Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maral: Bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim


Türkmenistanyň köçeleriniň birinde öýmeli zenan (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň köçeleriniň birinde öýmeli zenan (Illýustrasiýa suraty)

“Men bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men ýere girmedim. Men ten satmaga baş goşaryn, onuň golaýyndan bararyn diýip, hiç haçan pikir etmändim. Ýöne adamymyň ýitirim bolmagy we ýurtda barha ýaramazlaşýan durmuş şertleri, meni alan terbiýäme ters gelýän bu iş bilen meşgullanmagyma getirdi” diýip, iki çaganyň ejesi Maral (red: howpsuzlyk aladalary sebäpli ady üýtgedildi) aýtdy.

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy, adamsy alty ýyl ozal Türkiýä işlemäge giden 38 ýaşly Maral Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde dört ýyldan gowrak ozal adamsyndan habar we pul gelmegiň kesilmegi bilen, çagalaryny eklemegiň barha agyrlaşandygyny belledi.

“Iş gözläp, etrabymyzyň biržasyna ýazyldym. Ençeme aýlap her gün bu ýere gatnadym. Ýöne iş bolmady, sebäbi başga ýerlerde bolşy ýaly, bu ýerde hem işe girmek üçin para soradylar. Men çagalaryma, ýarawsyz gaýynyma gündelik çöregi we çaýy satyn almaga-da zordan pul tapýardym” diýip, orta mekdebi tamamlan Maral gürrüň berdi.

Bilim derejesi boýunça orta mekdebi tamamlan Maralyň tassyklamagyna görä, ol ilkibada etrabyň oba hojalyk ýerlerinde günlükçi bolup işläp, pagta ýygymyna gatnaşyp, çagalaryny we gaýynyny eklemäge çalyşdy.

“Ekerançylyk meýdanlarynda dört aýlap, daň säherden agşam garaňky düşýänçä işläp gazanan pulum bir aýlyk jaý kireýimize zordan ýetdi. Meniň garry ejem we kakam, şeýle-de gaýynym hem işsiz bolansoň, maňa kömek etjek adam ýokdy. Çagalarymyň mekdep zerurlyklaryny satyn almak beýle dursun, olara hepdäniň dowamynda bir gezek gyzgyn nahar bişirip bilmeýän wagtlarym boldy” diýip, Maral aýtdy.

Ol etrap häkimliginden ençeme gezek kömek sorandygyny, ýöne häkimiýetleriň özüne ýardam bermekden ýüz öwrendigini we şondan soň ten satmak bilen meşgullanmaga mejbur bolandygyny hem belledi.

Türkmenistanda ýedi ýyldan gowrak wagt bäri ýiti duýulýan ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, azyk gymmatçylygynyň we gytçylygynyň ilata agyr zarba urmagy dowam etdirýändigini, ogul-gyzyny ekläp bilmän ejiz galan eneleriň, maşgalany goldamak üçin ten söwdasy bilen meşgullanýan ýaş gyzlaryň köpelýändigini Azatlyk ençeme gezek habar beripdi.

Bu ýagdaýlar, hususan-da, türkmen häkimiýetleri tarapyndan häzirki güne çenli boýun alynmaýan pandemiýa we onuň getiren çäklendirmeleri dowam edýän mahaly, güýçlenip başlapdy.

Ten satýan zenanlar göz-görtele köpelýär

Habarçylarymyz ten satmak bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň soňky aýlarda hem göz-görtele köpelýändigini belleýärler. Marydaky habarçymyz sebitde ten satmak bilen meşgullanýan zenanlaryň esasan iki topara bölünýändigini aýdýar.

“Birinji topara ýaş, ýaňy orta mekdebi tamamlan gyzlardan başlap, 25-28 ýaşlaryna çenli gyzlar girýär. Olar esasan kafelere, restoranlara we barlara baryp, bu ýerde “eskort”, ten satmak hyzmatyny hödürleýärler. Bu ýerlere barýan gurply müşderiler hem muny bilýär we olar saýlan gyzyny alyp gidýärler” diýip ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ten satmak bilen meşgullanýan zenanlaryň ikinji toparyna esasan hem 30-55 ýaş aralygyndaky zenanlar girýär. Bu zenanlar etraplaryň arasyndaky uly garaýollaryň çatrygynda, ulaglaryň säginýän ýerlerinde durýarlar.

“Bu zenanlar esasan ýük ulaglary we ýeňil ulaglaryň sürüjilerine ten söwdasyny hödürleýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Restoranlarda, kafelerde we barlarda göze ilýän ýaş gyzlar “bir gezeklik hyzmat” üçin, özleriniň ýaşlygyna we gözelligine görä, müşderilerden 200-500 manat talap edýärler.

Köçelerdäki orta ýaşly zenanlaryň “bir gezeklik” tölegleri bu gyzlaryňkydan ep-esli tapawutlanýar. 30 ýaşlaryndaky zenanlaryň tölegi 100 manada, ýaşy has ulurak aýallaryňky 50 manada barabar bolýar.

“Kä halatlarda olaryň arasynda ‘garnymy doýrup, çagalaryma azyk alyp berseň bolýar’ diýýänler hem bar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Massaž salonlary bilen hyzmatdaşlyk

Lebap welaýatyndaky habarçymyz hem, ten satmak bilen meşgullanýan zenanlaryň iki topara bölünýändigini aýdýar.

Olaryň birinji topary özbaşdak işleýän zenanlar bolup, olar “bir gezeklik hyzmaty üçin” azyndan 200 manat alýarlar. Ikinji topara degişli zenanlar bolsa, massaž hyzmatlaryny hödürleýän salonlar bilen hyzmatdaşlyk edýärler.

“18 ýaşdan 40 ýaşa çenli gelin-gyzlar bar. Massaž salonyna baranyňda, ol ýerdäki işgär telefonyndaky aýal-gyzlaryň suratlaryny görkezýär we saýlanyňdan soň, şol aýala jaň edýär we ol 15 minuda galman gelýär. Massaž we beýleki hyzmatlar üçin 1 sagadyma 2000 manat harçladym” diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Fiziki sütemler we kemsitmeler

Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan zenanlar özleriniň bu iş bilen meşgullanmagyň döredýän psihiki kynçylyklaryndan, depressiýalaryndan we emosianal zorluklaryndan başga-da, fiziki sütemlere we kemsitmelere hem sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

“Öňünden gürleşilen puly bermeýän müşderiler köp bolýar. Olaryň arasynda juda gödek çemeleşip, fiziki we jynsy zulum edýän, şol sanda urup-ýençýän erkekler hem bar. Mundan başga-da, biz töwerek-daşymyzdaky adamlar, şol sanda goňşy-golamlarymyz tarapyndan hem kemsidilýäris” diýip, ten satmak bilen meşgullanýan lebaply zenan anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Şeýle-de, zenanlar dürli saglyk töwekgelçiliklerine, şol sanda bejermesi degişlilikde kyn bolan kesellere duçar bolýandyklaryny we hemişe howp astynda işleýändiklerini hem bellediler.

Türkmenistanyň “Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakyndaky” kanunynda “jelepçilik bilen meşgullanana hukuk bozulmalary üçin administratiw temminiň ulanylýandygy” aýdylýar, ýöne munuň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Kanunynyň 136-njy maddasynda bu ýagdaý bir ýylyň dowamynda gaýtalanan halatynda, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýandygy ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berilýändigi nygtalýar.

Ýerli kanun goraýjylar tarapyndan basyşlar

Zenanlar hökümet wekilleriniň bu kanunçylykdan peýdalanyp, özlerine basyş edýändigini, ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň sütemlerine hem sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Bize esasan polisiýanyň, prokuraturanyň ýokary wezipeli işgärlerinden köp zyýan gelýär. Olar bizi saklap, polisiýa bölümlerine alyp gidenlerinde, bizi hasaba alyp, jerime ýazman öýlerimize goýberjekdiklerini aýdýarlar. Ýöne olar ‘biz haçan çagyrsak, islendik ýere gel diýsek gelip, mugt hyzmat etmeli bolarsyň’ diýip boýun edýärler. Olar bizi wagtal-wagtal çagyryp, mugt hyzmatymyzdan peýdalanýarlar. Şeýle-de, haçan oba hojalyk ýerlerinde işlemäge işçi gerek bolsa bizi çagyryp, mugt işledýärler, şugundyr hasylyny ýygnadýarlar, pagta ýygdyrýarlar” diýip, maryly zenan anonimlik şertinde aýtdy.

Ýatlatsak, ýakynda Azatlyk Maryda kanun goraýjy edaralaryň ten satmak bilen meşgullanýan zenanlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini güýçlendirendigini habar berdi. Şonda habarçylarymyz bu reýdleriň şugundyr ýygnamak möwsüminiň başlanmagy bilen baglanyşyklydygyny, saklanan zenanlaryň şugundyr meýdanlaryna iberilýändigini aýdypdy.

“Biz bu işe öz islegimiz bilen baş goşamyzok. Hökümetimiz bizi iş bilen üpjün etse, çagalarymyzy, ýarawsyz hossarlarymyzy eklemäge goldaw berse, hiç birimiz bu işe baş goşmazdyk” diýip, maryly zenan özlerini çar tarapdan goragsyz duýýandyklaryny belleýär.

Ten satýanlaryň hökümet tarapyndan goragsyzlygy

Bu ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan, aýal-gyzlaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän eskpertler ýurtda ten söwdasynyň giňden ýaýrandygyna garamazdan, türkmen hökümetiniň “ýokary ahlakly jemgyýetde” beýle ýagdaý asla ýok ýaly özüni alyp barýandygyny we munuň bu iş bilen meşgullanýan zenanlaryň goraglylygyny howp astynda goýýandygyny belleýärler.

"Saglyk programmasynyň" we "Progres" fondunyň esaslandyryjysy Aýnabat Ýaýlymowa Türkmenistanda hiç bir gyzjagazyň ‘men ulalanymda tenimi sataryn’ diýip ulalmaýandygyna ünsi çekip, hökümetiň “ýaman howply, ten satuwy jenaýat hasaplanýan ýurdumyzda nähili durmuş ýagdaýlarynyň aýal-gyzlarymyzy şeýle iş bilen meşgullanmana iterýändigini öwrenmegiň ýerine muny jenaýat diýip hasaplaýandygyny we ony garaňkylykda saklaýandygyny” aýdýar.

“Eýýäm näçe ýyl bäri BMG, ABŞ-nyň Döwlet departamenti we Ýewropa Bileleşigi, halkara guramalary hökümete çagyryş edip gelýär. [Olar hökümet] ten söwdasynyň sebäplerini öwrenip, ony jenaýat kategoriýasyndan çykarsa, stigmatizasiýa, masagaralama, tenini satýanlara garşy diskriminasiýa birneme azalar diýip gelýärler. Ýöne gynansak-da, hökümet [bu çagyryşlara] hiç hili reaksiýa görkezenok” diýip, Ýaýlymowa belledi.

Şol bir wagtda, ol hökümetiň ten söwdasyna göz ýumýandygyny, ten satmak bilen meşgullanýanlaryň polisiýa tarapyndan diskriminasiýa sezewar edilýändigini, olaryň polisiýa görünmezlik üçin howply şertlerde işlemeli bolýandygyna hem ünsi çekýär.

Şeýle-de, ol hökümetiň bu meselede alyp barýan syýasatynyň ten satmak bilen meşgullanýan zenanlar we olaryň hyzmatyndan peýdalanýan erkekler üçin dürli saglyk töwekgelçiliklerini, hatda tutuş jemgyýetiň saglygy üçin howply ýagdaýlary döredýändigini belleýär.

“Jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen geçýän keselleriň AIDS, AIW keseliniň geçme howpy, islenilmedik göwreliligiň we zorlugyň ähtimallygy artýar. Türkmenistanda döwrebap jynsy terbiýäniň bolmazlygy, ten söwdasynyň jenaýat hasaplanylmagy jemgyýetiň saglygy üçin ýaman howply ýagdaýlary döredýär” diýip, Ýaýlymowa belledi.

Ol ýurtda bu babatdaky kanunçylygyň hem juda könelişendigini, onda ten satmak bilen meşgullanýan zenanlaryň jezalandyrylýandygy barada aýdylsa-da, olaryň hyzmatyndan peýdalanýan erkek adamlaryň jezalandyrylmagy barada hiç hili maglumatyň ýokdugyna hem ünsi çekýär.

“Türkmenistanyň kanunçylygynda ten söwdasy “jelepçilik” diýlip atlandyrylýar. Bu bolsa, adamyň, aýal-gyzlaryň mertebesini kemsidýän adalga. Türkmenistanyň kanunçylygynda klient, müşderi, hyzmatlaryň alyjysy, ten söwdasy bilen meşgullanýan adam, hyzmatlary satýan düşünjeleri kesgitlenmeýär” diýip, Ýaýlymowa belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Marynyň we Lebabyň degişli kanun goraýjy edaralaryndan, şol sanda Polisiýa müdirliklerinden telefon arkaly teswir almaga synanyşdy.

Ýöne redaksiýanyň 12-13-nji dekabrda müdirlikleriň Içeri işler ministrliginiň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine yzygiderli eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Maralyň gürrüň berenlerine gaýdyp gelsek, töwekgelçiliklere we häkimiýetleriň basyşlaryna garamazdan, eklenç aladasynda howanyň temperaturasy 0 gradusa çenli sowaýan şu günlerde köçäniň gyrasyna çykmagy dowam etdirmäge mejbur bolýandygyny belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG