Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowet hökmürowanlygynyň türkmen çäginde miras galdyran 'kolonial pikirleri'


Aşgabatdaky merkezi kitaphanadan bir pursat. Arhiwden alyndy. 2014 ý. Illýustrasiýa suraty.
Aşgabatdaky merkezi kitaphanadan bir pursat. Arhiwden alyndy. 2014 ý. Illýustrasiýa suraty.

Sowet Soýuzy rus kolonizasiýasynyň dowamy boldumy, ýa-da öňki sowet ýurtlary bu soýuza meýletin goşuldymy? Sowet häkimiýetleri türkmen aňynda nähili kolonial pikirleri miras goýdy?  Programmamyzyň nobatdaky sany şeýle soraglaryň töwereginde diskusiýa guraýar.

30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal Sowet Soýuzy resmi taýdan doly dargady. 15 respublikadan ybarat bolan birleşigiň dargamagy öňki sowet giňişliginde taryhy waka boldy.

Şol döwürlerde rus agalygynyň astynda galan häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda 99 ýyldan gowrak wagt mundan ozal Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy atly aýratyn türkmen döwleti bina edildi. Türkmenistanyň Sowet Soýuzyna meýletin goşulandygy aýdyldy.

Golaýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Amerikanyň sesi bilen bilelikde ýöredýän Nastoýaşeýe Wremýa, ýagny “Häzirki zaman” telekanaly möhüm ýyl dönümiň öňüsyrasynda öňki sowet ýurtlarynyň döwlet senasyna syn berýän bir gepleşik taýýarlady.

Öňki sowet ýurtlarynyň tas ählisiniň döwlet senalarynda rus halky ileri tutulýar. Käbir senalarda ol “beýik” hökmünde häsiýetlendirilýär, käbirlerinde oňa “uly dogan” diýlip ýüzlenilýär. Türkmenistan SSR-niň döwlet senasy rus halkyny dostlugyň “arkadagy” hökmünde wasp edýär.

Käbir taryhçylar sowet häkimiýetleriniň Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda özlerinden öňki rus patyşalygynyň kolonizasiýa syýasatlaryny dowam etdirendiklerini aýdýarlar. Meselem, bolşewik häkimiýetleri Türkmenistanda raýatlary pagta önümçiliginiň, oba hojalyk önümçiliginiň töwereginde mobilizledi, pagta önümçiliginiň güýçli depginde alnyp barylmagy sebitiň ýer we suw serişdelerine oňaýsyz täsir etdi. Sowetler döwründe suw serişdeleriniň tygşytsyz peýdalanylmagy bilen Merkezi Aziýada ýerleşýän Aral deňzi gurady. Bu tebigy heläkçilik bilen, sowet häkimiýetleri sebite örän agyr daşky-gurşaw betbagtçylygyny miras goýdy.

Sowet Soýuzy rus kolonizasiýasynyň dowamy boldumy, ýa-da öňki sowet ýurtlary bu soýuza meýletin goşuldymy? Sowet häkimiýetleri türkmen aňynda nähili kolonial pikirleri miras goýdy? Programmamyzyň nobatdaky sany şeýle soraglaryň töwereginde diskusiýa guraýar.

DT: Sowet hökmürowanlygynyň türkmen çäginde miras galdyran 'kolonial pikirleri'
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG