Maryda kanun goraýjy edaralar ten satmak bilen meşgullanýan zenanlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini güýçlendirdiler.
Bu çäreler şugundyr ýygnamak möwsüminiň başlanmagy bilen baglanyşykly bolup, saklanan zenanlar şugundyr meýdanlaryna iberilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“Şu günlerde polisiýa işgärleri ten satýan gelin-gyzlary gözläp, olary yzarlaýarlar. Soňra olara garşy reýdler geçirilip, zenanlar tussag edilýärler. Bu reýdleriň gerimi tutuş welaýatda güýçlendi” diýip, ýerli polisiýa bölümleriniň birindäki çeşmämiz gürrüň berdi.
Polisiýa işgärleriniň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, reýdleriň gerimini güýçlendirmek barada “ýokardan ýörite görkezme gelip gowşupdyr”.
“Görkezmede ten satmak bilen meşgullanmakda saklanyp, polisiýa bölümlerine getirilen aýal-gyzlaryň garşysyna administratiw düzgün bozandygy barada iş gozgalmalydygy aýdylýar” diýip, başga bir polisiýa işgäri belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, munuň netijesinde, bu zenanlar temmi çäresi hökmünde 10 günlük şugundyr meýdanlaryna äkidilýär we ol ýerde şugundyr ýygnamaga mejbur edilýärler.
“Ýolbaşçylar mugt el güýji gerek diýýärler” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Ýöne bu maglumat, sebitde gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak babatda degişli işleriň alnyp barylýandygy hakda welaýat häkiminiň beren hasabatyndan sanlyja gün soňa gabat geldi.
Mary welaýatynyň häkimi Begençmyrat Orazow ýurduň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere bagyşlanyp, 25-nji noýabrda geçirilen iş maslahatynda gant şugundyryny kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek we bu möwsümi öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem prezidente hasabat berdi.
Ýöne sebit resmisi, adatça bolşy ýaly, bu işleriň jikme-jiklikleri barada aç-açan maglumat bermedi.
Türkmenistanda soňky on ýyllykda şugundyr we ýeralma ýaly oba hojalyk ekinleri hem döwlet tabşyrygyna girizildi.
Ýurtda gant şugundyry esasan Mary we Balkan welaýatlarynda ýetişdirilýär we onuň hasyly güýz aýlarynyň ahyrynda ýygnalyp alynýar. Bu ýylky göz öňünde tutulýan şugundyr hasyly barada resmi çeşmelerde maglumat göze ilmeýär.
Türkmenistanda şugundyr hasylynyň býujet işgärleriniň, esgerleriň, okuwçylaryň we köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan raýatlaryň hasabyna ýygnalýandygy barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda hem ençeme gezek maglumat beripdi.
Türkmenistan oba hojalyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary tarapyndan yzygiderli tankyt edilýär. Ýöne hökümet resmileri bu tankytlara aç-açan jogap bermeýärler.
Resmi habara görä, şugundyr hasyly ýurtda şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýeke-täk kärhanada "Maryşeker" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işlenip taýýarlanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum