Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Kalmar oýny': Lebabyň bir gije klubynda düzgünsiz uruşlar geçirilýär


Bu surat illýustrasiýa maksady bilen ulanyldy. Azatlygyň çeşmeleri Lebap welaýatynda bir striptiz we humar oýunlary oýnalýan gijeki klubyň uruş klubyna öwrülendigini aýdýarlar.
Bu surat illýustrasiýa maksady bilen ulanyldy. Azatlygyň çeşmeleri Lebap welaýatynda bir striptiz we humar oýunlary oýnalýan gijeki klubyň uruş klubyna öwrülendigini aýdýarlar.

Täsirli güýç edaralary tarapyndan assyryn guramalaşdyrylýan ýerasty we düzgünsiz uruşlarda azyndan 5 müň dollar çemesi pul baýragy goýulýar diýip, Lebap welaýatynyň içeri işler edaralaryndaky bir çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan aýry-aýry iki çeşme kanun goraýjynyň maglumatlaryny tassyklaýar.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ‘güýç edaralarynyň wekilleriniň gizlin guramaçylygynda’ düzgünsiz uruşlar geçirilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

“Öňler Saýat etrabynda ýörite striptiz we humar oýunlary oýnalýan klub bardy. Ol ýere pogonly adamlar we elita gatlagyň wekilleri dynç almaga barýardylar. Şol ýerde indi ‘boý bez prawil’, ýagny düzgünsiz uruşlar geçirilýär” diýip, Türkmenabat şäheriniň bir ýaşaýjysy uruşlara gatnaşan tanşyna salgylanýar.

Türkmenistan ýaly, häkimiýetleriň ýer astynda ‘gäwüşeýän ýylandan’ hem habarly galýan ýurdunda, durmuşyň ähli pudaklaryna häkimiýetler tarapyndan gözegçilik edilýän mahaly geçirilýän gizlin uruşlar, çeşmelere görä, güýç gulluklarynyň özleri tarapyndan guramalaşdyrylýar.

“Türkmenabatdan Saýada gidilýän ýolda bir çatryk bar. Çatrykda ak reňkli ýörite bir maşyn gizlin tutluşyklara gatnaşýan adamlary alyp gidýär. Sürüji we onuň ýanyndaky adam “agras”, ýöne brend egin-eşiginde” diýip, Türkmenabat şäherindäki ikinji çeşme aýdýar.

Onuň ynanjyna görä, prokuratura edaralary we milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri gizlin uruşlara arka çykýarlar.

Azatlyk prokuratura edaralarynyň ýa-da howpsuzlyk gulluklarynyň ýerasty uruşlara dahyllydygyny ýa-da däldigini garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmeýär.

Çeşmeleriň gizlin uruşlar barada berýän maglumatlary 1999-njy ýylda döredilen we belli amerikan aktýory Bred Pitiň baş rolda oýnaýan “Fight Club”, ýagny “Göreş gurnagy” kinofilmini, ýa-da 2021-nji ýylda “Netflix-de” goýberilen meşhur ‘Kalmar oýny’ günorta koreýa serialyny ýada salýar.

Saýat çatrygynda ak awtoulagyň düzgünsiz uruşlara gatnaşyjylary alyp gitmegi, olara pul baýraklarynyň berilmegi we beýleki käbir ýagdaýlar guramaçylaryň “Kalmar oýnundan” ýa-da “Göreş gurnagyndan” ylham alýana çalym edýändiklerine yşarat edýär.

“Göreş gurnagy” kinofilminde işinden we durmuş stilinden ýadan baş gahryman ýerasty gurnaklardan teselli gözläp başlaýar. Ýerasty uruş gurnagy soňy bilen anarhiýa, başly-baratlyk emele getirýär. Günorta Koreýada öndürilen “Kalmar oýny” serialynda bolsa, durmuşyň kynçylyklaryndan, garyplykdan we kyn şertlerden ýadan adamlar baýlaryň baýrak goýup, gizlin guramalaşdyrýan oýunlaryna gatnaşýarlar we biri-birlerinden üstün çykyp, uly möçberlerdäki pul baýragyny almaga dalaş edýärler.

“Meniň bilşime görä, bu uruşlar ‘goňşy edaralar’ (MHM bölümleri) we ‘ýokarda daýysy bolan adamlar’ tarapyndan geçirilýär. Goýulýan minimal pul baýragynyň möçberi 5 müň dollar. Ol ýerde totalizatorlar hem geçirilýär. Spirtli içgiler satylýar” diýip, içeri işler edaralaryndaky çeşme aýdýar.

“Oýnuň ýeke-täk düzgüni – garşydaşyň janyna kast etmeli däl we onuň jynsy organlaryna zyýan ýetirmeli däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanda ten şikesi bilen hassahanalara kabul edilýän adamlar barada polisiýa edaralaryna hasabat berilýär. Şonuň üçin, düzgünsiz uruşlarda şikes alan adamlar hassahanalara barmaýarlar.

Çeşmeleriň sözlerine görä, uruşlarda ten şikesini alan adamlara lukmançylyk kömegini bermek üçin ýörite lukmanlar hem tutulypdyr.

“Agyr ýaralanýan adamlar göze görünmeýän ýerlerde saklanýarlar we bejergi alýarlar diýip eşitdim” diýip, içer işler edaralaryndaky çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Lebap welaýatynyň hukuk goraýjy edaralaryndan teswir alyp bilmeýär.

Azatlyk öňki ýyllarda Türkmenistanda geçirilýän it uruşlary ýa-da horoz uruşlary barada habar beripdi, ýöne pul baýraklary goýlup, adamlaryň arasynda gizlin geçirilýän düzgünsiz uruşlar barada ilkinji gezek habar berilýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda adamlaryň, ýaş ýetginjekleriň arasynda bolup geçýän uruşlar barada has köp habarlar peýda bolýar. Geçen ýylyň ahyrlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde ýaş ýetginjekleriň arasynda ýygy-ýygydan ýüze çykýan köpçülikleýin uruşlar barada habar berdiler. Şonda ýaşlaryň arasyndaky başly—baratlyklar olaryň “Ýigdekçäniň sözi. Asfaltdaky gan” rus teleserialyna tomaşa edip, bu çeper eserden ylham almagy bilen ilteşdirilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG