Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýanyň ýetginjekler bölümi ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýygnaklary ýygjamlaşdyrýar


Mekdep okuwçylary jemgyýetçilik transportyna garaşýar. Aşgabat. Illýustrasiýa suraty.
Mekdep okuwçylary jemgyýetçilik transportyna garaşýar. Aşgabat. Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Aşgabadyň şäher polisiýasynyň Ýetginjekler bölümi ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýygnaklary ýygjamlaşdyryp, ekabyr okuwçylary hyzmatdaşlyga çekýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu çäreleriň Milli howpsuzlyk ministrliginiň görkezmesi we basyşlary esasynda ýerine ýetirilýändigini habar berýärler.

Polisiýa işgärleri ýokary synp okuwçylary bilen geçirýän ýygnaklarynda mekdebe mobil telefonlarynyň getirilmegi bilen bagly gadagançylyklary nygtaýarlar.

“Mekdepleriň birinde bir ýaş ýetginjek mekdebiň arka tarapynda nas atyp, özara gürleşip duran okuwçylary wideo ýazgy edip, degişli wideo materiallary daşary ýurtlara iberipdir. Polisiýa işgärleri şol ýaş ýetginjegiň bäş ýyl azatlykdan mahrum edilmegi bilen bagly maglumatlary aýdyp, okuwçylary gorkuzýarlar we mekdebe mobil telefonlarynyň getirilmezligini gaýta-gaýta gaýtalaýarlar” diýip, ýygnaklardan habarly bir paýtagtly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Polisiýa işgärleri degişli wideo materiallaryň awtorynyň, ýaş ýetginjek ýigidiň howpsuzlyk gulluklarynyň yzarlamalary netijesinde anyklanandygyny gürrüň berýärler.

Türkmenistanda polisiýa işgärleri mekdep okuwçylarynyň arasynda wagtal-wagtal wagyz-nesihat işlerini geçirip, şeýle ýygnaklar köplenç smartfonlaryň, ýa-da Internet ulgamyndaky maglumat çeşmeleriniň zyýanly taraplarynyň wagyz edilmegine gönükdirilýär.

Häkimiýetler ýurduň bilim edaralarynda hususan-da soňky aýlarda “terbiýeçilik çärelerini” güýçlendirdiler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýanwar aýynda Polisiýa edaralarynyň ýetginjekler bölümleriniň Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlaýandygyny, mekdepleriň üsti bilen şäherdäki “ygtybarsyz hojalyklaryň”, “ogul-gyzlarynyň arasynda watana we prezidente bolan söýgini, wepadarlygy ornaşdyryp bilmedik maşgalalaryň” anyklanylýandygyny habar berdiler. Telefon barlaglary esasan telefonlarda VPN ulgamlarynyň ulanylyp-ulanylmaýandygyny anyklamaga gönükdirildi.

Fewralyň başlarynda Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde ýokary klaslarda okaýan gyz okuwçylar mejbury ginekologiýa barlaglaryna sezewar edildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary apreliň başlarynda Bilim ministrliginiň işgärleriniň Aşgabadyň orta mekdeplerinde mugallymlar bilen ýygnaklary geçirip, mekdebiň çäginde bolup geçýän wakalar barada hatda hojalyklarda hem gürrüň edilmezligi dogrusynda okuwçylaryň arasynda ündew işleriniň geçirilmegini talap etdiler.

Munuň yz ýany, habarçylarymyz apreliň ortalarynda ýurduň Lebap, Ahal we Mary welaýatlarynda ýerleşýän orta mekdeplerde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini okuwçylaryň el goşlaryndan başlap, mugallymlaryň mobil telefonlaryna çenli barlanandygyny habar berdiler.

Bu aralykda, apreliň soňky hepdesinde Balkan we Lebap welaýatlarynyň orta mekdeplerinde mekdepleri abatlamak üçin okuwçy ýaşlardan pul serişdeleriniň toplanylmagy dowam etdirildi. Şol bir wagtda, habarçylarymyz apreliň ahyrynda Lebap welaýatynyň mekdeplerinde para, pul berip, bahalary düzetmek möwsümine badalga berlendigini habar berdiler.

Ýerli hünärmenler maýyň ilkinji hepdesinde mekdepleriň “galplyk ojagyna” öwrülmegine, okuwçylara jogapkärçiliksizligiň öwredilmegine alada bildirdiler.

Paýtagtyň mekdeplerinde ýokary synp mekdep okuwçylary bilen gürrüňdeşlikleri geçirýän polisiýa işgärleri, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň tabşyrygy boýunça, ekabyr okuwçylaryň arasyndan hyzmatdaş gözleýär we mekdebiň çäginde bolup geçýän wakalar barada özlerine habar berilmegini höweslendirýärler.

Polisiýa şeýle habarlaryň öwezine özleriniň okuwçy hyzmatdaşlaryna “arka çykmagy”, olaryň orta mekdebi tamamlanlaryndan soňra, ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmegine “ýardam bermegi” wada berýärler.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Aşgabat şäheriniň Bilim müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG