Bu ýyl Türkmenabatdaky orta mekdeplerde we mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin edaralarda Täze ýyl bellenilmeýär. Çagalaryň öňünden garaşan dabaralarynyň ýatyrylmagy ýylyň soňuna bir hepde galanda belli boldy. Çagalar üçin baýramçylygyň ýatyrylmagy eýýäm bezelen agaçlaryň we bezegleriň giňden aýrylmagynynyň yzýanyna gabat geldi.
Türkmenabatda Täze ýylyň ýakynlaşmagy duýulmaýar. Okuwçylar üçin öňünden planlaşdyrylan baýramçylyk dabaralary mekdeplerde we çagalar baglarynda geçirilmeýär.
Baýramçylyga taýynlyk gören we sowgat satyn alan ene-atalar nägile bolýarlar.
"Ene-atalar çagalaryna beriljek sowgatlary öňünden satyn aldylar. Indi agajyň töwereginde aýlanmak, goşgy okamak, Aýaz babadan sowgat almak ýok. Baýarmçylyk üçin gyzyma täze köýnek satyn aldym, ol begenip mekdebe geýip gitdi, emma baýramçylyk bolmansoň yzyna lapykeç dolandy" - diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy aýdýar.
Bu ýyl täze ýyl agajynyň ýanynda surata düşmek däbi, şeýle hem yzýany ene-atalaryň gatnaşmagyndaky çaý içişlikler bolmady.
Ene-atalaryň sözlerine görä, okuw jaýlarynyň işgärleri okuwçylar üçin baýramçylygyň ýatyrylmagynyň sebäplerini düşündirmändirler.
Çagalar üçin adaty Täze ýyl güýmenjesiniň ýatyrylmagy baýramçylyk bezegleriň we arçalaryň ähli ýerde sökülmeginden, köçelerde we köpçülik ýerlerinde, şol sanda edara jaýlarynyň içinden ýok edilmeginiň yzýany boldy.
Häkimiýet wekillerinden resmi düşündiriş bolmady.
Bu aralykda, din wekilleriniň Täze ýyl baýramçylygyna garşy wagyzlary ýygjamlaşdy. Ymamlar metjitlerdäki wagyzlarynda Täze ýyl baýramçylygyna, arça agaçlaryna we feýerwerklere garşy çykýarlar. Olar munuň yslam ýörelgelerine ters gelýändigini aýdýarlar. Mundan başga-da, ymamlar Täze ýyly bellemek üçin “ilatyň aşa pul sarp edýändigini” we munuň bilen “ýurduň býujetine zyýan ýetirýändigini” öňe sürýärler.
Ýurduň häkimiýetleri adatça Täze ýyl baýramçylygyna dekabr aýynyň başynda taýýarlyk görüp başlaýarlar. Munuň üçin puly döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden ýygnaýarlar. Býujetçiler muňa garşy bolsalar-da işden kowulmak gorkusy sebäpli soralýan puly tabşyrmaga mejbur bolýarlar.
Bu ýyl hem edil şonuň ýaly boldy. Her ýerde döwlet işgärlerinden pul ýygnaldy, köp sanly täze ýyl agajy oturdyldy we kärhana binalary, töwerekleri bezeldi. Emma gysga wagtda arçalar, bezegleriň köpüsi ýok edildi we ilatyň Täze ýyl baýramçylygyny bellemek mümkinçilikleri çäklendirildi. Kafeleriň we restoranlaryň iş wagty gysgaldyldy, kärhanalarda işgärlere oturyşlyk guramazlyk we olara gatnaşmazlyk tabşyryldy.
Şeýle-de bolsa, býujet işgärlerinden pul ýygnalmagy dowam etdirýärler. Ýaňy-ýakynda Maryda býujet edaralaryň işgärleri baýramçylyk bezegleri üçin zähmet haklaryndan azyndan 80 manadyň alnandygyny bilip galdylar.
Indi çäklendirmeler ýurduň iň ýaş nesiline-de baryp ýetdi.
Çagalaryň ene-atalary köpçüligiň halaýan Täze ýyl baýramçylygy üçin çykdajylary özleriniň çekýändiklerini we çagalary üçin sowgatlary öz hasabyna töleýändiklerini belläp, okuw jaýlaryndaky baýramçylygyň ýurduň býujetine hiç hili täsir etmeýändigine ünsi çekýärler.
Türkmenistanda Täze ýyl ilat tarapyndan halanýar we höwes bilen bellenýär. Ilatyň aglaba köplügi Täze ýyly esasy maşgala baýramçylygy hasaplaýar.
Öňki ýyllarda ýurduň ýolbaşçylary hem Täze ýyla ähmiýet berýärdi. Paýtagtyň we beýleki şäherleriň köçeleri uly tutumly bezelýärdi we her ýerde bezegli arçalar dikilýärdi. Resmi dabaralar döwlet baştutanynyň we hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Häkimiýetler tarapyndan gurnalan dabaralara öňünden saýlanan býujet işgärleri, studentler we mekdep ýaşyna ýetmedik körpeler gatnaşdyrylýar.
Häkimiýetler ilat köpçüliginiň özbaşdak baýramçylygyny çäklendirýärkä mejbury çäreleri dowam etdirýär.
Resmi gurnalan medeni çäreler şu günler tutuş ýurt boýunça geçirilýär, olar döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin wideo düşürilýär, geýnüwli gatnaşyjylar bolsa ýaşlygynyň bagtlydygyny görkezmäge we el çarpyp, şadyýan görünmäge mejbur edilýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum