Sepleriň elýeterliligi

 
Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň “Asyryň Ylalaşygy”: prezidentler ilkinji gezek gollaryny gysyp, gujaklaşdylar
Soňky habar

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň “Asyryň Ylalaşygy”: prezidentler ilkinji gezek gollaryny gysyp, gujaklaşdylar


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon (çepde) bilen Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow elleşýärler
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon (çepde) bilen Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow elleşýärler

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow köp ýyllap dowam eden we käte ganly çaknyşyklara sebäp bolan serhet dawasyny çözmek üçin serhet ylalaşygyna gol çekdiler. Resmiler bu ylalaşygy “diplomatiýanyň üstünligi” diýip atlandyrýarlar.

2025-nji ýylyň 13-nji marty indi Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň taryhynda möhüm sene hökmünde bellener. Şol gün iki ýurduň prezidentleri döwlet serhedi baradaky ylalaşyga gol çekdiler we “Kaýragaç” hem-de “Gyzyl-Bel” geçelgelerini açdylar. Bu geçelgeler 2021-nji ýylyň maý aýyndaky ýaragly çaknyşyklardan soň ýapylypdy.

Ylalaşyga laýyklykda, 14-nji martdan başlap, iki ýurduň arasynda Bişkek-Duşenbe we Bişkek-Hudjand ugurlary boýunça howa gatnawlary täzeden ýola goýlar.

Dünýäniň ünsüniň Russiýanyň Ukraina garşy üç ýyllyk giň gerimli çozuşyny bes etmek boýunça gepleşiklere gönükdirilen döwründe, Merkezi Aziýanyň iki döwleti uzak we käte ganly bolan serhet dawasyny geçmişde galdyrmak üçin ümsüm işlediler.

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň 1000 kilometreden gowrak uzynlykdaky serhedi boýunça ylalaşyk taslamasy “taryhy” statusa mynasyp bolup görünýär. Bu dawalar sowet döwrüne, iki ýurduň hem Moskwanyň gözegçiliginde bolan döwrüne degişlidir.

Serhet ylalaşygynyň ähmiýeti şundadyr: bary-ýogy üç ýyl mundan ozal serhediň ýarysyna golaýy jedelli bolup, iň agyr çaknyşyklar 2021 we 2022-nji ýyllarda bolup geçip, iki tarapdan hem köp sanly pidalara sebäp boldy.

(Слева направо) Президент Казахстана Касым-Жомарт Токаев, президент Таджикистана Эмомали Рахмон, президент России Владимир Путин, президент Турции Тайип Эрдоган, президент Кыргызстана Садыр Жапаров и президент Узбекистана Шавкат Мирзиеев принимают участие в саммите Шанхайской организации сотрудничества (ШОС) в Самарканде, Узбекистан, 15 сентября 2022 года.
(Çepden saga): Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, täjik prezidenti Emomali Rahmon, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň prezidenti Taýyp Erdogan, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow we özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew. 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabry.

Ikinji çaknyşykdan birnäçe hepde soň, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň araçylyk etmeginde geçirilen duşuşykda biri-biriniň elini gysmandy. Putin bu meselä aýratyn üns bermändigi ýaly bolup göründi.

Bişkegiň Manas aeroportynda täjik prezidentini garşy alýarlar
Bişkegiň Manas aeroportynda täjik prezidentini garşy alýarlar

Emma 2025-nji ýylyň 12-nji martynda Rahmon Bişkekde, Gyrgyzystanyň paýtagtynda, uçardan düşen badyna iki lider uzak wagtlap el gysyp, üç gezek gujaklaşdylar. Täjigistanyň ýolbaşçysyny gyrgyz we täjik dillerinde aýdym aýdýan tansçylar we sazandalar garşyladylar. Şeýle hem Rahmonyň suraty we “Hormatly Prezident” diýen ýazgyly banner asyldy.

Täzelenen maglumatlara görä, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhediniň umumy uzynlygy 1006,84 kilometre deň bolup, şonuň 519,9 kilometri 2011-nji ýyla çenli kesgitlenipdi, galan 486,94 kilometri bolsa soňky üç ýylda anyklanyldy.

Indi bu ylalaşyk iki ýurduň parlamentleri tarapyndan tassyklanmalydyr, ýöne bu diňe formal bir ädim bolup görünýär. Soňra suw çeşmeleri az bolan, ilatly sebitlerde köp ejir çeken jemgyýetleriň durmuşynyň nähili üýtgejekdigi sorag astynda bolar.

Böwetleri aşmak

2021-nji ýyla çenli serhet hadysalary esasan gündelik durmuşdaky dawa-jenjeller bolup, wagtal-wagtal gyrgyz we täjik jemgyýetleriniň arasynda serhediň bozulmagy we suw çeşmelerine elýeterlilik sebäpli ýüze çykýardy. Ýöne käwagt iki ýurduň serhetçileri hem bu çaknyşyklara gatnaşýardy.

Emma 2021-nji ýylda bu çaknyşyklar diňe bir ok atyşyk bilen çäklenmän, agyr artilleriýanyň we daşary ýurtlarda öndürilen pilotsyz uçarlaryň ulanylmagybilen has hem ýitileşdi. Mysal üçin, Gyrgyzystan 2021 we 2022-nji ýyllarda Türkiýeden Bayraktar TB2 pilotsyz uçarlaryny satyn alandygyny buýsanç bilen habar beripdi. Bu ýagdaý dawanyň derejesini we pidalaryň sanyny artdyrdy.

2022-nji ýyldaky dört günlük çaknyşykda diňe Gyrgyzystanda 100 müňden gowrak adam öz öýlerini terk etmeli boldy. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasy bu çaknyşykda iki tarapyň hem uruş kanunlaryny düýpli bozandygyny belledi.

Çaknyşyklarda zyýan ýeten bir jaý
Çaknyşyklarda zyýan ýeten bir jaý

Hasabatda raýat ulaglaryna we tiz kömek maşynlaryna edilen hüjümler, partlaýyjy maddalaryň “biparh” ulanylmagy, harby güýçler tarapyndan kazyýetsiz jezalandyrmalar we öýleriň hem-de raýat infrastrukturasynyň otlanmagy ýaly wakalar agzalyp, raýatlaryň arasynda onlarça adamyň ölmegine sebäp bolandygy nygtalýar.

Artykmaç weýrançylyk we dowam edýän ýarag ýaryşynyň perspektiwasy, ýakyn geljekde hiç bir tarapyň anyk ýeňiş gazanyp bilmejekdigi, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň gepleşiklerine täsir ýetirdi. Bu ýagdaý ylalaşyga itergi berse-de, bu gepleşikleriň ýeňil bolmandygy bellidir, esasanam serhetleriň anyk kesgitlenmän galmagy sebäpli.

Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk Döwlet Komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew fewralyň 21-ne gol çekilen protokolyň gaty kyn şertlerde kabul edilendigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, iň uly jedel nokatlarynyň biri Täjigistana Woruh anklawynyň töweregindäki örüm ýerleriniň bölünip berilmegi bolupdyr.

Şeýle hem, Gyrgyzystanyň günorta-günbataryndaky Batken sebitindäki iki etrap arasynda erkin gatnawy üpjün edýän, bary-ýogy 20 metr uzynlykdaky strategiki köpriniň statusy uly jedel döretdi. Taşiewiň aýtmagyna görä, bu meseläni Gyrgyzystanyň peýdasyna çözmek üçin alty aý töweregi wagt gerek boldy.

Dostuk obasy

Mundan başga, Gyrgyzystan Täjigistany 1920-nji ýyllaryň kartalaryny – Staliniň Merkezi Aziýadaky serhet syýasatynyň altyn döwri diýilýänine degişli çyzgylary – gepleşiklerde argument hökmünde ulanmazlyga ynandyryp bildi.

Emma şol bir wagtda-da Bişkek Täjigistana birnäçe uly ýeňillikler bermegi kabul etdi. Munuň aýdyň mysaly Gyrgyzystanyň Dostuk (Dostluk) obasynyň dolulygyna Täjigistanyň gözegçiligine geçmegidir.

Dostluk obasy
Dostluk obasy

Gyrgyzystanyň Mejlisiniň deputaty Sultanbaý Aýjigitow bu geçirimiň Täjigistana Wurug anklawyny öz esasy territoriýasyna birikdirmek mümkinçiligini artdyrýandygyny aýtdy.

“Eger ýol bitarap bolup, ýer biziňki bolup galsady, ýagdaý başgaça bolardy” diýip, Aýjigitow nygtady. “Ýöne indi ýol bitarap bolar, ýer hem bitarap bolar. Bitarap ýere bolsa, kimiň güýji güýçli bolsa, şonuň hem agdyklygy bolar” diýip, ol duýduryş berdi.

Mundan soň Aýjigitow hökümetçi “Yýman Nuru” fraksiýasyndan çykaryldy. Fraksiýanyň lideri Dinara Aşimowa onuň beýanatlarynyň partiýanyň resmi pozisiýasyna gabat gelmeýändigini aýtdy. Prezident Sadyr Žaparow hem döwlet metbugatyna beren beýanatynda Aýjigitowy demagogiýa bilen aýyplady.

Emma Dosltukda ýaşan 70 töweregi hojalygyň ykbaly nähili bolar?

2021-nji ýyldaky çaknyşyklar wagtynda Dostuk obasynda onlarça jaý ýok edilipdi. 2022-nji ýylda bolsa obanyň görgisi has hem agyr boldy. Soňra ýumrulan jaýlar we sosial infrastruktura täzeden dikeldildi.

Dostuk obasynyň ilaty göçürilýän Bužum obasynda her hojalyga has köp ýer berilmegi baradaky haýyşdan soň, Batken sebitiniň häkimi Aýbek Şamenow bilen ýaşaýjylaryň arasyndaky gepleşikler dartgynly ýagdaýda geçdi. Şamenow bu talaba gazaply reaksiýa bildirdi.

Bu ýagdaýdan soň, ňrezident Žaparow Batkeniň administratiw ýolbaşçysyna käýinç berdi, Şamenow bolsa Dostukdan göçýän ilatyň goşmaça ýer aljakdygyny aýtdy.

Suw bilelikde ulanylar, täze söwda mümkinçilikleri açar

Serhet ylalaşygyna garşy ýüze çykyp biljek nägilelikleri azaltmak hökümetiň ratifikasiýa öňüsyrasyndaky esasy wezipeleriniň biridir. Bu meselede prezident Sadyr Žaparowyň ozalky tejribesi bar.

2022-nji ýylda, Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda geçirilen has az jedelli serhet ylalaşygyna garşy protestler Žaparowyň dolandyryşyna ilkinji uly synag boldy. Şondan soň onuň režimi has awtoritar häsiýete eýe bolup, onlarça adam tussag edildi. Bu bolsa syýasy oppozisiýa üçin täze “gyzyl çyzyk” boldy.

Täjigistanda bolsa, Rahmonyň maşgalasynyň dolandyryşyna garşy çykmak, şol sanda serhet ylalaşyklary meselesinde, tas mümkin däl. Soňky on ýylda ol ýerde syýasy oppozisiýa düýbünden ýok edildi.

Merkezi Aziýada awtoritarizmiň güýçlenmegi bir tendensiýa bolsa, sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi has oňyn bir tendensiýa bolup durýar. Bu ýagdaý köplenç daşary ýurt täsirleri bolmazdan amala aşyrylýar.

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhet ylalaşygy diňe bir serhet çyzgylaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak üçin hem esas döredýär. Täze şertnama laýyklykda, iki ýurt “Golownoý” suw paýlaýyş nokadyny bilelikde dolandyrar. Bu suw howdany Gyrgyzystanda Ak-Suu, Täjigistanda bolsa Isfara ady bilen tanalýan derýadan suw alýar.

Täjikler we gyrgyzlar eýýäm bu suw howdanyndan peýdalanýarlar, ýöne bu meseläniň jedelli ýeri bolmagy aýratyn-da 2021-nji ýylyň üç günlük serhet çaknyşygy döwründe aýdyň boldy. Täze ylalaşyga görä, her bir tarap öz gözegçiliginde bir suw geçelgesine eýe bolar we üçünjisi bilelikde ulanylar.

Heniz suw serişdeleriniň we beýleki umumy infrastrukturalaryň dolandyrylyşynyň nähili amala aşyryljakdygy kesgitlenmedi.

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň gatnaşyklaryň dartgynlygyndan hyzmatdaşlyga geçmegi 31-nji martda Täjigistanyň Hujand şäherinde geçiriljek Gyrgyzystan-Täjigistan-Özbegistan üç taraplaýyn sammitinde has-da berkidiler.

Öňki ýyllarda Gyrgyzystan we Täjigistan üçin Özbegistan kyn goňşy bolupdy. Emma bu ýagdaý Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň ornuna geçmegi bilen düýpgöter üýtgedi.

Täze ýolbaşçy goňşulary bilen gatnaşyklary howp däl-de, mümkinçilik hökmünde görüp, serhet jedellerini çözmekde çalt hereket etdi.

Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Edil Baýsalow BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşiniň mejlisinde bu sammiti “sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim” diýip atlandyrdy.

Ol Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň alyp baran gepleşikleriniň “diplomatik we syýasy erk-islegiň taryhy üstünligi” bolup durýandygyny belledi.

Bu gezek, sebit diplomatiýasynyň dili bilen aýdylsa, bu sözler hiç hili ulaldylma däl.

XS
SM
MD
LG