Türkmenistanda ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamy ilata mobil telefonlary üçin täze SIM kartalary satmagy bes etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.
“Şu günler kompaniýanyň işgärleri “häzir bizde baş san belgimiz ýok, boş telefon belgilerimiz hem ýok” diýip, täze 16 ýaşy dolup, pasport alan we arza bilen ýüz tutýan raýatlary yzyna gaýtarýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ol mundan ozal, iň bolmanda, SIM karta satyn almak üçin arza bilen ýüz tutýan raýatlaryň nobata ýazylandygyny, häzir bu çäräniň hem ymykly bes edilendigini belleýär.
“Kompaniýanyň diňe şahamçalarynda däl, eýse merkezi edarasynda hem, mobil telefon belgilerini bermek, öňden bar bolan belgileri çalyşmak hyzmatlary ymykly bes edilip, häzir müşderilere diňe tarifi üýtgetmek hyzmaty dowam edýär. Şeýle-de, töleg geçirmek we Internet bukja açdyrmak hyzmatlary saklanyp galýar” diýip, aşgabatly başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
“TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyryň” işgärleri arza bilen ýüz tutýan raýatlara emele gelen bökdençlikleriň sebäbini “kompaniýada täze telefon belgileriniň, ýagny SIM kartalaryň sanyny artdyrmaga tehniki mümkinçiligiň ýoklugy” bilen düşündirýärler.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada “Altyn Asyr” kompaniýasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýanyň 13-nji awgustda yzygiderli eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Bu barada kompaniýanyň wesaýtynda hem haýsydyr bildiriş ýa maglumat göze ilmeýär.
Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan "Altyn Asyr” kompaniýasy soňky birnäçe ýyl bäri ilatyň isleglerini kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýär.
Kompaniýa geçen ýylyň bahar paslynda müşderilere SIM kartalaryň satuwyny çäklendirip başlady. Şondan soňra, has takygy oktýabr aýynda habarçylarymyz kompaniýanyň ofislerinde raýatlaryň sim-karta nobatlarynyň emele gelendigini we nobatlaryň 2024-nji ýylyň bahar paslyna çenli uzaýandygyny aýdypdylar.
Kompaniýa geçen ýylyň oktýabrynda AŞTU-nyň internet hyzmatlar üçin peseldilen bahalary, noýabrda wirtual telefon belgilerini hödürleýändigini we dekabrda täze 71 ulgamlaýyn kody ornaşdyrýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu täzelikleriň ‘ilatyň isleglerini hem-de ýüz tutmalaryny’ kanagatlandyrmak üçin işe girizilendigini hem belledi.
Muňa garamazdan, "Altyn Asyryň” telefon aragatnaşygy hyzmatlarynyň, şol sanda Internet üpjünçiliginiň hiliniň ýaramazlaşýandygy barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.
Aşgabatly ýaşaýjylaryň ençemesi indi köpýyllyklaryň dowamynda gaýtalanyp gelýän bu bökdençlikleri çözmek üçin häkimiýetler tarapyndan islegiň ýokdugyny aýdyp, nägilelik bildirýär.
“Ähli dünýäde bolşy ýaly Türkmenistanda hem öýjükli aragatnaşyk kompaniýalarynyň sanyny artdyryp, konkurensiýa, bäsleşik ýagdaýy döredilmeli. “Altyn Asyr” kompaniýasy döwrebap işlesin ýa işlemesin, kanagatlandyrsyn ýa kanagatlandyrmasyn, ilatda başga saýlap seçmäge mümkinçilik ýok. Arzyňy aýtmaga gapy hem ýok” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri dünýäniň iň ösen tehnologiýalaryny satyn alýandyklaryny we ýurtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny yzygiderli tekrarlaýarlar.
Ýöne ýurt ýolbaşçylary we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ilatyň telefon aragatnaşygy hyzmatlarynyň, şol sanda Internet üpjünçiliginiň hiliniň ýaramazlaşýandygy baradaky maglumatlar barada mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum