Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň "Arkadagy" we Merkezi Aziýanyň beýleki "resmi toparlary"


“Arkadag” Türkmenistanyň çempiony baýragyna mynasyp boldy. Şol ady göterýän şäheriň futbol topary bu üstünligi möhletinden öň, milli çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda gazandy.
“Arkadag” Türkmenistanyň çempiony baýragyna mynasyp boldy. Şol ady göterýän şäheriň futbol topary bu üstünligi möhletinden öň, milli çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda gazandy.

Gurbanguly Berdimuhamedow şanyna döredilen täze şäheriň adyny göterýän Arkadag futbol komandasy özüniň ilkinji möwsüminde, Türkmenistan ýokary ligasynda, zarp bilen ýokary orny eledi. Azatlyk ýeňlişe ýol berilmeýän «resmi komandalara» syn edýär.

Ideal şäheri gurduran we oňa öz halaýan adyny dakdyran ideal hökümdara näme sowgat edip bolar? Ol ýerde öz oýunlaryny geçirýän kämil futbol toparynyň ýeňişlerini!

"Akylly şäher" – Arkadag häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň ägirt täsirli güýje eýe bolan kakasy, "milletiň lideri" Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamyny göterýär. Golaýda açylan şäher toplumynyň formasyny we nyşanyny Berdimuhamedowyň özi tassyklapdy.

Eýýäm bu şäherde öz oýunlaryny geçirýän “Arkadag” futbol komandasy oýnalan 22 oýunda, 22 ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe bolmagy başardy, ýogsa ýene-de oýnalmadyk tapgyrlar hem galypdy.

Dogrudan hem “Arkadag” möwsümiň bäsleşiginde, öňünden finala çykdy. ligada 2-nji orny eýeleýän “Altyn Asyr” toparyny 4:1 hasabynda ýeňip, olary 2-nji orunda galdyrdy.

Ýöne “Arkadag” güýçli howandary ýa-da olaryň maşgala agzalarynyň goldawy netijesinde, täk özi ýeňiş gazanýan Merkezi Aziýadaky ilkinji futbol topary däl.

Şol bir wagtda, sebitiň iň bir awtoritar ýurduna laýyk bolşy ýaly, "Arkadag" futbol toparynyň üstünligi hem beýleki "resmi toparlaryň" üstünliklerini gaýtalaýar.

Gysgaça aýtsak, klub eýýäm şübheli üstünlik gazanandygy bilen tanalýar.

KÄMILLEŞMEGIŇ BAHASY

“Altyn Asyry” unudyp bolmaz. Öň birwagtlar bu topar Türkmenistanyň super kluby bolupdy, şol döwürde soňky dokuz çempionatyň sekiz gezeginde ýeňiji we üç gezek Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy.

“Altyn Asyr” 2008-nji ýylda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň prezidenti bolan ilkinji ýyllarynda döredildi. Bu komandanyň ady hem Türkmenistanyň esasy döwlet telewizion kanalynyň garyp ýurdy bagtly we ösen döwlet hökmünde suratlandyrýan propagandalar tapgyrynyň gaýtalaýan sözi bilen baglanyşykly.

Eger biri türkmenleri hemişe siz “Altyn Asyrda” ýaşaýarsyňyz diýip ynandyrsa, köp raýatlar üçin garyplygyň artmagy, çöregiň ýetmezçiligi we beýleki esasy zerurlyklaryň gytçylykly döwründe ýaşasalar-da, olar bir adama – halk arasynda Arkadag ady bilen tanalýan Berdimuhamedowa minnetdar bolmalydyr. Hakykatdan-da, Berdimuhamedowyň ogly, ýurduň prezidenti döwlet habarlarynyň baş gahrymany däl. Uly Berdimuhamedowyň şöhraty prezidentligi ogluna tabşyrmak kararyna gelenden soňra-da artdy. Onuň özüne alan täze wezipesi prezident-oguldan ýokary tutulýana meňzeýär.

Golaýda täze açylan Arkadag şäheri Türkmenistanyň ozalky ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamyny göterýär. Ol paýtagt Aşgabatdan 30 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýär. 2023-nji ýylyň 29-njy iýuny.
Golaýda täze açylan Arkadag şäheri Türkmenistanyň ozalky ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamyny göterýär. Ol paýtagt Aşgabatdan 30 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýär. 2023-nji ýylyň 29-njy iýuny.

60 müňe golaý ilat üçin döredilen Arkadag şäheri Berdimuhamedowyň kultunyň iň beýik derejesidir. Bu ýerde onuň 40 metrden beýigräk bolan heýkeli oturdyldy, şäheriň merkezi köçesine bolsa onuň söýgüli aty – Akhana ady dakyldy.

Türkmenistanyň beýleki şäherlerinden tapawutlylykda, Arkadagda mekdepler, çagalar baglary we hassahanalar häzirki zamana laýyk gowy üpjün edildi. Şäherde döwrebap barlag-gözegçilik ulgamy-da işleýär.

Elbetde, “Arkadag” futbol kluby üçin, täze 10 müň orunlyk parlak stadion bar, onuň bezeg-gözellik çyzgysyna başga biri däl, Berdimuhamedowyň hut özi gözegçilik etdi.

Emma bularyň bary biynjalyk edýän soraglary döredýär. "Arkadag" adyny göterýän futbol topary ýeňlişe sezewar bolmak howpuna düşmeli däl.

“Arkadag” hem edil "Altyn Asyr", "Ahal" komandalary ýaly, beýleki klublaryň iň gowy oýunçylaryny özüne çekip bilýär. Netijede, klub düzümi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna örän meňzeş bolar.

2017-nji ýylda ýetip gelýän Aziýanyň ýapyk binalardaky söweş sungaty oýunlaryna gatnaşyjylaryň arasynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Gawun baýramyny bellemek mynasybetli elinde gawun tutup dur. 2017-nji ýylyň 18-nji awgusty.
2017-nji ýylda ýetip gelýän Aziýanyň ýapyk binalardaky söweş sungaty oýunlaryna gatnaşyjylaryň arasynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Gawun baýramyny bellemek mynasybetli elinde gawun tutup dur. 2017-nji ýylyň 18-nji awgusty.

Wenada ýerleşýän "Türkmenistanyň hronikasy" saýtynyň geçiren gürrüňdeşliginde, ady nämälim futbol janköýeriniň aýtmagyna görä, täze topara "kazylar görnetin kömek edýär".

"Şagadam" topary bilen geçirilen duşuşygyň soňky minutynda, arbitrleriň biri “Arkadagyň” bähbidi üçin, şübheli jerime urgusyny belläninde, munuň şeýledigi has aýan boldy. Netijede, 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, olara rekord derejede üstünligini saklamaga mümkinçilik berdi diýip, ol janköýer "Türkmenistanyň hronikasyna" gürrüň berdi.

“Janköýeriň pikirine görä, “Arkadag” ýaryşdaky garşylykly bäsdeşligi ýok edýär we janköýerleriň sporta bolan höwesini öldürýär" diýip, saýt ýazýar.

REŽIMIŇ PROÝEKTI

Sport, aýratyn-da futbol Merkezi Aziýa ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda, syýasy nyşanlaryň giňden ýaýran guralyna öwrüldi. Bu adaty futbol janköýerleriniň ol komanda gowy seredýändigine ýa-da seretmezligine garamazdan, syýasy režimler tarapyndan goldanylýar.

Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň futbol kluby diňe bir goldaw däl, eýsem “Astana” 2013-nji ýyldan, Prezidentiň sport kluby toparyna girizildi. Ol milli abadançylyk «Самрук-Казына» tarapyndan goldanylýan, şol wagtky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň döreden köpugurly sport klubydy.

Ondan ozal "Astana lokomatiwi" ady bilen tanalýan, soňra “Astana” adyny alan komanda, hiç wagt çempionlyk titulyny gazanyp bilmändi. Prezidentiň klubyna goşulanyndan soňra, “Astana” topary ýurduň iň uly şäheri Almatynyň sowet eýýäminden bäri kök urup gelýän “Kaýrat” komandasyny yzda galdyryp, yzly-yzyna 6 gezek şol titula eýe boldy.

Täjigistanda Duşanbeniň “Istiklol” topary 2010-njy ýylda esaslandyrylandan bäri, diňe iki ýyldan başga, her ýyl ýurduň çempiony bolup gelýär. Klub prezident Emomali Rahmonyň ogly Rustam Emomali tarapyndan esaslandyryldy.

Edil “Arkadagyň” mysalynda bolşy ýaly, ýaryşlarda ol klublaryň hem futbol arbitražlaryndan hemişe "ýaşyl yşyk" alýandyklaryny janköýerler ýatlaýarlar.

Şeýlelikde, 2011-nji ýylda “Rawşan Kulobyň” garşysyna geçirilen bäsleşikde, “Istiklol” oýnuň ahyrynda düzgünden çykyp, top urandan soň, ýeňiş gazandy, oňa bolsa arbitraž üns bermedi, bu ýagdaý janköýerleriň tolgunyşygyna getiripdi.

Belki-de, regional futbol sahnasynda iň uly galmagal özbegistanly “Bunýodkor” bilen baglanyşykly bolupdy.

2008-nji ýylda Daşkendiň topary dünýä Kubogynyň ýeňijisi bolan braziliýaly Riwaldo bilen şertnama baglaşyp, futbol dünýäsini haýran galdyrdy. Şol pursatdan “Bunýodkor” alty ýylyň içinde, bäş gezek ýokary milli titula eýe boldy.

Ýöne Riwaldo bu toparda diňe iki möwsümiň dowamynda oýnansoň, gatnaşyk masgaraçylyk bilen tamamlandy. Bu ýagdaý braziliýaly oýunçy klubdan birnäçe million dollar alandygy barada aýdanyndan soň bolup geçdi.

Brazil futbolynyň ýyldyzy Riwaldo
Brazil futbolynyň ýyldyzy Riwaldo

“Bunýodkoryň” öňde goýan maksatlaryny dawalara duçar bolan özbek Zeromaxy maliýeleşdiripdir. Ol kompaniýa şol wagtky prezident Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa bilen ýakyndan baglanyşyklydy.

Klubyň şöhrady Kerimowanyň abraýy ýaly soňra söndi. Gülnara kakasy prezident wagtynda, öý tussaglygyna alyndy, kakasy ýogalandan soň, jenaýat işinde aýyplap, ony türmä basdylar.

Gülnara Kerimowa Mercedes-Benz moda Hepdesinde "Guli Collections Spring 2011" moda sergisine gatnaşjak harytlaryň alnynda surata düşýär. Nýu-Ýork, 2010-njy ýylyň 10-njy sentýabry.
Gülnara Kerimowa Mercedes-Benz moda Hepdesinde "Guli Collections Spring 2011" moda sergisine gatnaşjak harytlaryň alnynda surata düşýär. Nýu-Ýork, 2010-njy ýylyň 10-njy sentýabry.

Häzirki wagtda “Bunýodkor” Özbegistanyň ligasynda 14 toparyň arasynda, sekizinji orny eýeleýär.

ÖÝÜŇDEN DAŞDA OÝNAMAK AGYR BOLMAZMY?

“Arkadagyň” düýbünden täze topar bolany üçin, klubyň ýurduň daşyndaky bäsdeşlerine garşy oýunlarda, ol ýerdäki şertleri we has berk arbitražyň talap edijiligi nazara alynsa, özlerini synamaga mümkinçilikleri kän däl.

Klub iýul aýynda, Bolgariýada Moldowanyň ikinji toparynda bolan "Besa Doberdoll" komandasyna garşy oýnanda, deňme-deň tamamlady. Bu ýoldaşlyk duşuşygy üýtgeşik ýagdaýdy.

Ýöne geljek möwsümde türkmen super kluby has ýowuz synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolar, öz öýünde gazanan üstünlikleriniň netijesinde, “Arkadag” Aziýa klublarynyň tapgyrlaýyn bäsleşiklerinde çykyş eder. Bu bolsa hatda Çempionlar ligasynyň Aziýa tapgyrynda Kriştiano Ronaldo we Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” komandasy bilen duşuşygy hem aňladyp biler.

Şeýlelikde, şu möwsümde “Istiklol” “Al-Nasr” bilen saýlama toparda çykyş etdi. Täjigistanyň belli ýyldyzy 4 komandanyň arasynda, iň yzky orny eýeledi.

Häzirki wagtda döwlet propagandasyna we sportuň dürli görnüşlerinde gazanylýan ýeňişleriň köplenç görkezilýändigine, onuň baş gahrymany, fiziki aktiwligi yzygiderli ündeýän uly Berdimuhamedowyň yhlasyna garamazdan, Türkmenistanyň halkara ýaryşlaryndaky abraýy Merkezi Aziýa döwletiniň arasynda, iň pes derejede bolmagynda galýar.

Dogrudan-da, Türkmenistan ilkinji gezek Olimpiýa medalyny diňe 2021-nji ýylda, agram göteriji Polina Gurýewa Tokioda kümüş medalyň eýesi bolan mahalynda gazandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG