Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda rugsatnamasyz dükan eýelerine jerime ýazmak işleri batlandy


Türkmenistandaky hususy azyk dükanlarynyň biri. (Arhiw suraty)
Türkmenistandaky hususy azyk dükanlarynyň biri. (Arhiw suraty)

Marynyň Baýramaly etrabynda Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri rugsatnamasy bolmadyk hususy azyk dükanlarynyň eýelerine jerime ýazmak işlerini güýçlendirdiler. Salgyt gullugynyň işgärleri bu çäreleriň sebäbini Aşgabatdan barlag toparynyň gelendigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Salgyt gullugynyň işgärleri etrabyň tas ähli künjegindäki hususy dükanlara aýlanyp, rugsatnamasy bolmadyk söwdagärlere 2 müň manat möçberinde jerime ýazýarlar. Olardan dükanlaryny ýapmak hem talap edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli telekeçi anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz bu söwdagärleriň aglabasynyň öz işiginde, howlusynyň girelgesinde kiçiräk jaý galdyryp, onda dürli azyk harytlaryny, şol sanda tüwi, şeker, makaron we gök-bakja önümlerini satýan raýatlardygyny aýdýar.

Türkmenistanda raýatlaryň rugsatnamasyz dükan açyp, söwda etmegi gadagan edilýär. Häkimiýetler munuň sebäbini rugsatnamasyz söwdagärleriň salgyt tölemeýändigi we olaryň harytlarynyň döwlet arassaçylyk barlagyndan geçmeýändigi bilen düşündirýärler.

Habarçymyz mundan ozal bu hususy dükanlaryň eýeleriniň salgyt gullugynyň işgärleri bilen "özara ylalaşyp, köplenç olara para berip", öz telekeçilik işini ýöredendigini aýdýar.

“Olara mundan ozal o diýen bir azar berilmeýärdi. Ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, gurpdan düşen hojalyklaryň köpüsi üçin söwdanyň bu görnüşi gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolup durýar. Olaryň bu söwdadan o diýen uly möçberde girdejisi hem ýok. Olaryň rugsatnama almaga mümkinçiligi hem ýok. Sebäbi resminama almak işinde tanyşparazlyk we parahorlyk möhüm rol oýnaýar” diýip, habarçymyz belledi.

Rugsatnamasyz söwda edýän baýramalyly ene salgyt gullugynyň işgärlerine özüniň güzeran eklenjiniň agyr ýagdaýdadygyny, söwdanyň bu görnüşi bilen üç çagasyny ýeke ekleýändigini düşündirmäge çalyşandygyny aýdýar.

“Men olara dükanymy ýapsam, gök-bakja önümlerimiň ählisiniň zaýa boljakdygyny aýtdym. Ýöne salgyt gullugynyň işgärleri bu çäreleriň Aşgabatdan barlag toparynyň gelendigi bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar. Häzir edaramyzda barlag geçirilip, kimde patent bolmasa, oňa jerime ýazmak talap edilýär. Ynha, bir salymdan barlaglar gitse, ýene ylalaşyp, işläberersiňiz diýdiler” diýip, baýramalyly söwdagär ene anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Döwlet salgyt gullugynyň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Ýöne habarçymyz şu günler Mary welaýatyndaky edara-kärhanalaryň aglabasynda güýçli barlaglaryň geçirilýändigini aýdýar.

Bellesek bu maglumatlar, Marynyň edara-kärhanalarynda ýowar geçirilip, arassaçylyk işleriniň güýçlendirilmeginden birnäçe gün soňa gabat geldi.

Maryly býujet işgärleri habarçymyza beren maglumatynda bu işleriň 1-nji aprelde ministrlikleriň işgärleriniň Aşgabatdan Mary sebitine ugradylmagyna garaşylýandygy bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.

Azatlyk bu barada ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Ýöne ýurtda köplenç şuňa meňzeş çäreler, Aşgabatdan ýurduň sebitlerine barlagçylar iberilende ýa-da döwlet baştutanynyň welaýatlara amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda batlanýar.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki mediasy bu ýagdaýlar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG