Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň myhmanhanalarynyň ençemesine tagtabit ýaýrady


Käbir adamlar ýaşaýjylara tagtabiti ýok etmäge kömek bermegi hödürleýärler. Bu hyzmat baradaky bildirişler jaýlaryň girelgelerinde we etrapçalaryň dürli ýerlerinde asylýar.
Käbir adamlar ýaşaýjylara tagtabiti ýok etmäge kömek bermegi hödürleýärler. Bu hyzmat baradaky bildirişler jaýlaryň girelgelerinde we etrapçalaryň dürli ýerlerinde asylýar.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryndan soň, indi paýtagtyň myhmanhanalarynyň ençemesine hem tagtabit ýaýrady. Bu barada myhmanhanalarda galýan türkmenistanlylaryň ençemesi Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şu aýyň ahyrynda, 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk güni we onuň bilen bagly geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin ýurduň welaýatlaryndan Aşgabada baran bu raýatlar tagtabit zerarly myhmanhanalarda tas uklap bolmaýandygyny aýdýarlar.

“Biz çärelere gatnaşmak üçin Lebap welaýatynyň dürli sebitlerinden gelip, 10 günden gowrak wagt bäri Aşgabatda bolýarys. Bizi ilki Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän ‘Paýtagt’ myhmanhanasyna ýerleşdirdiler. Bu myhmanhananyň tagtabitden doludygy sebäpli, men we başga-da birnäçe ýaşuly myhmanhananyň ýolbaşçysyna we bize ýolbaşçylyk edýän hukuk goraýja şikaýat etdik” diýip, lebaply ýaşuly gürrüň berdi.

Türkmenistanda adatça uly baýramçylyklaryň paýtagtda geçiriljek dabaralary üçin ýurduň welaýatlaryndan býujet işgärleri, ýaşulular, talyplar we käte çagalar Aşgabada iberilýär. Olar şäherdäki myhmanhanalara ýerleşdirilýär.

Lebaply ýaşulynyň sözlerine görä, olaryň şikaýatyndan soň, olary “Aşgabat” myhmanhanasyna geçirýärler. Ýöne olar bu myhmanhanada-da tagtabitden halas bolup bilmändiklerini aýdýarlar.

“Tagtabit dişläp, ýatmaga goýmaýar. Biz bu barada myhmanhana ýolbaşçylara şikaýat edenimizde, olar bize ‘ýaşuly, birnäçe günden öýüňize gidýärsiňiz, birnäçe gün gaýrat ediň’ diýip jogap berdiler” diýip, lebaply başga bir ýaşuly aýtdy.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin paýtagta baran we şäheriň “Nebitçi” myhmanhanasynda bolýan maryly býujet işgärleriniň birnäçesi bu ýerde-de ýagdaýyň ýaramazdygyny, tagtabitiň otaglaryň ählisine ýaýrandygyny aýtdy.

“Paýtagtyň ‘Oguzken’, ‘Ýyldyz’, ‘Diwan’ we ‘Arkadag’ myhmanhanalaryndan başga ähli myhmanhanlaryna tagtabitiň ýaýrandygyny aýdýarlar” diýip, maryly býujet işgäri myhmanhana resmisine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalan myhmanhanalardan we Aşgabadyň sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Bu aralykda, paýtagtdaky habarçymyz käbir adamlaryň ýa firmalaryň ýaşaýjylara tagtabiti ýok etmäge kömek bermegi hödürläp başlandygyny habar berýär. Bu hyzmat baradaky bildirişler jaýlaryň girelgelerinde we etrapçalaryň dürli ýerlerinde asylýar.

Jandarlaryň gany, ösümlikleriň şiresi bilen iýmitlenýän tagtabitiň dişlän ýeri gyzarýar we gijeýär. Aşgabadyň ýaşaýjylary tomsuň başyndan bäri tagtabitiň çalt depginde ýaýramagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

14-nji iýunda şäher ýaşaýjylary öýlerinde dörän gansorujy mör-möjeklere çem gelen serişdeler bilen göreşmäge synanyşýandyklaryny gürrüň berdiler. Olar mör-möjekleri ýok etmek üçin niýetlenen häzirki zaman serişdeleriň tapdyrmaýandygyny, sanitariýa-epidemiologiýa stansiýasyna ýüz tutanlarynda özlerine “köpçülikleýin dezinfeksiýa geçirmek üçin ýeterlik mukdarda serişde ýok” diýlip jogap berilýändigini hem aýtdylar.

Iýunyň soňky ongünlüginde paýtagtda mör-möjekleriň döredýän oňaýsyzlyklaryndan başga-da, tagtabit dişländen soň adamlaryň hassahana ýerleşdirilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykandygy belli boldy. Şonda habarçylarymyz we çeşmelerimiz keselhana ýerleşdirilen adamlaryň bruselez keseline uçran bolmagynyň ähtimallygynyň barlanýandygyny aýtdylar.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan arassaçylyk işgärleriniň birnäçesi tagtabitiň köpelmeginiň esasy sebäbini arassaçylyk şertleriniň berjaý edilmezligi bilen baglanyşdyrýar. Bu mör-möjek adamyň gündelik eşiklerine aralaşýar we gizlenýär. Şeýle hem olar islendik elektronik gurallarda, kitaplarda bolup bilýär. Ulanylan mebelleri satyn almak tagtabitiň bir ýerden başga ýere ýaýramagynyň iň aňsat usuly hasaplanýar.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurduň paýtagtynda üç aý gowrak wagt bäri dowam edýän bu ýagdaýlar barada häzire çenli aç-açan mesele gozgaman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG