Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň mekdepleri sabyn we dezinfeksiýa serişdeleri üçin pul ýygnamagyny dowam etdirýär


Aşgabadyň orta mekdepleriniň biri. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň orta mekdepleriniň biri. Illýustrasiýa suraty

Koronawirus pandemiýasynyň gutarandygyna we Türkmenistanda munuň bilen bagly çäklendirmeleriň ýatyrylandygyna garamazdan, Aşgabadyň mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryndan sabyn, salfetka, dezinfeksiýa we hajathana kagyzy üçin 60 manat ýygnalmagy dowam edýär. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 14-nji sentýabrda habar berdi.

Maglumatda şäheriň 132-nji mekdebiniň okuwçylarynyň ene-atalary ýygnalýan umumy puluň möçberiniň bazarlarda bu harytlary satyn almak üçin zerur bolan serişdeden 25-30% köpdügini belleýärler.

“Men munuň öňüni alyş çäreleri bilen o diýen gatnaşygy ýokdur diýip pikir edýärin. Bu, pul ýygnamak üçin bahana bolup biler we onuň ep-esli bölegi nädogry maksatlara, kimdir biriniň jübüsine gider” diýip, mekdep okuwçylarynyň biriniň garyndaşy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylan ýagdaýlar barada gürrüňi edilýän mekdepden kommentariý alyp bilmedi. Bu barada şäheriň Bilim bölümi bilen hem habarlaşyp bolmady.

Öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tutanýerlilik bilen tekrarlaýan Türkmenistanyň häkimiýetleri 2020-nji ýylyň aprelinden başlap okuwçylardan agzalýan arassaçylyk serişdelerini ýanlary bilen getirmegi talap etdiler. Ýöne şol ýylyň ahyrynda orta mekdepleriň aglabasynda okuwçylardan bu serişdeler üçin pul ýygnalyp başlandy.

Gürrüňi edilýän arassaçylyk serişdelerine heniz-de pul ýygnalýandygy barada geçen hepde Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy we çeşmesi hem habar beripdi.

Şonda ol ýurduň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň hökümet tarapyndan arassaçylyk serişdeleri, şol sanda el ýuwmak üçin sabynlar bilen üpjün edilmelidigini, ýöne munuň iş ýüzünde berjaý edilmeýändigini hem belläpdi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçylardan pul ýygnalmagy bilen bagly ýagdaýlar ýylyň dowamynda onlarça gezek gaýtalanýar.

Ene-atalar köpçülikleýin we baýramçylyk çäreleri, synplary abatlamak, prezidentiň portretini, döwlet baýdagyny we gerbini täzelemek, dürli okuw esbaplaryny satyn almak, mekdep ýolbaşçylaryna we mugallymlara sowgat almak ýaly maksatlar üçin pul bermäge mejbur bolýarlar.

Soňky ýyllarda ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň arasynda, bu çykdajylar ozalam güzeran eklenji ýeňil bolmadyk maşgalalaryň köpüsini barha kyn ýagdaýa salýar.

Ýurduň käbir mekdeplerinde mugallymlar pul ýygnamak we beýleki talaplary berjaý etmedik okuwçylara pes baha goýmak barada haýbat atýarlar.

Käbir mugallymlar bolsa, okuwçylardan dürli maksatlar üçin pul ýygnamak talabynyň etrap, şäher, welaýat bilim müdirlikleri tarapyndan dilden öňe sürülýändigini aýdýarlar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda Bilim ministrligi ýyllarboýy dowam edýän bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG