Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda birnäçe ýyllap elýeterli bolmadyk VPN-ler birden işläp başlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ilatyň internetdäki aktiwligi häkimiýetleriň üns merkezinde galýar. VPN ulanyjylarynyň we ussalarynyň berk yzarlanýan wagtynda öň işlemedik VPN serwerleriň açylyp, il içinde açyk ýaýramagy Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň ünsüni çekdi. Azatlyk bilen gürleşen bilermenler bolsa, ulanyjylaryň töwekgelçiliklerden ägä bolmagyny öňe sürýärler.

Biri birinden garaşsyz türkmenabatly we aşgabatly çeşmeler soňky günlerde ozalky ýyllarda ýurtda işlemegini bes eden VPN serwerleriň ýene işläp başlandygyny we olaryň ulanyjylara elýeterlidigini aýdyp, muny häkimiýetleriň ulanyjylara gözegçiligi bilen baglanyşdyrýarlar.

"Şol VPN-leriň açarlary täzeden ilat arasynda ýaýradylýar, şeýdip Milli howpsuzlyk ministrliginiň kiber howpsuzlyk bölümi internet ulanyjylarynyň web aktiwligine gözegçiligini artdyrýar. VPN-siz kösenýän we VPN tapmak isleýän ulanyjylar bu serwerleri ulanyp başlaýarlar" diýip, anonimlik şerti bilen gürleşen çeşmeleriň biri aýtdy.

Ýagdaýa syn edýän ýene bir aşgabatly çeşme VPN-leriň ençemesiniň birden işläp başlamagynyň iki hepde mundan ozal göze ilendigini belledi.

"Men ona golaýyny barlap görüp, öň petiklenen şol meşhur VPN-ler elýeterli, hatda olaryň çäkli mümkinçilikli mugt wersiýalary hem bar" diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmenabatly hünärmen birden elýeterli bolan we mugt paýlanýan serwerlerden peýdalanmagy maslahat bermeýändigini we habardar bolmaga çagyrýandygyny aýdýar.

“Türkmenistanda internetiň petiklenme derejesi ýokary bolsa-da, 20-50 müň 'podpisçikli' türkmen dilli telegram gruppalaryň bolmaklygy geň we ol gruppalarda günüň dowamynda 10-15 gezek mugt VPN açarlar paýlanýar. Men müşderilerime olardan diňe töwekgelçilik bilen peýdalanyp bilersiňiz diýip aýdýaryn. Mugt zat diňe gapanda bar” diýip hünärmen aýtdy.

Hünärmenleriň sözlerine görä, ygtybarsyz serwerleriň ulanylmagy ulanyjylar üçin uly töwekgelçilik döredýär, şol sanda aňtaw gulluklary VPN serwerlerine birikýän ähli ulanyjylaryň IP adreslerini görüp bilýär, bu olara ulanyjylary we ýerleşýän ýerlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär, maglumatlar şifrlenen hem bolsa, aňtaw gulluklary ulanyjylara we olaryň işjeňligine degişli maglumat berip biljek traffigiň wagty we göwrümi barada meta-maglumatlary ýygnap bilýärler, şeýle-de traffigiň düzümini almak üçin traffigi açarlamaga ýa-da VPN konfigurasiýasyndaky gowşak ýerlerden peýdalanmaga
synanyşyp bilerler. Bu söhbetdeşliklere, elektron poçta we beýleki tekst aragatnaşyklaryna degişli diýip, VPN ussasy aýdýar.

Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri VPN-ler berk petiklenýär, ulanyjylara basyş edilýär we ussalar yzarlanýar. Muňa garamazdan, VPN gözleýänleriň sany azalmaýar.

VPN bilen işleşýän aşgabatly hünärmenleriň ýene biri şu günler birden päsgelçiliksiz açylan serwerleriň käbiriniň ozalky ýyllarda internet ulanyjylaryň has uly aktiwlik görkezen döwürlerinde elýeterli bolandygyna ünsi çekýär we munuň howatyr bolmaga esas berýändigine belleýär.

“2020-nji ýylda türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda gurnan köpçülikleýin protestleriniň möwç alan döwründe, Lebap welaýatynyň milli howpsuzlyk bölümi ilat arasynda şol VPN serwerini ýaýratdy” diýip, anonim gürlän hünärmen, ýörite gulluklaryň kiberhowpsuzlyk boýunça işgärleriniň öňem belli bir VPN-leriň üsti bilen ulanyjylaryň işjeňligine gözgçilik edendigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň hökümeti soňky birnäçe ýylyň dowanynda internet gözegçiligini artdyrdy. Azatlygyň çeşmeleri ýurduň digital gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän guralary satyn alandygyny we milli kadrlary ýetişdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalarynyň hyzmatyndan peýdalanýandygyny habar beripdi.

"Belli bolşuna görä, ýurduň içindäki internet trafigiň filtrden geçmegi üçin gurallaryň we programmalaryň uly kompleksi işe girizilýär. Häkimiýetler bu zatlary ýöne ýerden etmeýärler. Üstesine häzir "Start" atly ýerli messenjeri mahabatlandyryp başladylar. Bizde hiç zat ýöne ýerden edilmeýär, şonuň üçin diňe şu messenjeri galdyryp, galanlaryny petiklemeklerini-de çak etmek mümkin" diýip, Azatlyk bilen gürleşen aşgabatly hünärmen aýdýar.

Bu aralykda internetiň hili we tizligi ýygy-ýygyndan gowşaýar.

Aşgabatly bilermeniň pikiriçe, bu ýagdaýda VPN-leriň ençemesiniň birden işläp başlamagynyň ýagdaýyň gowulaşmagyndan habar bermeýär.

"Umuman aýdylanda düýpli özgerişlik ýok. Häkimiýetler internete gözegçiligi gowşatmak islese ony göni açardy, şonda VPN elýeterliligine zerurlyk hem bolmazdy. Hemme VPN ulanýar, muňa syn edilýär, onsuz hiç zat işlemeýär" diýip, bilermen aýdýar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary resmi çykyşlarynda ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak maksadyny yglan etdi we kiberhowpsuzlyk meselesine ünsi artdyrmagyň zerurlygyny nygtady.

Bu aralykda Azatlygyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň studentleriň arasynda ösen tehnologiýardan baş çykarýan ýaşlaryň güýç edaralaryna işgär gözleýändigini, Milli howpsuzlyk ministrliginiň studentlere we mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryna hyzmatdaşlyk teklip edýändigini habar beripdi.

Türkmenistanda ilata elýeterliligi örän çäkli bolmagynda galýan internet dünýä ýüzünde iň haýal we gymmat hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG