Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet azyk dükanlarynda barlag geçirildi


Azyk dükany. Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)
Azyk dükany. Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň azyk dükanlarynda barlaglar geçýär. Söwda resmileriniň soňky bir aýyň dowamynda tapgyr-tapgyr geçirýän barlaglarynyň ünsi döwlete degişli dükanlara gönükdirilýär. Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, dükanlardan azyk harytlarynyň elýeterli bahadan dürlüligini üpjün etmek ýaly talaplar edilýär.

Paýtagtda barlag astyna düşen döwlet dükanlary dürli etraplarda ýerleşýär, olaryň arasynda Söwda ministrliginiň garamagyndaky dükanlar we Oba hojalygy toplumynyň "Türkmengalla" birleşigine degişli çörek we çörek önümleri dükanlar, öň Azyk senagaty assosiasiýasynyň garamagynda bolup, soň oba hojalygy toplumynyň azyk bölümine geçirilen dükanlar bar. Bu barada Azatlygyň habarçylaryň maglumatlarynda aýdylýar.

"Barlaglar bir aýdan gowrak wagt bäri tapgyr-tapgyr geçirilýär, her bir dükany barlamak üçin barlagçylara dört gün möhlet berilýär" diýip, habarçymyz 15-nji awgustda gürrüň berdi.

Azatlyk bilen gürleşen ýagdaýdan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, barlaglary Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyk ministrliginiň gözegçilerinden we Aşgabat şäheriniň alyjylar jemgyýetiniň wekillerinden düzülen barlagçylar geçirýär.

Anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň biri barlaglaryň netijesinde dükanlaryň içindäki şertlere we iş dolandyrmak tertibine degişli dürli kemçilikler we düzgün bozmalar tapylýar.

"Mysal üçin dükanyň içinde boýag işlerini geçirmek, dükan tekjelerindäki azyk harytlarynyň assortimentini we azyk harytlarynyň dürli-dürlüligini hem-de görnüşleriniň sanawyny artdyrmak we azygyň bahasynyň elýeter bolmagyny üpjün etmek talap edilýär" diýip, söwda işgäri aýdýar.

Türkmenistanda hususy söwda nokatlaryndan tapawutlylykda döwlet dükanlary döwletiň garamagynda bolup, olar söwda pudagynyň düzümindäki resmi iş tertipde işleýärler.

"Barlagçylaryň bu talaplaryny ýerine ýetirip bolmaýandygyny düşündirmek mümkin däl. Dükan müdiri öz delillerini aýdyp, özüniň dükanda her ýyl kosmetiki bejeriş işlerini geçirmäge pul serişdesiniň ýokdugyny, dükan satyjylaryna aýda 600-700 manat zähmet hakynyň gijikdirilip berilýändigini, gymmat bahaly ýokary hilli azyk harytlaryny ýokary nyrhdan satyn alyp, has gymmat bahadan alyjylara satyp, bolmaýandygyny barlagçylaryň dykgatyna ýetirmäge synanyşdy, emma bu deliller barlagçylary parhsyz goýdy" diýip, söwda işgäri aýdýar.

Aşgabadyň döwlet dükanlaryndaky ýagdaýdan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, dükanlarda satylýan harytlaryň aglaba bölegini arzan azyk önümleri düzýär we dükan önümiň satyn alyş nyrhyndan 10-15%-den köp peýda görmeýär, sebäbi has gowy hilli gymmat bahaly önümleri köpçülik satyn almaýar, gymmat harytlara köpçüligiň alyjyk ukyby ýetmeýär.

Türkmenistanda döwlet dükanlaryna adatça arzan azyk harytlaryny almaga synanyşýan alyjylar barýar. Döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan çörek, un we ýumurtga ýaly önümler hem döwlet dükanlarynda satylýar.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda soňky aýda geçirilýän barlaglardan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, barlagçylar dükan müdirlerinden ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtda, ýagny dört günläp dowam edýän barlagyň geçýän wagtynda düzetmegi talap edýärler.

"Olar dükan müdirlerinden talaplary gysga wagta düzetmegi ýa-da öz islegleri boýunça arzasyny ýazmagy talap edýärler. Dükan müdirleri täsirli tanyşlary bar bolsa, şolara ýüzlenip, barlagçydan dynmagy başarýarlar, ýa-da barlagça para berip, başdan sowýarlar. Arzasyny ýazyp, gutulmaga mejbur bolýanlar hem bar" diýip, çeşme aýdýar.

Çeşmeleriň sözlerine görä, paýtagtyň azyk dükanlarynda barlaglar wagtal-wagtal geçirilýär, salgyt gullugynyň barlagy ýylda bir gezek, döwlet dükanlaryndaky umumy barlag her ýarym ýylda bir gezek geçirilýär, ýöne alyjylardan şikaýat gelen halatynda goşmaça barlaglar hem ýola goýulýar.

Azatlyk Radiosy Söwda ministrliginden we Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Aşgabatdaky dükanlarda geçirilýän häzirki barlaglar azyk harytlarynyň esli gymmatlan wagtyna gabat geldi. Iýul aýynda Balkan welaýatynda ýumurtga birden 100%, sygyr eti tas 50% gymmatlapdy. Şonda hususan-da, bir ýumurtganyň bahasy 1 manatdan, 2 manada çykypdy.

Türkmen resmileri azyk önümleriniň söwdasyna degişli problemalary açyk agzamaýarlar, mesele türkmen metbugatynda hem gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG