Aşgabadyň seýilgählerinde gezelenç edip, dynç alýan raýatlara gözegçilik güýçlendirildi. Seýilgählerdäki polisiýa işgärleri ýaşaýjylara dürli çäklendirmeleri girizýärler, käte-de jerime ýazýarlar.
Şeýle-de, olar ýokary synplarda okaýan okuwçy gyzlaryň we oglanlaryň bilelikde gezelenç etmeginiň öňüni alýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji aprelde paýtagtdan maglumat berdi.
“Paýtagtyň seýilgählerinde her 15-20 metr aralykda polisiýa işgärlerini görse bolýar. Olaryň käbiri bir duran ýerinde durman, seýilgählere aýlanyp, gözegçilik edýärler. Olar işden ýa-da okuwdan soň, seýilgählere dynç almaga gelýän paýtagtlylara dürli bahanalar bilen yrsaraýarlar we ýaşaýjylary ruhy, psihiki basyş astynda saklaýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Polisiýa işgärleri ýaşaýjylara başgalara eşitdirip gülmegi, “köne geýimlerde” seýilgählere gelmegi, dynç alyş merkezleriniň golaýyndaky hususy ulaglarynda gutap, döner ýaly iýmitleri iýmegi gadagan edýärler.
“Olar öýüňizde oturan ýaly, näme üçin köne geýimlerde köpçülige çykýarsyňyz diýýärler, erkek adamlara bolsa, sakgalyňy almaga wagtyň ýokmy diýen soraglary hemmelere eşitdirip berýärler. Olar ýaşaýjylara gatyrganyp, olary köpçülikde kemsidýärler. Hususy ulaglarynda garbanýan raýatlar özlerini köpçülikde tertipsiz alyp barmakda aýyplanýarlar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan başga bir aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, polisiýa işgärleriniň basyşlaryna, kemsitmelerine we aýyplamalaryna garşylyk görkezen aşgabatlylara 300 manat möçberinde jerime ýazylmagy bilen bagly wakalar köp bolýar.
Mundan başga-da, polisiýa işgärleri ýokary synplarda okaýan okuwçy gyzlaryň we oglanlaryň bilelikde gezelenç etmeginiň ýa-da oturgyçlarda oturmagynyň hem öňüni alýarlar.
“Häzir Aşgabadyň seýilgählerinde polisiýa işgärleriniň ähli pişesi diňe ýaşaýjylar däl, eýse ýokary synp okuwçy gyzlar we oglanlar hem boldy. Olar bu ýaşlary saklap, polisiýa bölümlerine alyp gidýärler. Olar ahlak çökgünliginde aýyplanýarlar. Soňra-da olaryň ene-atasyny polisiýa bölümine çagyrýarlar. Ýaşlaryň telefonlary hem barlanýar. Bu wakalar, ene-atalaryň arasynda goh-galmagalyň döremegine hem sebäp bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Polisiýa işgärleri ýaşaýjylara bu çäreler we olaryň sebäpleri barada jikme-jik düşündiriş bermän, “ýokardan görkezme şeýle” diýmek bilen çäklenýärler.
Azatlygyň bu barada Aşgabadyň häkimiýetleri, şol sanda Polisiýa müdirligi bilen resmi görnüşde habarlaşmak boýunça eden synanyşygy başa barmady.
Soňky bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda türkmen häkimiýetleri ýurtda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýärler. Gijelerine köçelerde aýlanýan polisiýa gulluk awtoulaglarynyň we polisiýa işgärleriniň sany artdy. Şeýle-de, metjitlere we olara barýan raýatlara gözegçilik güýçlendirildi.
12-nji aprelde Azatlygyň Lebapdaky habarçysy Türkmenabat şäheriniň köçelerinde polisiýa we raýat eşikli howpsuzlyk işgärleriniň köpelýändigini we munuň ilatda dürli soraglary döredýändigini habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi, ilata gözegçiligiň artmagy we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne bu çäreler 22-nji martda Moskwanyň “Krokus siti holl” konsert zalynda bolup geçen ýaragly hüjümiň yz ýanynda güýçlenip başlady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum