Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda we Maryda 1-nji synpa baran okuwçylaryň sany geçen ýyldakydan tas 50% az boldy


Mekdep okuwçylary. Illýustrasiýa suraty
Mekdep okuwçylary. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda 1-nji sentýabrda täze 2023-2024-nji okuw ýyly başlandy. Balkan we Mary welaýatlarynyň orta mekdepleriniň ençemesinde şu ýyl 1-nji synpa baran okuwçylaryň sany görnetin az boldy. Bilim resmileri başlangyç synplar üçin göz öňünde tutulan synplaryň sanyny kemeldip, klaslary birleşdirmegi maslahat edýärler. Mugallymlar synplar kemeldilse, iş sagatlarynyň hem azaljakdygyny aýdyp, bu ýagdaýa özbaşdak çykalga tapmaga çalyşýarlar.

“Geçen ýyllarda başlangyç synplaryň her birinde 30-35 sany okuwçy bolýardy. Bu ýyl köp mugallym başlangyç synplarda okuwçylaryň azdygyny, hatda käbir synplarda olaryň sanynyň 20 çaga hem ýetmeýändigini aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Balkandaky habarçysy şuňa meňzeş ýagdaýa ýurduň günbatar welaýatynda hem synlasa bolýandygyny aýdyp, şu ýyl sebitiň iri şäherlerindäki mekdepleriň köpüsinde 1-nji synpa başlan okuwçylaryň sanynyň, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 40-50% az bolandygyny habar berýär.

“Türkmenbaşynyň 1-nji we 3-nji mekdepleri 1300 okuwça niýetlenendir, ýöne soňky 5 ýylda bulardaky okuwçylaryň sany 950-den köp bolmady. Bu mekdeplerde her synpda dört klas (a, b, ç we d) bar. Geçen ýyl bu dört klasyň her birine 27-29 okuwçy başlangyç synpa kabul edilipdi. Şu ýyl bolsa, a, b, ç we d synplaryň her birinde 12 okuwçy başlangyç synpa başlady” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Akdaş ýaşaýyş toplumyndaky 18-nji mekdepde şu ýyl birinji synpa baran okuwçylaryň jemi sany 9 çaga deň boldy. Olar bir klas üçin zerur bolan okuwçy sanyna hem ýetmeýär.

Bu ýyl birinji klasa 2017-nji ýylda doglan 6 ýaşly çagalar kabul edilýär. Marynyň we Balkanyň mekdepleriniň köpüsinde adatça bu çagalar üçin ýylda 3-4 klas düzülýär we olaryň hersinde 30-35 çaga bolýar.

Sebitdäki habarçymyzyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda bilim resmileri okuwçylaryň sanynyň azlygy zerarly başlangyç synplar üçin göz öňünde tutulan klaslaryň sanyny kemeldip, synplary birleşdirmegi maslahat edýärler.

“Etrap bilim bölümleri 3-4 klasy birleşdirip, diňe 2 klas edip okatmagyň üstünde işleýärler” diýip, balkanly çeşmämiz aýtdy.

Synplaryň sany kemeldilse, bu mugallymlaryň iş sagatlarynyň we zähmet haklarynyň hem azaljakdygyny aňladýar. Köp mugallym bu ýagdaýdan howatyrlanyp, munuň bilen bagly özbaşdak çykalga tapmaga çalyşýar.

"Maryly mugallymlaryň ençemesi öz okadýan başlangyç synplaryny saklap galmak we ony zerur bolan okuwçy sany bilen üpjün etmek üçin, dogan-garyndaşlaryndan çagalaryny öz okadýan synplaryna okuwa ýazdyrmagy haýyş edýär" diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli Bilim bölümlerinden we agzalýan mekdeplerden resmi kommentariý alyp bilmedi. Ýöne bu maglumatlar Türkmenistanda birinji synpa barýan okuwçylaryň sanynyň bir ýylda iki esse azalandygyny görkezýän resmi sanlaryň halk köpçüligine ýetirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

30-njy awgustda ýarym-resmi “Orient” neşiri Türkmenistanda täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde 76 müňden gowrak çaganyň 1-nji synpa okuwa barýandygyny mälim etdi. Bu san 2022-nji ýylda 159 müňden hem köpdi. Jemgyýetdäki demografiki proseslerden habar berýän bu resmi görkezijiler ýurduň ilatynyň 7 milliondan geçendigi barada türkmen häkimiýetleriniň yglan eden soňky sanlaryna ters gelýär.

Mekdeplere gatnaýan okuwçylaryň sanynyň az bolmagy, habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň sözlerine görä, Türkmenistanyň ilatynyň sanynyň köpelmän, gaýtam ýyl-ýyldan azalýandygynyň ýene bir şaýadydyr. Okuwçy sanynyň ýylsaýyn azalmagy mugallymlara bolan zerurlygyň hem kemelmegine getirýär.

“Mundan 5 ýyl ozal iňlis we himiýa sapaklary üçin mugallym ýetişmän, olaryň her biri 50 sagatdan okatmaga mejbur bolýardy. Häzir bu mugallymlara 12 sagatdan zordan ýetýär” diýip, balkanly çeşmämiz aýtdy.

Habarçylarymyz täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň heniz-de dowam edýändigi barada hem maglumat berdiler. Marydaky habarçymyz mekdepleriň golaýyndaky ýollarda bejeriş işleriniň, şol sanda pyýadalar üçin geçelgeleriň reňklenmeginiň dowam edýändigini aýtdy.

“Mugallymlaryň arasynda sapaklary doly bölünmedik, sapaklarynyň tertibi düzülmedikler hem bar. Käbir mugallymlar kän sapak aljak bolup, mekdep müdirine para berýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly çeşmämiz aýtdy.

Ýarym-resmi medianyň 26-njy iýuldaky habarynda ýurtda işleýän orta mekdepleriň umumy sanynyň 2 müňe golaýlaýandygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG