Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ýene tozanly ýel turdy, elektrik üpjünçiligi wagtlaýyn kesildi. Wideo


Soňky bir aýa golaý wagt bäri sebitde ýygy-ýygydan ýüze çykýan tozanly howa ýaşaýjylaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Baýramaly, Mary.
Soňky bir aýa golaý wagt bäri sebitde ýygy-ýygydan ýüze çykýan tozanly howa ýaşaýjylaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Baýramaly, Mary.

Mary welaýatynda 26-njy noýabrda ýene tozanly ýel turdy. Howanyň düzüminde çägäniň we tozanyň aşa köplügi zerarly, köp adam öýlerinden daşary çykmakdan saklandy. Welaýatda ýüz maskasyny dakynýanlaryň sany göz-görtele köpeldi.

“Ýekşenbe güni irdenden agşama çenli Marynyň üstünden tozan ýagdy diýsek ýalňyşmarys. Bu gezek ýagan tozan, öňküler bilen deňeşdirilende, üç-dört esse köp boldy. Hatda daşary çykyp bolmady. Öýüň içinde hem üsgürip, dem alar ýaly bolmady” diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Maryda ýene tozanly ýel turdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:33 0:00

Tozanly ýeliň yz ýany, sebitiň käbir etrapçalarynda we obalarynda elektrik üpjünçiligi wagtlaýyn kesildi.

27-nji noýabrda öýlän sebitde gaýtadan şemal başlap, tozanly howa heniz-de saklanyp galýar. Köp adam maska dakyp, tozanly howadan goranmaga çalyşýar.

Çeşmämiziň şu günlerde sebitden iberen wideo ýazgysynda goňrumtyl, sarymtyl reňkdäki tozanyň asmany gaplandygyny, daş-töweregiň, şol sanda ulaglaryň we köçeleriň tozana bürelendigini görse bolýar.

Şeýle-de, onda howanyň düzümindäki tozan zerarly 30-40 metrden uzakdaky desgalar, ulaglar göze görünmeýär.

Soňky bir aýa golaý wagt bäri ýygy-ýygydan ýüze çykýan tozanly howa ýaşaýjylaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Habarçylarymyz sebitde demgysma we dümew bilen keselleýän adamlaryň göz-görtele köpelendigini aýdýarlar.

“Şu günlerde Baýramaly etrap hassahanasynda uly adamlar bilen bir hatarda, kiçi ýaşly çagalary hem hassahanalarda köp görse bolýar. Köp lukman muňa güýz pasly bilen bir hatarda, soňky hepdelerde dowam edýän tozanly howanyň çäginde howanyň agşam sowamagynyň, gündizlerine tomsuň güni ýaly gyzmagyny sebäp bolýandygyny çaklaýarlar” diýip, ýerli lukmanlaryň biri anonim şertde aýtdy.

Mary we Baýramaly şäherlerindäki habarçylarymyz 27-nji noýabrda sebitiň edara-kärhanalarynda, şol sanda mekdeplerde we çagalar baglarynda köpçülikleýin ýüzärlik tütedilýändigini hem aýtdylar.

Şeýle-de, olar ençeme bilim işgärine salgylanyp, 27-nji noýabrda sebitiň çagalar baglaryna we mekdeplerine körpeleriň, okuwçylaryň takmynan 50%-niň gelendigini hem habar berdiler.

Nobatdaky tozanly ýel Maryda şu aýyň birinji ongünlüginden bäri turan çägeli harasatlaryň üçünjisidir.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we media serişdeleri ýurduň günorta we günorta-gündogar sebitlerinde turýan tozanly ýeller barada habar bermeýärler.

Howa maglumatlaryny çap edýän Meteojurnal.ru neşirine görä, oktýabr aýynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde bäş sany tozanly harasat hasabat alyndy.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çölleşmä garşy edarasy 13-17-nji noýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiren duşuşygynda dünýäde tozanly tupanlaryň we çägeli harasatlaryň soňky ýyllarda ýygjamlaşandygyny we ýitileşendigini aýtdy.

Şonda bu ýagdaýyň serhetüsti täsirlere ýol açýandygy, daşky gurşawa, klimata, oba hojalygy pudagyna, suwuň we howanyň hiline zyýan ýetirýändigi, saglyk ýagdaýy pes adamlaryň durmuşyna wehim salýandygy aýdyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG