň dokumentlerini barlaýarlar, Minski, 12-nji aprel.
11-nji aprelde Minskiniň metro stansiýasyndaky partlamanyň yz ýany, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýurduň howpsuzlyk güýçlerine şeýle sözler bilen ýüzlendi: "Adamlar, bu bize ekjeşmek bilen edilen iş, bize çynlakaý çagyryş edildi diýse bolar. Biz munuň juda çynlakaý çagyryşdygyna düşünmelidiris. Biz muňa laýyk jogaby bermeli bolarys. Bu jogap hökman tapylmalydyr".

Şeýle-de Lukaşenko bu partlamanyň arkasynda kimleriň durandygyny tapmagyň zerurdygyny nygtady: "Men bu "sowgadyň" daşary ýurtdan getirilen bolmagynyň mümkindigini aradan aýramok. Ýöne ilki bilen ýurduň içini barlamaly".

Çarşenbe güni Belarusyň prokurorlarynyň beren maglumatlaryna görä, Minskiniň metrosynda bolan partlama bilen baglanyşykly iki adam tussag edilipdir. Baş prokurorynyň orunbasary Andreý Şwed bu hüjüme dahyly bolanlykda şübhelenilýänleriň ikisiniň hem belarus milletindendigini, olaryň sorag edilendigini habar berdi.

Anyklamak aňsat däl

Derňew işleriniň ýaňy başlanandygyny göz öňünde tutup, 12 adamyň ömür tanapyny kesen, şeýle-de 200 töweregi adamy ýaralan bu wakanyň arkasynda kimleriň durandygyny, häzirlikçe aýtmak mümkin däl. Ýöne her kim Lukaşenkonyň goýan soragyny gaýtalaýar: "Bu terror hüjümi we gandöküşiklik kime peýdaly?"

Fotosýužet: Partamadan soňky pursatlar



Belarusyň Internet äleminde gaýmalaýan pikirleriň ählisi diýen ýaly biri-birine meňzeş. Ýagny, bu heläkçilikden iň köp bähbit görjek kişi –bu Lukaşenkonyň özi. Lukaşenko bu howpsuzlyk krizisini ulanyp, indi islendik syýasy öwrümleri amala aşyryp biler.

Soňky hepdeleriň dowamynda ykdysady krizis Belarusy sarsdyrypdy. Munuň netijesinde, ykdysady kynçylyklara döz gelip bilmek üçin, Belarus hökümeti Orsýetden 3 milliard töweregi dollar pul serişdesini soramaga mejbur boldy. Soňky howpsuzlyk krizisi bolsa, öňler hem bolşy ýaly, oppozisiýadan dynmak ýa-da onuň garşysyna görülýän berk çäreleri aklamak üçin ulanylyp bilner.

Yslamçylar günäkärlenýär

Geçirilen derňewleriň netijelerine görä, metro stansiýasynda partlamany amala aşyrmak üçin ýokary derejede taýýarlygyň görlendigini aýtmak bolar. Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň polkownigi, Wladimir Lutsenkonyň bellemegine görä, bu "100 prosent" halkara yslamçy terroristleriň işi bolmaly.

Lutsenko: "Haçanda asuda şäheriň köçelerinde bigünä aýallar we çagalar öldürilende, şol wagt ähli kişi tisginýär we hemmeler üçin bu juda agyr ýagdaý. Olar hem bular ýaly ýöntem zatlary ähli ýerlerde ulanýarlar. Olar Yrakda we Pakistanda metjitleri ýarýarlar. Olar Moskwada öýleri weýran edýärler. Olar Amerikada jaýlary partladýarlar" diýdi.

Şeýle-de Lutsenko Minskidäki partlamanyň, hamala, belarus resmileri ýa-da syýasy oppozisiýa tarapyndan amala aşyrylandygy baradaky çaklamalaryň "samsyklykdygyny" aýtdy: "Olar Moskwa barada hem şu zatlary aýtdylar, ýagny FSB Orsýeti partladýar, Putin häkimiýete gelmek üçin parahat ilatyň öýlerini weýran edýär diýen ýaly gepler. Biz beýle boş gürrüňleri eýýäm eşidipdik. Men bular ýaly zatlary häzir hem eşitsem geň galmaryn".

Öň hem bolupdy

Emma, Lutsenkonyň bu ynamly belliklerine garamazdan, Belarusyň Yslam terrorizmi bilen ilteşikli hiç hili taryhy bolmandy.

2005-nji ýylda Witebskdäki partlamada 40 adam ýaralanypdy. Şol wagt bu partlamanyň jogapkärçiligini, hiç kim tarapyndan bilinmeýän, Lukaşenko garşy bir topar öz üstüne aldy. Emma bu hadysa bilen baglanyşykly hiç kime iş kesilmedi.

2008-nji ýylyň iýulynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen konsertde partladylan bobmada 50 adam ýaralandy. Şol konserte Lukaşenkonyň özi hem gatnaşypdy. Bu hüjüm, ýokary derejedäki derňew işleriniň geçirilendigine garamazdan, ýene-de çözülmän galdy.

Golaýdaky hüjüm, geçen ýylyň noýabryndaky ýasama prezidenlik saýlawlaryndan soňky dartgynlylygy aradan aýyrmakdan we ykdysady krizisden ünsi çekmekden ötri, ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň düzüminde üýtgetmeleri geçirmäge hem gönükdirilip bilner.
XS
SM
MD
LG