Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep ýolbaşçylary maglumatyň syzmagyna garşy göreşýär, okuwçylara smartfon götermegi gadagan edýär


Okuwçylar mekdepden gaýdyp gelýärler. Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Okuwçylar mekdepden gaýdyp gelýärler. Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Aşgabadyň 15-nji orta mekdebinde mekdep ýolbaşçylary mugallymlar bilen 26-njy sentýabrda ýörite ýygnak geçirip, mekdebiň çäginde bolup geçýän wakalar barada Azatlyk Radiosyna maglumat syzdyrylmagynyň öňüniň alynmagyny maslahat etdiler.

Şeýle-de, mekdep müdiri mugallymlardan okuwçylaryň mekdebe smartfon getirmegine girizilen gadaganlygyň berjaý edilmegini talap etdi.

Bu ýygnagyň edil öňüsyrasynda, Azatlyk Radiosy 25-nji sentýabrda ýerli habarçylara salgylanyp, ýurduň köp sanly orta mekdeplerinde, şol sanda paýtagtda ýerleşýän 15-nji orta mekdepde abatlaýyş işleri üçin okuwçylardan pul toplanylýandygyny habar berdi.

Bu habar bilim resmilerini we mekdep ýolbaşçylaryny ynjalykdan gaçyrdy.

“Azatlyk Radiosynda ýaňy-ýakynda mekdepde okuwçylardan pul ýygnalýandygy barada tankydy maglumatlar agzalyp geçildi. Ýygnakda bu maglumatlaryň kim tarapyndan paş edilýändigi ara alnyp maslahatlaşyldy” diýip, mekdep müdiriniň geçiren ýygnagyndan habarly bir çeşme aýdýar.

Mekdep ýolbaşçylary maglumatlaryň syzyp çykmagy bilen baglylykda okuwçylaryň hem-de olaryň ene-atalarynyň arasynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň bolmak ähtimallygyny belleýärler.

“Mekdep müdiri we onuň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary maglumatlaryň syzyp çykmagy boýunça öňüni alyş çärelerini geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar” diýip, ýygnakdan habarly çeşmämiz aýdýar.

Bu mekdebiň ýolbaşçylary geçen hepde 1-4-nji klas aralygyndaky okuwçylaryň ene-atalaryndan mekdebiň çägindäki başlangyç klas okuwçylara niýetlenen hajathanalaryň abatlanmagy üçin adam başyna 50 manatdan pul topladylar.

50 manat tabşyrmadyk okuwçylaryň mekdep hajathanasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmejekdigi aýdyldy.

Dilden görkezmeler esasynda okuwçylardan topladylýan pullar baradaky habarlaryň jemgyýetçilige äşgär bolmagy bilen, mekdep resmileri mekdebiň çäginde maglumata gözegçiligi güýçlendirýärler.

Ýygnagyň dowamynda mekdep müdiri mugallymlardan okuwçylaryň öz aralarynda haýsy temalar barada gürrüň edýändiklerini öwrenmegi, "döwlet tarapyndan oňlanylmaýan” haýsy kitaplary we teleradio gepleşikleri yzarlaýandyklaryny anyklamagy, hem-de haýsy habar çeşmelerinden täzelikleri yzarlaýandyklaryny seljermegi talap edipdir.

Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda söz azatlygyny we erkin maglumat almak azatlygyny, media azatlygyny berk çäklendirmekde ýyllar boýy ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan tankyt edilýär.

Şeýle-de, mekdep müdiri mugallymlar bilen geçiren ýörite duşuşygynda okuwçylaryň mekdebe smartfon getirmeklerini “aradan aýyrmagyň zerurdygyny” belläpdir. Mekdep ýolbaşçylary akylly telefonlar bilen ele düşen okuwçylar barada Polisiýanyň ýetginjekler bölümine öz wagtynda habar berilmegine gözegçilik etmegi, şeýlelikde olaryň ene-atalaryna häkimiýetler tarapyndan temmi berilmegini gazanmagy göz öňünde tutýarlar.

Mugallymlardan suratkeşlige we şekillendiriş sungatyna ýykgyn edýän okuwçylaryň eserlerini ýakyndan synlamaklyk hem-de olaryň kimleriň täsirinde galýandygyny anyklamaklyk talap edilýär. Şeýle-de, dini mazmunly eserleri okaýan okuwçylar barada “degişli guramalary habarly etmeklik” talap edilýär.

Azatlyk Radiosy hajathanalaryň abatlaýyş işleri üçin kiçi klas okuwçylardan pul serişdeleriniň toplanylmagy barada, hem-de bu habarlaryň yz ýany mekdep müdiriniň mugallymlar bilen geçiren duşuşygy barada Aşgabadyň 15-nji orta mekdebinden resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda häkimiýetler okuwçylar bilen wagtal-wagtal duşuşyklary geçirip, “tertip-düzgüniň berjaý edilmegi” barada söhbetdeşlikleri gurnaýarlar. Şeýle-de, okuwçylaryň mekdeplere smartfon götermegi häkimiýetler tarapyndan, bilim işgärleri tarapyndan berk gözegçilikde saklanylýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri we elektron neşirleri raýatlaryň gündelik durmuşy barada, şeýle-de häkimiýetleriň eden-etdilikleri barada asla habar bermeýär. Ýurtda garaşsyz media guramalarynyň päsgelçiliksiz işlemegine rugsat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG