Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl uçarlary Siriýanyň asmanynda uçmak azatlygyna eýe boldy


Ysraýyl uçary
Ysraýyl uçary

Eýranyň Ýakyn Gündogardaky proksi toparlarynyň gowşadylmagy we Siriýada uzak saklanan Asad režiminiň synmagy Ysraýylyň Goranmak güýçlerine Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urmak mümkinçiligini berýär diýip, “Times of Israel” ysraýyl goşunyna salgylanyp ýazýar.

Ysraýyl goşunynyň serkerdeliginiň bahasyna görä, Asad režiminiň agdarylmagy we Liwandaky esasy wekilçilikli toparynyň, "Hezbullanyň" gowşadylmagy bilen, Tähranyň pozisiýalarynyň gowşamagy bilen baglylykda, Eýran häkimiýetleri öz ýadro programmalarynyň üstünde işlemegi dowam etdirip biler.

Ysraýyl neşiriniň bellemegine görä, HAEA we ABŞ-nyň aňtaw gullugy Eýranyň 2003-nji ýyla çenli parahatçylyk wagtyndaky zerurlyklardan has ýokary çykýan maksatnamanyň, harby ýadro programmasynyň üstünde işländigini kesgitledi.

Ysraýyl Tähranyň öz ýadro ýaraglary programmasyny hakykatda hiç wagt terk etmändigini we häzirki wagtda ýadro desgalarynyň köpüsiniň ýer astynda, uly çuňlukda ýerleşýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG