Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ene-atalar: Mekdeplerde para-berim möwjeýär, esbaplar köpler üçin elýetersiz


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen, çagalary başlangyç synpa başlan ene-atalaryň ençemesi mekdebiň ilkinji günlerinden başlap, giň ýaýran para-berim bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny aýdýar. Olar mekdep esbaplarynyň hem köpler üçin elýetersizdigini belläp, özlerinden yzygiderli pul ýygnalýandygyny-da aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary we Balkan welaýatlaryndan maglumat berdiler.

“Mugallymlar ene-atalaryň maddy ýagdaýyna seredip, çagalara şoňa görä çemeleşýärler. Okuwyň birinji gününde gurply ene-atalar çagalaryny mekdepden almaga baranda, synp ýolbaşçysyna dürli sowgatlary getirdiler. Olar mugallymdan öz çagalaryny öňdäki partalarda oturtmagy we olara aýratyn üns bermegi soradylar. Olaryň haýyşy we sowgatlary uly höwes bilen kabul edildi” diýip, maryly ene anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, enäniň sözlerine görä, gözüniň göreji pes bolan çagalaryň ene-atalarynyň mugallymdan çagalary öňdäki partalarda oturtmak baradaky haýyşy kabul edilmeýär. Sebäbi olar mugallymlara haýyşyň öwezine sowgat bermeýärler.

“Mugallymlaryň köpüsi bu ene-atalara çagasyna ýörite äýnekleri satyn almagy maslahat berýärler we olary soňky partalarda oturdýarlar. Olar gurply hojalyklaryň çagalaryna has sypaýyçylykly çemeleşýärler” diýip, maryly ene belledi.

Balkan welaýatyndaky ene-atalaryň ençemesi bolsa, giň ýaýran para-berimden başga-da, mekdep esbaplarynyň hem köpler üçin elýetersizdigini, olary özleriniň satyn almaly bolýandygyny aýdýar.

“Başlangyç synp okuwçylaryň ene-atalaryndan iňlis dilindäki 40 sahypaly okuw kitabynyň iki sanysyny 50 manada satyn almak talap edilýär. Ak-gara formatda çap edilen bu kitap çagalara iňlis dilinde harplary goşup okatmagy öwredýär” diýip, sebitdäki habarçymyz gürrüň berdi.

Ene-atalaryň köpüsi täze okuw ýylynyň başlanyna heniz bir hepde hem bolmandygyny, ýöne özlerinden her gün bir zat üçin pul soralýandygyny aýdyp, ýurduň bilim ulgamyna nägilelik bildirýär.

“Bize täze okuw ýylynyň öň ýanynda, başlangyç synpa gitjek çagalar üçin hökmany satyn alynmaly okuw esbaplarynyň sanawyny gowşurdylar. Bu sanawda depderler, ruçklar, galamlar, albomlar, gaýçylar, plastmassa stakan, hajathana kagyzlary ýaly serişdeler bar. Bu esbaplaryň umumy bahasy Türkmenistanda tölenýän ortaça aýlyk hakyna barabar. Maşgalada iki-üç çaga bolsa näme etmeli?! Häzir başlangyç synp okuwçylarynyň ene-atalarynyň köpüsi çagalaryny mekdepden almaga baranda, gaty eýmenip barýar. Ene-atalar özaralarynda bu gün näme üçin pul sorarlar diýýärler” diýip, balkanly ene gürrüň berdi.

Azatlykda bu wakalaryň Marynyň we Balkanyň haýsy mekdeplerinde ýüz berýändigi barada anyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şu günlerde Balkanda diňe başlangyç synp däl, eýse ýokary synp okuwçylardan hem pul ýygnalýar. Mugallymlar bu pula arassaçylyk serişdeleriniň satyn alynjakdygyny aýdýarlar.

“Köp hojalygyň talap edilýän bu puly tölemäge mümkinçiligi ýok. Şeýle bolanda, köp mugallym bu hojalyklaryň çagalarynyň özüniň garamagyndan çykarmagyň ýollaryny gözlemäge başlaýar. Olary başga synplara geçirip, dynmakçy bolýarlar. Bu ýagdaý çaganyň bir synpdan başga synpa geçirilip, okuwa, bilime bolan garaýşyna, höwesine ýaramaz täsir ýetirýär. Çagada men hiç kime gerek däl diýen pikir döreýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Ýagdaýlardan habarly balkanly çemelerimiz ýurduň bilim we terbiýeçilik edaralaryna hökümet tarapyndan üpjün edilmeli arassaçylyk serişdeleriniň, şol sanda el ýuwmak üçin sabynlaryň iberilmeýändigini aýdýarlar.

Mundan başga-da, ene-atalar mekdeplerdäki para-berim, soralýan we ýygnalýan pullar sebäpli, okuwçylaryň arasynda mugallymlara pul bilen bagly lakam dakmak tejribesiniň hem giňden ýaýraýandygyny aýdýarlar.

“Köp mugallym ‘on manatlyk mugallym, ýigrimi manatlyk mugallym we ellilik mugallym’ lakamlary bilen tanalýar” diýip, balkanly ene aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň bilim edaralaryndan kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde para-berimiň giňden ýaýrandygy barada Azatlygyň habarçylary ýyllarboýy habar berip gelýärler. Soňky aýlarda habarçylarymyz para-berimiň ýaşlaryň ýokary okuw jaýlaryna, okuwçylaryň mekdeplere we körpeleriň çagalar baglaryna girmek prosesinde hem möwjeýändigini aýdyp gelýär.

Geçen aýyň ortalarynda balkanly ene-atalaryň ençemesi çagany ýöriteleşdirilen mekdeplerde birinji synpa ýerleşdirmek üçin soralýan paranyň möçberiniň 50 müň manada ýetýändigini aýtdy.

"Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden korrupsiýa baradaky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG