Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan adam gaçakçylygyny ýok etmek üçin ýeterlik tagalla etmeýär – Döwlet departamenti


Hasabatda Türkmenistanyň ululary we çagalary jemgyýetçilik çärelerinde we beýleki ugurlarda ulanmak syýasatyny dowam etdirendigi hem aýdylýar.
Hasabatda Türkmenistanyň ululary we çagalary jemgyýetçilik çärelerinde we beýleki ugurlarda ulanmak syýasatyny dowam etdirendigi hem aýdylýar.

Türkmenistanyň hökümeti adam gaçakçylygynyň ýok edilmegi üçin zerur bolan minimum, iň bärki ölçegleri hem doly berjaý etmedi diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Adam gaçakçylygy boýunça 2024-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.

Şu sebäpden hem Türkmenistan adam gaçakçylygyna garşy göreş meselesinde yzdaky orunlaryň birinde Tier 3-de galdyrylypdyr.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň hökümetiniň bu meselede käbir ädimleri ädendigi, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky ýol kartasyna gol çekendigi hem bellenilýär.

Emma muňa garamazdan, hasabatda hökümetiň mejbury zähmeti ulanmak, ululary we çagalary her ýyl mejbury pagta ýygymyna çekmek, jemgyýetçilik çärelerinde we beýleki ugurlarda ulanmak syýasatyny dowam etdirendigi hem aýdylýar.

Hasabatda bellenilşi ýaly, ozalky ýyllarda hem bolşy ýaly hökümet mejbury zähmet bilen bagly derňewler, jogapkärçilige çekilen resmiler ýa-da ýazgarylanlar, ýüze çykarylan pidalar, pidalara kömek bermek üçin döredilen ol ýa-da beýleki maksatnama barada hiç bir maglumat bermeýär.

Forum

XS
SM
MD
LG