Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda 'dynç alýan' türkmenistanly köpelýär


Türkmen-özbek araçägindäki täze demirýol menzili
Türkmen-özbek araçägindäki täze demirýol menzili

Türkmenistan şu ýylyň sekiz aýynda Özbegistana dynç almaga baran raýatlarynyň sany boýunça öňdäki onluga girdi diýip, türkmen metbugaty Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp habar berýär.

2023-nji ýylyň sekiz aýynda Özbegistana dynç almaga baran türkmenistanly 17,8 müň adam bolup, Türkmenistan bu görkezijide altynjy orna çykypdyr.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, ýylyň ýanwar-awgust aýlaryna Özbegistana dynç almak üçin Russiýa Federasiýasydan 155,5 müň, Gazagystandan 39,6 müň, Täjigistandan 25,1 müň, Türkiýeden 22,8 müň, Gyrgyzystandan 21,6 müň adam gelipdir.

Bu döwürde Özbegistana dynç almaga gelen daşary ýurt raýatlarynyň umumy sany 466,9 müň adam bolup, olaryň 3,8%-i Türkmenistanyň paýyna düşýär diýip, “Türkmenportal” ýazýar.

Golaýdaky ýurtlara dynç almaga gidýän türkmenistanlylaryň köpüsiniň, ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklar zerarly, baran ýerlerinden peýda görüp boljak haryt ýa-da başga gazanç mümkinçiligini gözleýändigi, dynç almaga kän eliniň ýetmeýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG