Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda it uruşlary ‘has gizlin ýagdaýda’ geçirilip başlandy


Lebapda soňky geçirilýän it uruşlary esasan totalizator üçin guramalaşdyrylýar. (arhiw suraty)
Lebapda soňky geçirilýän it uruşlary esasan totalizator üçin guramalaşdyrylýar. (arhiw suraty)

Azatlygyň Lebap welaýatynda bikanun it uruşlarynyň gurnalýandygy baradaky habarlaryndan soň, polisiýa bu çäreleriň gurnaýjylaryny soraga çekip, itleriň arasyndaky näresmi tutluşyklaryň öňüni almaga synanyşýar. Munuň yzy bilen, it uruşlary has gizlin ýagdaýda geçirilip, şeýle-de olara diňe ‘ynamdar’ tomaşaçylar çagyrylyp başlandy.

“Ýylyň başyndan bäri [gizlin ýagdaýda] geçirilen it utuşlary barada habarlar çykandan soň, polisiýa gurnaýjylardan munuň bes edilmegini talap etdi. Şeýle-de, bu gaýtalansa, onda jerime salynjakdygy bilen haýbat atdy” diýip, lebaply itçileriň biri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, itleriň synag tutluşyklary ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan düzgünlere laýyklykda, diňe tohum itleriniň arasynda geçirilmeli. Türkmenistanyň Itçilik we kinologiýa işi hakyndaky kanunynda aýry tohumly we psihikasy deň gelmeýän itleriň arasynda it uruşlaryny geçirmek – itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilýär.

Emma polisiýanyň duýduryşlaryna garamazdan, it uruşlary has gizlin ýagdaýda guramalaşdyrylyp başlandy.

26-njy fewralda welaýatyň merkezi Türkmenabat şäheriniň eteginde nobatdaky ir urşy geçmelidi. Ýöne gurnaýjylar, häkimiýetleriň munuň öňüni almagyndan howatyr edip, bu çäräniň senesini we sebitini duýdansyz üýtgetdiler.

“Ilki kesgitlenen senä iki gün galanda, ýagny 24-nji fewralda IMO messenjeri arkaly it eýelerine we beýleki ynamdar adamlara it urşunyň ýekşenbe däl-de, şenbe güni boljakdygy we onuň geçmeli sebitiniň üýtgändigi duýduryldy” diýip, bu çärä gatnaşanlaryň biri gürrüň berdi.

Ol Çärjew etrabynyň Farap şäherçesiniň Amyderýanyň gündogar tarapyndaky tokaýlykda geçirilen çärä degişlilikde az adamyň gelendigini aýtdy. Ýagny 22-nji ýanwarda Türkmenabadyň etegindäki ‘Ýokarky Kerkinka’ sebitinde geçirilen it tutluşygyna 700 golaý tomaşaçy gelen bolsa, geçen şenbe geçirilen çärä gelenleriň sany 100 töweregi bolupdyr.

“Soňky döwür geçirilýän it uruşlary esasan totalizator, ýagny itleriň biriniň ýeňişine goýulýan pullardan ugur alnyp geçirilýär. Soňky gizlin gurnalan it urşuna hem tomaşaçy hökmünde esasan onlarça müň manat pul goýup biläýjek barly adamlar çagyryldy” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi we soňky ýaryşda Lebapdan bolan Akguş atly itiň ýeňiji bolandygyny sözüne goşdy.

Ýatlatsak, Lebapda mundan ozal geçirilen it uruşlarynda totalizatorda ortaça 50 manatdan 1 müň manada çenli pul goýulýardy.

Türkmenistanda itleri uruşdyrmak däbi ýurtda alabaý itleriniň kultunyň döwlet derejesinde ösdürilýän wagtynda dowam etdirilýär. Alabaý itlerini köpeltmek üçin desgalar gurulyp, itlere heýkel dikilýän wagtynda idegsiz itlere rehimsizlik bilen çemeleşilýär. Köçelerdäki itler wagşylarça tutulýar, hatda köpçüligiň öňünde urlup, öldürilýär. Bu işi alyp barýan jemagat gulluklaryň işgärleri muňa çagalary hem çekýär.

2022-nji ýylyň tomsunda itlere rehimsizligi gadagan edýän itler baradaky ýörite kanunyň kabul edilmegi-de, häkimiýetlerde itlere bolan rehim-şepagaty artdyrmady.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagy we ýok edilmegi barada aç-açan mesele gozgaman gelýärler. Şeýle-de olar Azatlygyň bu baradaky soraglaryny häzirki güne çenli jogapsyz goýýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG